Putin Sankt Peterburgyň söwda merkezinde bolan partlamadan soň güman edilýän terrorçylar 'ýok edilmeli' diýdi
Putin partlamanyň ertesi 28-nji dekabrda eden çykyşynda howpsuzlyk güýçleriniň potensial howp döredýän we terrorist bolmakda güman edilýänleri “ýok etmelidigini” aýtdy.
Derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petrenkonyň 27-nji dekabrda aýtmagyna görä, Perekrestok söwda merkezinde partladylan “elde ýasalan” bombanyň güýji 200 gram trotil ekwiwalentine barabar bolupdyr.
Resmileriň 27-nji dekabrda agşam aýtmagyna görä, partlamada ýaralanan 10 adamdan dokuz adam bejergi üçin keselhana iberilipdir.