Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Ene-atalar çagalarynyň mekdepde tapan 'bit derdine' derman gözleýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Lebap sebitindäki habarçymyz Çärjew etrabynyň birnäçe orta mekdebinde bit aladasynyň güýçlenendigini, ene-atalaryň bite garşy göreşde serişde tapman kösenýändigini habar berýär. Okuwçylaryň ene-atalary ilki iki-ýeke çaganyň saçynda tapylýan bitleriň beýleki çagalara hem geçip, sebitdäki bit ýörişiniň has giňemeginden alada galýarlar we degişli gulluklaryň geleňsizliginden nägile bolýarlar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň we mugallymlaryň tassyklamagyna görä, bu alada soňky hepdelerde has-da güýçlendi. Synplaryň käbirinde birbada birnäçe okuwçynyň saçyndan bit tapyldy diýip, ýerli çeşme aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýerli sanitariýa we epidemiologiýa gullugy ene-atalaryň bildiren aladasynda wagtynda ‘baş galdyrmaýar’.
Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebinde okaýan okuwçynyň enesi agtygynyň saçyndaky bitlerden dowla düşüp, beýleki ene-atalar we mugallymlar bilen habarlaşandygyny gürrüň berdi. Şonda oňa bu bit meselesiniň diňe bir okuwçynyň okaýan synpyndaky alada bolman, etrabyň beýleki mekdeplerinde hem ‘kellagyra öwrülendigini’ aýdypdyrlar.
Mugallymlar bit barada dymmagy soraýarlar"10-njy synpda okaýan agtygymyň saçyna bit düşdi. Synpdaşlaryndan we mugallymlardan sorasam, munuň etrabyň köp mekdebinde duş gelýändigini aýtdylar. Geň ýeri, mugallymlar bu barada sanitariýa gullugyna hiç zat aýtmazlygy soraýarlar. Biz ene-atalar bolup, degişli gulluga ýüz tutduk. Aradan bir hepde geçse-de, hiç hili çäre görülmedi" diýip, etrap ýaşaýjysy habarçymyza aýtdy.


Okuwçylaryň arasynda ýaýran bitler baradaky aladany Çärjew etrabynyň 6-njy, 20-nji, 22-nji, 31-nji mekdepleriniň, şeýle-de Farap şäherindäki 2-nji mekdebiň okuwçylary we mugallymlary hem tassyklady.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, mekdeplerde bu mesele barada açyk gepleşmekden, gürrüň etmekden gaça durýarlar. Mugallymlaryň käbiri ene-atalar bilen gürleşende, bitleriň çagadan çaga geçýändigi barada gürrüň etmezligi soraýar. Olar bu gürrüňleriň resmi edaralara ýetmeginiň mekdep ýolbaşçylary üçin ‘goşmaça kellagyry döredip biljekdigini’ aýdýarlar.
Etrap ýaşaýjylarynyň biri habarçymyz bilen söhbetdeşlikde özüniň we tanyşlarynyň sanitariýa gullugynyň işinden örän nägiledigini aýtdy:
"Sanitar gulluk hemişe şeýle. Olara ýüz tutmagyň peýdasy ýok diýen ýaly. Döwlet edaralaryna problema diýip aýdylýan zatlaryň köpüsi kagyz ýüzünde galýar. Adamlar soň öz alajyny özleri gözlemeli bolýar."
Adatça bolşy ýaly, ene-atalar mekdep okuwçylarynyň arasynda ‘güýçlenen bit ýörişinden’ öz güýçleri bilen goranmaga çalyşýarlar diýip, bir ýaşaýjy aýtdy we, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, adamlarda ne ýeterlik puluň, ne-de etraplarda elýeter bahadan satylýan derman-däriniň, arassaçylyk serişdeleriniň bardygyny belledi.
Bazarda satylýan arzan serişdeler netije bermeýär22-nji mekdebiň okuwçysy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde bazarlarda ‘bite garşy’ diýlip satylýan arzan serişdeleriň köplenç netije bermeýändigini, gury çykdajy bolýandygyny gürrüň berdi:
"Bazarda Hytaýdan getirilen arzan şampunlar satylýar, ýöne olar kän kömek edenok. Türkmenabadyň ‘Gök’ bazarynda rus harytlarynyň arasynda gymmadrak serişdeler bar, ýöne olary hem her maşgala alyp bilmeýär."
Etrabyň 6-njy we 33-nji mekdepleriniň okuwçylary we olaryň ene-atalary ‘bit basgysyndan dynjak bolýan adamlaryň käbiriniň çykalga gözläp, howply usullara hem ýüz urýandygyny gürrüň berdiler.


"Käbir adamlar köne, ýaşuly adamlardan eşiden usullaryny ulanýar. Öňler bitden saplanmak üçin kerosin ulanylýardy. Emma indi ony tapmak kyn. Käbirleri wodorod peroksidini saç boýagy bilen garyp, bite garşy derman edip ulanýar. Hatda 9 göterimlik ergin ulanyp, çaganyň kellesini ýakýan halatlary hem bolýar. Eli ýuka maşgalalaryň käbiri tarakan ýa-da garynja öldürýän serişdeleri ownadyp, şampun ýa-da suw bilen garyp ulanýarlar" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu synanyşyklar diňe bir netije bermän goýmaýar, eýsem çagalaryň saglygyna wehim salyp, howply ýagdaýlaryň emele gelmegine sebäp bolýar.
Käbir maşgalalar başga alaç tapman, çagalarynyň saçyny syrdyrmaly bolýar, ýorgan-düşek daşlyklaryny otlap, bitden dynjak bolýanlar hem az däl.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen ýaşulusy 1941-45-nji ýyllaryň urşundan soňky ýyllarda ýetişen oglanlaryň balaklarynyň bitlerini tamdyr oduna kakyp ýakandyklaryny we bu ýagdaýyň soň, adamlaryň garnynyň doýmagy bilen galandygyny gürrüň berdi.
Türkmenistan ýurtdaky işsizligi we garyplygyň derejesini açmaýar. Halkara zähmet guramasynyň 2024-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, Türkmenistanda işleýän ilatyň takmynan 47% -I, işleýändigine garamazdan, örän garyp, orta derejede garyp ýa-da garyplyga golaý derejede ýaşaýar.
Saglyk hünärmenleri wagtal-wagtal möwjeýän ‘bit ýokuşmasyny’ mekdeplerdäki arassaçylyk gözegçiliginiň gowşaklygy, okuwçylaryň köpçülikde uzak wagtlap bir ýerde bolmagy we degişli dezinfeksiýa işleriniň geçirilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Türkmen häkimiýetleri, şol sanda saglyk resmileri ýurtdaky keselçilik ýagdaýlary barada garaşsyz neşirlerde çykýan habarlara açyk düşündiriş bermeýär.
Maglumat üçin aýtsak, bit we bitlilik barada türkmen dilinde jemlenen anyk we gyzykly maglumatlary "Saglyk" žurnalyndan tapyp bilersiňiz.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net