Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Dünýäniň ‘iň geň ýurdy’ syýahatçylykda täze döwre ‘gadam basýar'

Türkmenistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň täze tapgyryna gadam basýar diýip, türkmen metbugaty ýene bir gezek ýurduň syýahatçylar, şol sanda soňky 30 ýylda daşary ýurtlara göçen türkmenistanlylar üçin bolmanda ýylda birki hepdelik açylmak ähtimallygyny yşarat edýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daşary ýurtly türkmenleriň biri ýurduna ene-atasynyň mazaryna zyýarat etmek üçinem baryp bilmeýändigini aýtsa, başga bir ýaş türkmen wiza çäklendirmeleri gowşasa, her ýyl baryp, çagalara iki-üç hepde mugt IT ýa-da iňlis dili sapaklaryny bermek arzuwyny edýändigini gürrüň berdi.
14–16-njy aprel aralygynda Aşgabatda gçiriljek halkara syýahatçylyk forumyna we sergisine -“Turkmentravel – 2026” - dünýäniň dürli sebitlerinden 100 wekiliň, milli syýahatçylyk pudagyndan bolsa 60 hünärmeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň ýokary derejede guralmagyny we ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ýokary derejede görkezilmegini tabşyrdy.
Dünýäniň 'iň geň ýurdy'Şu aralykda Türkmenistana sapar edip, öz taýýarlan wideo maglumatyny “Dünýäniň iň geň ýurduna syýahat” diýip atlandyran Matt we Julia juda kynlyk bilen baryp bilen ýerinde, türkmen topragynda gören zatlaryna gaty geň galyp, onuň köplenç öňki Sowet Soýuzynyň ‘iň üzňeleşdirilen we dünýäde iň az sapar edilen ýurt hökmünde häsiýetlendirilýändigini’ aýdan ilkinji syýahatçylar däl. Olaryň wideosyna bir ýyldan gowrak wagtda 500 müňden gowrak adam tomaşa edipdir.


Daşary ýurtda ýaşap, dünýäniň köp ýurduna syýahat eden ýaş türkmeniň aýtmagyna görä, başga bir tarapdan seredilende, bu häsiýetlendirme Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy üçin örän gowy ‘reklama’, wagyz, mahabat bolup, türkmen ýolbaşçylary ondan ykdysady bähbit üçin peýdalanmak isleseler, birki ýylda uly girdeji gazanyp bilerler.
Emma ýerli synçylar, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen pikirini paýlaşan ýaşaýjylar bu forumyň nobatdaky çäre bolup galmagyndan, girdeji getirmän, ýene-de diňe çykdajy bolmagyndan howatyr edýärler.
Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy Türkmenistanyň ‘dünýäde iň bir ýapyk döwletleriň biri’ adyny güne ýatyp gazanmandygyny aýtdy we bu ýurda gelip bilen az sanly syýahatçylaryň geň galmaga dogrudanam hem ‘haklydygyny’ belledi.
“Türkmenistana syýahatçy hökmünde goýberilýän daşary ýurt raýatlary berk gözegçilik astynda bolýar. Olar ýurduň çägine girip, tä gaýdýançalar myhmanlara ýörite berkidilen adamlar, Migrasiýa gullugynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bilen bile bolmaly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, syýahatçylar öňünden kesgitlenen belli-belli ugurlar boýunça hereket edip, hemişe göz astynda bolýar, hiç bir hereketleri ünsden düşürilmeýär, hatda edýän gürrüňleri hem berk diňlenýär.
Azatlyk bu aýdylýanlar barada ne Migrasiýa gullugyndan, ne-de MHM-den resmi düşündiriş alyp bilýär.
Ýapyk ýurduň 'açyk meselesi'Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda ilata we daşary ýurtdan gelenlere edilýän ‘berk gözegçilik’ diýilýäni ýene bir söhbetdeşimiz tassyk etdi:
“Adamlaryň hor-homsy ýagdaýyny, pursatlary wideo we foto surata düşürmegiň öňüni almak, türkmenistanyň raýatlary bilen sorag-jogap alyşmagynyň we gürleşmeginiň öňüni almak üçin, myhmanlaryň ýany hemişe adamly bolýar. Ogry hemişe gorkuda diýlişi ýaly, hökümet hem öz aýybynyň ýaýramagyndan, äşgär bolmagyndan hemişe gorkuda bolýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň agzyny ýapdyranyň bilen bolanok, mesele açyklygyna galýar.”


Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylara edilýän berk gözegçiligiň ýa-da şübeli ‘myhmansöýerligiň’ saklanyp galmagy ‘ýurduň abraýyny gaçyrýan maglumatlaryň’ ýurt daşyna çykarylmagynyň öňüni almak aladalary, ýokary ýolbaşçylaryň ‘köne sowet düşünjesi’ bilen bagly bolup görünýär
Häzirki zaman şertlerinde, daşary ýurtly türkmeniň pikirine görä, hiç bir ýurtdaky ýagdaýy gizlin saklamak, adamlary döwlet eýeçiligindäki metbugatyň propagandasy bilen aldamak mümkin däl, muny türkmenistanlylaryň sosial media syzdyrýan wideolary, wideo ýüzlenme bilen çykyş edýän şikaýatçylar hem tassyklaýar.
2007-nji ýylda häkimiýet täzeleneli bäri, Türkmenistanda ýurduň iň bir agyr meseleleriniň biri bolup galýan syýahatçylygy ösdürmek hakynda yzygiderli gürrüň edilýär, forumlar geçirilýär.
Kitapda galan, durmuşda ýalan sözlerTürkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2013-nji ýylda “Türkmenistan syýahatçylyk ýurdy” diýen at bilen çap eden kitabynyň söbaşsysynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan, “syýahatçylyk jähtden seredilende, möhüm syýahatçylyk ulgamynyň eýesi bolan medeni-taryhy we etnografik gymmatlyklara baý ýurtlaryň biri” bolup, täsin tebigatly künjeklere, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ülke bolup durýar.
Şeýle-de, bu kitapda daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistany gowy tanamagynyň has ygtybarly ugrunyň olaryň bu ülkä “syýahatçylyk etmegidigi”, ýagny bu ýurda gelip, ýurt, onuň halky bilen tanyşmagydygy nygtalýar.
Emma hökümetiň iň uly derejeli ýolbaşçylarynyň dili bilen aýdylýan sözlere, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “halkara hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek we ýurduň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksatlaryna” garamazdan, Türkmenistan isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň aglaba köplügi, şol sanda etniki türkmenler üçin hem, berk wiza talaplary zerarly, tejribä görä, baryp bolmaýan ýurt bolup galjaga meňzeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan ýaly wiza düzgünini dünýä ölçeglerine golaýladan ýurtlaryň her birine geçen ýyl 10 milliondan 15 milliiona çenli syýahatçy geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net