Maryda 'pristroýkalar' ýykylýar, Türkmenabatda dükanlar ýumrulýar
Mary şäherinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň birinji gatlarynda goşmaça salnan otaglar-pristroýkalar we köpgatly jaýlaryň öňündäki baglar ýykylyp aýrylýar. Ýaşaýjylar özbaşdak guran bu otaglarynyň ýumrulmagynyň öňüni almak üçin çäre görmäge synanyşýarlar, şol sanda häkimiýetlere ýüz tutýarlar.
Edil şu günler şäheriň birnäçe ýerinde, şol sanda Kemine, Magtymguly we Atabaýew köçelerinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň öňündäki pristroýkalary aýyrmak boýunça işler geçirilýär, ösüp-gülläp duran agaçlar we güller çapylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň bu barada 23-nji martda beren maglumatlaryna görä, ýaşaýjylar ýumrulan goşmaça otaglarynyň materiallaryny satyp, çeken zyýanynyň öwezini azaltmaga synanyşýarlar.
"Pristroýkalaryň materiallaryny adamlar deger-degmeze satýarlar. Howlularyň içi ýykan-ýumran" diýip, habarçymyz bilen gepleşen maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Howlusy ýumrulan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, jaý eýelerine öz guran goşmaça otaglaryny aýyrmak barada ilki öý dolandyryş edaralaryndan buýruk berlipdir. Soňra polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanyp, bir hepdäniň dowamynda pristroýkalar aýrylmasa "gönüden-göni ýykyljakdygy" barada duýduryş berlipdir.
'Rugsat berlipdi'Emma ýaşaýjylar öz goşmaça otaglaryny gurdurmak üçin öňünden rugsat alandygyny aýdýarlar.
"Pristroýkalara öň şäher häkimlikleri tarapyndan rugsat berlipdi. Ýagny pristroýkalary gurmak üçin kwartiranyň eýesi häkimlige pul berip, şol goşmaça ýeri satyn alandygy barada, ýagny ony resmileşdirendigi barada kagyzlary bar" diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Mary şäherinde köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň öňünde goşmaça otaglaryny guran ýa-da bag eken ýaşaýjylaryň ençemesi bar. Indi olaryň ýumrulmagyndan howatyrlanýan ýaşaýjylar köpçülikleýin häkimiýetlere ýüz tutup, ýykmazlygy soraýarlar.
'Ýaşamaga başga ýer ýok'Käbir ýaşaýjylar ýaşamaga ýer ýok diýýärler.
"Biz iki otagly jaýda 16 adam bolup ýaşaýarys, ýagny ata-ene 3 oglum, 3 gelnim, 8 sany agtygym bilen gysylyşyp ýaşaýarys. Jaý satyn alyp çagalarymy göçürmäge pul ýagdaýymyz bolmansoň, öz ýaşaýyş jaýymyzyň daşyna goşmaça otag gurduryp, jaý satyn almaga mümkinçilik döreýänçä ýaşap otyrys" diýip, maşgala başy gürrüň berdi.
Ol maşgalada kireýe jaý almaga maddy mümkinçiligiň ýokdugyny we jaý we ýer almak üçin ýazylan nobatyna 20 ýyl bäri garaşýandygyny aýtdy.
'Dem-dynç almak üçin gül ekdim'Maryly ýene bir ýaşaýjynyň gürrüň bermegine görä, ol birinji gatda ýaşaýan öýüniň öňünde dynç almak üçin bag ekip, daşyna haýat aýlapdyr.
"Meniň demgysma keselim bar. Men daşyna goşmaça jaý däl-de reşotka aýlap, içine tapjan gurnadym we bag-bakja, gül ekdim. Men tomusda dem almagym kyn günleri daşary çykyp, howadan dem alyp oturmasam bolanok. Men hem welaýat häkiminden bag-bakjaly, gülli mellegimi ýykmazlygy soramak üçin häkimlige ýüzlendim" diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
Emma aladaly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimlikde arzaçylary kabul etmändir. "Adamlar her gün welaýat häkimliginiň gapysynda häkim bilen görşüp- gürleşmek niýeti bilen garaşyp oturýarlar, emma kabul edilmeýär we we günde 'häkim ýerinde ýok', 'iş saparynda' diýen jogaplary eşidip, gaýdýar" diýip, häkimlige baran ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosy hem Mary welaýat häkimliginden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Edaranyň websaýtynda görkezilen telefon belgilerinde jogap berilmedi. Emma edaranyň işgärleri pristroýkalaryň ýykylmagy bilen bagly mesele boýunça ýüz tutýan ýaşaýjylaryň köpdügini anonimlik şertinde habarçymyza tassykladylar. Olaryň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylar özlerini örän aladaly alyp barýar, bir zenan hatda "öz janyna kast etmek" haýbatyny atypdyr.
