Sinaý ýarymadasynda hristian erkegi atylyp öldürildi
13-nji ýanwar agşamy demirgazyk Sinaýyň paýtagty al-Arişde ýüzi perdeli üç adam tarapyndan amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.
Emma howpsuzlyk resmileriň bu hüjümde “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň hüjümlerine çalymdaşlyk bar diýýärler.
YD Müsüriň hristian azlygyny gaýta-gaýta nyşana alýar, olar 2016-njy ýylyň dekabryndan bäri guralan partlamalarda we atyşyklarda 100-den gowrak adamy öldürdiler.