Gazagystanyň sudy ‘Mukaddes Russiýanyň’ gazak agzalaryna 5 ýyl kesdi
Bu barada Gazagystanyň Kargandy şäheriniň sudy 15-nji ýanwarda karar çykardy. 66 ýaşyndaky Uali Aliaskarow we 28 ýaşyndaky Mihail Tkaçýow özlerine garşy çykarylan bu karary şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.
Gazak sudy Aliaskarowyň we Tkaçýowyň ady mälim edilmeýän etniki toparyň wekillerini kemsidýän pikirleri, maglumatlary ýygnamak üçin Internetden peýdalanandygy we duşuşandygy barada karar çykardy.
Aliaskarow we Tkaçýow bu aýyplamalary ret edýärler.