Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' raýatlary uly töwekgelçiliklere itekleýär

Türkmenistanyň banklary, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarlaryna görä, häzirki zaman bank hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär, emma ýaşaýjylar ýurduň maliýe ulgamyndaky gümürtik ýagdaýlaryň, şol sanda bank hasaplarynyň ýapylmagynyň, ‘kölege karz bazary’ diýilýäniň barha giňemeginiň adamlary örän agyr hala salýandygyny aýdýarlar.
Resmi habarlara görä, Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan milli walýutada berlen karzlaryň umumy möçberi 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli 100,1 milliard manada (28,6 milliard dollar) ýetdi.
“Trend” habar agentliginiň Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu bir aý ozalky 98,6 milliard manatdan (28,2 milliard dollar) ýokary bolup, 1,5% ösüş görkezýär.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar türkmen hökümetiniň ýaýradýan resmi habarlarynyň köplenç bir taraply bolup, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny öz içine almaýandygyny öňe sürýärler.
Hasaplatyň baglanmagy, korrupsiýa 'uly meselä öwrülýär'Bank hasaplarynyň köpçülikleýin ýapylmagy, resmi kredit hyzmatlarynyň aşa kynlaşdyrylmagy we korrupsiýa ýagdaýlary Türkmenistanda resmi däl karz berijileriň, ‘süýthorlar’ diýilýänleriň köpelmegine getirýär diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen raýatlar aýtdylar. Olaryň tassyklamagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň ‘gözüniň alnynda çylşyrymlaşan’ maliýe ýagdaýlary ilatyň goly ýuka gatlagyny uly töwekgelçiliklere sezewar edýär.


Bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýar. Emma sosial ulgamlarda peýda bolýan we birazdan öçürilýän zeýrençli wideolar raýatlaryň düşýän kyn ýagdaýlaryny tassyklaýar. Mysal üçin, bir raýat TikTokda bank hasabynyň ýapylandygyny aýdyp, wideo ýazgy çap etdi. Birnäçe günden öçürilen wideonyň mazmuny soň beýleki ulanyjylar tarapyndan giňden paýlaşyldy.
“Men şol wagt daşary ýurtda işleýärdim. Daşary ýurda çykmak üçin hem karz pul gerek boldy. Şol karz puly almak üçin Türkmenabatdaky Halkbankdan kredit üçin oçura durdum. Kredit aljak wagtym araçy adamlara para bermek mejburyýetinde galdym. Ýagny, 50 million gerekdi, şonuň 10 millionyny araçy adama berip, şol krediti aldym” diýip, türkmen raýaty, il içinde adat bolşy ýaly, köne puldaky san birliklerini ulanyp aýdýar. Howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň öz sesini bermeýäris.
Bu ýyl aýlyklaryň, pensiýa we kömek pullarynyň 10% hem köpelmezligi bilen, inflýasiýanyň we daşarky ykdysady faktorlaryň täsiri astynda, daşardan getirilýän harytlar, ýurt içinde öndürilýän önümler has gymmatlady, kyn ýagdaýda galan adamlaryň karz almakdan, bergi-borja girmekden başga alajy galmady diýip, çeşmeler aýdýar.
Bankdan karz almak üçin 'köplenç para bermeli bolýar'Anonimlik şertinde gürleşen raýatlaryň tassyklamagyna görä, bankdan karz almak köplenç resmi däl tölegler, ýagny para bermek zerurlygy bilen ‘utgaşýar’ .
"Para bermek üçin hem para bermeli boldum. Häzirki wagtda durmuşym diňe karz üzmek bilen geçýär. Karzy wagtynda üzmeseň, bank kartlaryň bloklanýar. Beýle ýagdaýda tölegi diňe nagt görnüşinde geçirmeli bolýar, emma karzy özümize nagt däl görnüşde berdiler" diýip, lebaply ýaşaýjy ogluny harby gullukdan boşatmak üçin araça 4 müň dollar para bereninden soň düşen ýagdaýyny gürrüň berdi.
Daşary ýurtlaryň birinde işleýän Myrat hem Azatlyga türkmen bankyndan karz alandygyny, zähmet migrantlarynyň köpüsiniň maşgala çykdajylaryny üpjün etmek üçin banklara ýüz tutmaga mejbur bolýandygyny aýtdy.
Ýurtda bugdaý ekip, hasyl ýetirişdirip, petiklenen bank kartyny açdyryp bilmeýän adamlar hem bar. Mysal üçin, tejenli daýhan adamlardan, şol sanda prezidentden kömek sorap çap eden wideo ýüzlenmesinde “kartymy bloklapdyrlar, aýlyk kartymy, aýma-aý girdeji bolmasa bolanok. Çagalaryma men bir zat iýdirmeli... Başga girdejim ýok” diýip, öz ýagdaýyny düşündirýär.


Düşnüksiz ýeri, bankyň başlygy oňa kartynyň bergi sebäpli petiklenendigini aýdypdyr we ‘getiriň, görkeziň, bergim bolsa tölejek’ diýenine garamazdan, ‘men jogap beremok’ diýip, hiç bir kömek edip bilmändir. Şeýle-de, daýhan Tejendäki prokuratura ýüz tutandygyny, bu ýerden hem hiç bir kömek alyp bilmändigini, resmileriň meseläni bir-biriniň üstüne atyp, adamlaryň möhümini asla bitirmeýändigini gürrüň berýär.
Iş bilmeýän işgärler 'umumy nägileligi güýçlendirýär'Ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, döwlet edaralarynyň köpüsinde öz işlerini gowy bilmeýän, wezipe borçlaryna düşünmeýän adamlar işleýär we bu ýagdaý ilatda hökümet ýolbaşçylaryna bolan nägilelikleri güýçlendirýär.
Banklarda döredilýändigi aýdylýan emeli kynçylyklaryň fonunda Türkmenistanda resmi däl karz berijileriň, ýagny araçy şahslaryň işjeňligi ýokarlanýar, internetde ýerleşdirilen bildirişleriň käbirinde uly möçberde karz almak mümkinçilikleri barada gürrüň edilýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen häzir Türkmenistanda resmi däl maliýe bazarynyň giňeýändigi barada aýdylýanlar bilen ylalşdy. Onuň pikiriçe, bank ulgamyndaky çäklendirmeler, ilatdaky ynamyň peselmegi we maglumat ýetmezçiligi adamlary alternatiw çözgüt gözlemäge iterýär.
Şol bir wagtda, hünärmen araçy hyzmatlarynyň köplenç gümürtik bolýandygyny, karz şertleriniň doly düşündirilmeýändigini, göterimleriň we goşmaça tölegleriň gizlin saklanylýandygyny, netijede, karz alyjylaryň hukuk taýdan goragsyz, uly töwekgelçilik astynda galýandygyny belledi.
Onuň pikiriçe, nagt pul dolanyşygynyň ýokary derejede saklanmagy, bank hyzmatlarynyň elýeterliliginiň çäkli bolmagy we ilatyň maliýe sowatlylygynyň pesligi, maglumat ýetmezçiligi gyssanmaç hereket edýän adamlary aldawçylaryň toruna düşürýär.
Araçylar köplenç özlerini daşary ýurt banklary ýa-da iri kompaniýalar bilen baglanyşykly diýip görkezýär, daşary ýurt telefon belgilerini ulanmak ýa-da galp resminamalary görkezmek arkaly ynama girmäge çalyşýarlar diýip, hünärmen duýdurdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada resmi resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net