Azatlyk bilen gepleşen maryly ýaşaýjylar adamlaryň guran goşmaça otaglary we baglary ýumrulýarka, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň ýerinde gurlan dükanlara we kafelere rugsat berilýändigine ünsi çekip, nägile bolýarlar.
Türkmenabatda dükanlar ýumrulýarBu aralykda Lebabyň administratiw merkezinde şu günler dükanlar ýykylýar.
Azatlygyň welaýatdaky çeşmeleri Türkmenabatda onlarça dükanyň ýykylandygyny olaryň, esasan "Üçünji kwartal" we "Suw toplumy" diýlip atlandyrylýan etrapçalaryň arasyndaky köçelerde, şeýle-de 80-nji döwlet azyk harytlary dükanynyň golaýyndaky köçede ýerleşendigini habar berdiler. Mundan başga awtoulaglaryň gatnaýan esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşýän birnäçe söwda nokatlary hem ýykylypdyr.
Türkmenabatly telekeçileriň sözlerine görä, ýykylan dükanlaryň arasynda azyk harytlaryny, mebel, öý tehnikasyny, kosmetikany satýan söwda nokatlary, tikinçilik hyzmatlaryny, fotosurat we terjime hyzmatlaryny hödürleýän desgalar we naharhanalar bardy.
"Bize aýdylyşyna görä, ýaşaýjylar zerur harytlary etraplaryň has iç tarapyndaky dükanlardan, söwda merkezlerinden ýa-da bazarlardan satyn almaly diýlip, buýruk berlipdir. Bu gürrüň şäheriň içinde tiz ýaýrady" diýip, ýerli telekeçileriň biri Azatlyga gürrüň berdi.
Telekeçiler, "bu çäreler şäher häkimliginiň görkezmesi bilen alnyp barylýar" diýlip, özlerine aýdylandygyny gürrüň berdiler. Emma Azatlyk Radiosynyň Türkmenabadyň häkimliginden bu ýagdaýlar barada teswir almak boýunça eden synanyşygy oňyn netije bermedi.
Dükanlary ýykylan telekeçiler öz işini dowam etdirmek üçin täze ýer tapmaga synanyşýarlar. Olar täze söwda nokadyny açmagyň aňsat däldigini belläp, korrupsiýa töwekgelçiliginiň bardygyny aýdýarlar. "Täze ýer almak üçin täzeden para bermeli boljagyna meňzeýär" diýip, söhbetdeşleriň biri aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar dükanlaryň ýykylmagynyň özleri üçin oňaýsyzlyk döredendigini aýdýarlar.
"Biz köplenç bazara gitmezden şu ýerdäki dükanlardan et we beýleki azyk önümlerini satyn alýardyk. Dükan eýeleri bizi tanardy, käte karzyna hem haryt bererdiler" diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Mundan öň Türkmenabatda ýaşaýjyş jaýlaryň öňündäki pristoýkalar hem ýykylypdy. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryna goşulyp gurlan pristroýkalaryň, şeýle hem köne bir we iki gatly jaýlaryň ençemesiniň ýykylandygyny habarçylar 30-njy dekabrda habar beripdi. Şonda maşgalalaryň onlarçasy sowukda köçeden galmak howpuna duçar boldular.
Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň öňündäki pristroýkalaryň we hususy dükanlaryň köpçülikleýin ýumrulmagy on ýyla golaý wagt mundan öň başlandy. Şodan bäri häkimiýetler guramaçylykly we köpçülikleýin görnüşde wagtal-wagtal geçirilýän bu çäreleriniň sebäplerini resmi taýdan düşündirmediler. Resmileriň käbir çykyşlarynda "şäherleri abadanlaşdyrmak" we "görki bozýan" zatlary ýok etmek ýaly maksatlar agzalypdy. Şeýle ýagdaýlar paýtagt Aşgabatda we ýurduň beýleki iri şäherlerinde bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.