“Ýaşap oturan otagymyzy gurçuklara berdik” - Türkmenistanda pile möwsümi başlaýar
Türkmenistanda daýhan hojalyklaryna we pileçi kärendiçilere borçnamalaýyn pile ýetişdirmek işlerine girişmek tabşyryldy. Ýurduň dürli künjegindäki sebit häkimiýetleri pile öndürijilere geljek hepdelerde ýüpek gurçuklarynyň paýlanyp başlanjakdygyny aýdyp, degişli iýmitlendiriş otaglaryny taýýarlamagy buýurdy.
Balkandaky habarçymyz günbatar sebitinde öndüriljek piläniň agramly böleginiň düşýän etraplarynda, ýüpek gurçugyna ideg etmek işlerine býujetçileriň hem mejbury çekilýändigini aýtdy. Ol sebitiň günorta-günbatar künjegindäki käbir etraplarda ýylylygyň we çyglygyň kadaly derejesini saklamaly degişli infrastrukturanyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, pileçileriň öz jaýlaryny hem ulanmaly bolýandyklaryny belledi.
Türkmenistanda pile öndürýän daýhan hojalyklary we kärendeçiler “Türkmenpagta” döwlet konserniniň kärhanalary bilen şertnama baglaşýarlar we, oňa laýyklykda, döwlet öňünde belli bir mukdardaky piläni ýetişdirmek barada borçnama alýarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji fewralda geçirilen Ministler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda ýurt boýunça jemi 2 müň 100 tonna çig pile öndürmek barada karar kabul etdi. Ýurtda pile öndürmek ulgamy döwlet tarapyndan dolandyrylýar we prezidentiň karary esasynda sebitler üçin anyk önümçilik borçnamalary bellenilýär. Pileçilik möwsümi adatça aprel aýynda başlap, maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.
“Balkana, geçen ýylky ýaly, 25 tonna pile öndürmek tabşyryldy. Bereket we Magtymguly etraplaryna arpeliň başky günlerinde, Gyzylarbada hem geljek aýyň ikinji ýarymynda ýüpek gurçugynyň paýlanjakdygy aýdyldy. Ýüpek gurçugynyň ýumurtgajyklary Hytaýdan getirilip, etraplardaky inkubasiýa laboratoriýalarynda saklanýar” diýip, Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynyň bir kärendeçisi 26-njy martda habarçymyza gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetiniň aýan edilmezligini soran söhbetdeşimiz welaýat üçin kegitlenen pile borçnamasynyň tas 80% göteriminiň, ýagny 20 tonna golaýynyň subtropiki tebigatly Magtymguly etrabynyň üstüne ýüklenendigini aýtdy.
Ol soňky ýyllar käbir pilleçi daýhanlaryň ýüpekçiligiň düşewüntsizdigini, şeýle-de ozalky tabşyran pilesi üçin pullarynyň gijikdirilip berilýändigini aýdyp, gurçuk ýetişdirmekden el çekendiklerini aýtdy.
“Döwlet ýetişdiren1 kg pilämiz üçin [gara bazar nyrhy boýunça] 1 dollardan sähel ýokary, 22,5-25 manat aralygynda pul töleýär. Egindeş kärendiçilerimiz munuň piläniň dünýe bazaryndaky bahalary bilen deňeşdirilende juda az bolýandygyny, siňdirlen yhlasa laýyk girdeji almaýandyklaryny aýdyp, umuman, ekerançylyk pudagyndan çykdylar” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
Habarçymyz, bu sebitde şu ýyl ýüpek gurçuklaryny almadyk kärendeçilere arçynlar tarapyndan, dilden görkezme esasynda, 600 manat aralygynda, resmi däl salgytlaryň salynýandygyny nygtady.
Ol, ozalky ýyllar-da hem bolşy ýaly, ýerli häkimiýetleriň kesgitlenen borçnamany dolmak üçin, býujetçileri, şol sanda bilim işgärlerini hem bu işlere mejbury çekip başlandygyny aýtdy.
“Mekdep direktory pilä ideg etjek mugallymlaryň sanawyny düzýär. Ýa boýun bolmaly, ýa-da adyňy sanawdan aýyrtmak üçin direktora para bermeli. Geňeş arçynlary adam başyna 10 gram tohum beriljekdigini, ondan 60 kg pile tabşyrmaly boljakdygymyzy aýtdy” diýip, ýerli bir mugallym gürrüň berdi. Ol gurçuklara garşy çykýan işgärleriň işden kowulmak haýbatlaryna sezewar edilýändigini sözüne goşdy.
Türkmenistanyň hökümeti hukuk toparlary tarapyndan dokma senagaty üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň önümçiliginde, hususan-da, pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.
Gurçuklar üçin "otag"Şol bir wagtda, borçnamalaýyn önümçiligi boýun alan balkanly kärendeçi, bu ýyl sebitde ýüpek gurçuklarynyň iýmiti üçin ulanylýan tut agaçlarynyň ýapraklarynyň bol ýetişendigini, emma olaryň sagdyn ösüşi üçin möhüm şert bolan kadaly termiki ýagdaýy we howanyň çyglylygyny üpjün eder ýaly niýetlenen ýöriteleşdirilen otaglaryň ýetmezçiliginiň “goşmaça kynçylyk” döredýändigini aýtdy.
“Biz jaýymyzyň iň amatly ýaşaýyş otagyny boşadyp, ony gurçuklara bermeli bolduk. Olary iýmitlendirmek we pile emele gelmek prosesi 25-30 gün dowam edýär. Ideg işine ýeke özüm däl, maşgalamyň başga-da dört agzasy gatnaşýar. Bir aý wagtyň dowamynda olaryň käbiri gijäni daşarda ýatyp geçirmeli bolýar. Eger-de hökümet pileçileriň hakyny artdyrsa, köp adamyň bu işlere meýletin gatnaşjakdygyny ynamly aýdyp bilerin” diýip ýerli kärendeçi sözüne goşdy.
Azatlyk Radiosy Balkanyň gürrüňi edilýän sebitleriniň häkimliklerinden kärendeçileriň pile ýetişdirmedäki duş bolýandygyny aýdýan meseleleri, şeýle-de býujet işgärleriniň mebury ideg işlerine çekilmegi boýunça tewsir almak synanyşyklary netije bermedi. Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we media azatlygyny berk çäklendirýän ýurtlaryň biridir.
Türkmenistanda pile önümçiliginde iň uly paý Lebap we Mary welaýatlaryna düşýär. Şu ýyl Ahalda 80 tonna, Balkanda 25 tonna, Daşoguzda 500 tonna, Lebapda 1 müň 010 tonna we Maryda 485 tonna çig pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.