Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Prezidentiň 'çykanynyň' Dubaýdan awtoulag getirip bermek wadasyndan aldanan müşderiler arzyny eşitdirmek isleýärler

Türkmenistanda ençeme adam daşary ýurtdan awtoulag getirip bermegi wada beren kärhanadan aldanandygyny aýdýar. Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türkmenistanlylaryň biri şertnamada görkezilen 3 aýa derek 1,5 ýyl garaşandygyny, emma özüne ne ulagyň, ne-de pulunyň yzyna gaýtarylyp berlendigini gürrüň berdi we meselesi çözülip, günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini isleýändigini aýtdy.

"Biz daşary ýurtdan awtoulag sargamak üçin, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ofise bardyk we şertnama baglasyp sargyt etdik. Bizin awtoulagymyz 3 aýyň dowamynda gelýär diýdiler, eger gelmedik ýagdaýynda siziň puluňyz gaýtarylýar diýip, ofisiň işgäri bizi ynandyrdy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy bir ýarym ýyl mundan ozal özüniň ulag satyn almagyna degişli ýagdaý barada gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran türkmenistanly Dubaýdan awtoulag getirip berýän şirketiň reklamasyny Tik-Tokda eşidendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, reklamada müşderileriň barmaly adresi görkezilip, firmanyň ady agzalmandyr, şeýle-de bolsa, ol kärhananyň awtoulag getirip bermek wadasyna ynanyp, 8 müň amerikan dollaryna golaý pul töläpdir. Ol şirketiň wadasyna ynanmagynyň sebäbini şeýle düşündirdi:

"Sebäbi kärhanada bizin başlygymyz Nurýagdy Baýramow, ol Türkmenistanyň prezidentiniň çykany diýdiler. Biz hem arkaýyn bolup, Nurýagdy Baýramow biz bilen şertnama baglasyp, puly [gara bazar nyrhy] boýunça manatda alyp galdy. Galan puly maşyn gelensoň bermeli diýip, şertnamada belledi" diýip, türkmenistanly aýdýar.

Onuň sözerine görä, garaşan awtoulagy gol çekilen şertnamada görkezilen üç aýda gelmändir, bir ýyldan hem gelmändir. Şondan soň ol kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutup başlapdyr.

"Üç aý geçensoň barsak 'maşyn geler, geler, garasyň' diyip her hili sözler bilen ynandyrdylar, şeýdip 1 ýyl geçdi awtoulagymyz gelmedi, ahyrsony Aşgabadyň säher prokuraturasyna we Türkmenistanyň Bas prokuraturasyna ýüz tutdyk, olar hem çäre görmediler, ýene bäş aý bäri bizin arzalarymyz boýunça is geçirman yza çekip gelýärler, sebäbi Nurýagdy Baýramowy tutuş Aşgabat tanaýar, adyny eşitseler, raýatlary günälap goýýarlar" diýip, türkmenistanly aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şu günler arz-şikaýat bilen Aşgabadyň kanun goraýjy edaralaryna gatnaýan adamlaryň sany 200 golaý. Olar ýurduň dürli welaýatlarynyň ýaşaýjylary.

Awtoulag söwdasy barada müşderiler bilen şertnama baglaşan şirketiň ady hiç ýerde görkezilmeýär, emma onuň ýerleşýän ýeri Buzmeýin etrabynyň Täze gurtly ýaşaýyş jaý toplumy. Bu şirkete degişli käbir maglumatar mälim boldy. Şitketiň işinden gönüden-göni habarly çeşmäniň Azatlygyň aýtmagyna görä, kärhana noýabr aýynda ýapylypdyr we muňa "aldanan raýatlaryň şikaýatlary" sebäp bolupdyr.

Bu aralykda şirketiň wadasyndan aldanandygyny aýdýan müşderiler kanun goraýjy edaralara eden şikaýatlaryndan kanagatlanmaýandygyny aýdýarlar.

"Işimizi etrap polisiýasyna geçirdiler. Arzalarymyzy täzeden ýazdyryp, Nurýagdy Baýramowy ol bir işgär diýip, jebir çeken edip gorkezip täze iş açdylar. Ol puly Dubaýda Meýlis atly mahabat beren oglana geciripdir, diýip onuň üstüne ýüklediler" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Meýlisiň Tik-Tok hasabynda soňky maglumatlar 20-nji ýanwarda goýlupdyr. Şol maglumatda ol kärhananyň işiniň tiz wagtda "birnäçe günden" we "has kämilleşdirilen görnüşde" dowam etdiriljegini aýdýar. Hasapdaky teswir bölümi häzir petikli dur. Meýlisiň familiýasy görkezilmeýär.

Aşgabatdaky kärhananyň ýagdaýyndan habarly bir çeşme Meýlisiň fewralyň başlarynda Dubaýda tussag edilendigini Azatlyga aýtdy. "8-9-na ýygnandy, suda garaşýar" diýip, çeşme onuň "Dubaýda arz eden adamlaryň şikaýaty" boýunça tussag edilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryna arz-şikaýat bilen ýüz tutan türkmenistanlylar öz pullaryny ýitirendigini aýdyp, meselesiniň düýpden çözülmeýändigine nägile bolýarlar we arzyny eşitdirmek üçin nirä ýüzlenjegini bilmeýändigini belleýärler.

"Bizden Nurýagdy Baýramow pulumyzy elimizden sanap aldy, biz Meýlis atly oglany tanamyzok. Biz ençeme adam bolup, her aý Bas prokuraturasyna, Adalat ministrligine ýüz tutup meselämizi düşündirýäris. Bizden Nurýagdy Baýramow pulumyzy aldy, bize pulumyzy Nurýagdy Baýramow bersin diýýäris, welin organ işgärleri 'hawa Nurýagdy Baýramow bermeli bolsa berdireris diýip ugradýarlar, emma iki günden baryp habar tutsak, Baýramowyň günäsi ýok diýýärler. Biz indi näme etjegimizi bilemzok" diýip, aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Şeýle-de ol "haýyş, prezidente ýetiriň bu ýagdaýy" diýip sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan şertnamanyň nusgasynda satyjy diýlen ýerde Nurýagdy Baýramowyň ady görkezilip, goly goýlupdyr. Nurýagdy Baýramowyň prezident bilen nähili garyndaşlygynyň bardygyny anyklap bolmady. Baýramowyň özi bilen hem habarlaşyp bolmady. Onuň telefon nomeri petikli dur.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net