FH: Türkmenistan dünýäde iň azat däl ýurtlaryň biri bolmagynda galýar
"Freedom House" guramasynyň 2026-njy ýylda Dünýädäki Azatlyk boýunça täze çap eden reýtinginde Merkezi Aziýanyň sowetlerden soňky bäş döwletiniň ählisi "Azat däl" diýlip häsiýetlendiriýär we dünýäde azatlygyň iň az bolan ýurtlarynyň hatarynda galýar.
Hasabatyň awtorlary muny birnäçe faktoryň utgaşmagy - garaşsyz metbugata edilýän basyş, raýat jemgyýetine gözegçiligiň güýçlendirilmegi we hakyky syýasy bäsdeşligiň ýok edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
“Freedom House” guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan syýasy hukuklar we raýat azatlyklary reýtinginde 100-den diňe 1 ball alyp, dünýäde iň repressiw ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Hasabatda döwletiň syýasy durmuşa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine doly gözegçilik edýändigi, oppozisiýanyň saýlawlara gatnaşdyrylmaýandygy we islendik başgaça pikirlileriň berk yzarlanýandygy nygtalýar.
Türkmenistan syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň iş ýüzünde doly diýen ýaly inkär edilýän repressiw, awtoritar döwleti bolup durýar diýip, Freddom Hous, Azatlyk öýi guramasynyň täze çap edilen ýyllyk hasabatda aýdylýar.
2025-nji ýylyň netijelerine görä, "Freedom House" guramasynyň reýtinginde diňe iki döwlet Türkmenistandan pes orunda ýerleşdirildi: Sudan (1 ball) we Günorta Sudan (0 ball).
Şol bir wagtda, öz territoriýasyndaky uruşlara, agdarylyşyklara we krizislere garamazdan, köp ýurt parahatçylykly Türkmenistandan ýokary ball aldy. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Eýran 10 ball toplady.
Sebäbitdäki beýleki goňşy ýurtlar hem Türkmenistandan has gowy netije görkezdi: Owganystan 8 ball, Gazagystan 23 ball we Özbegistan 12 ball toplady. Gyrgyzystan 25 ball we Täjigistan 5 ball toplady. Ýöne bu ýurtlarhem "Azat däl" diýlip häsiýetlendirildi.
Azatlygyň habarçylary ýurtda geçirilýän saýlawlara edilýän berk gözegçilik, ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy we mejbury zähmetiň giňden ulanylyşy, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolandygy aýdylýan korrupsiýa, dini toparlaryň, başga pikirlileriň, şol sanda garaşsyz žurnalistleriň ýanalyşlary barada yzygiderli habar berýärler.
Soňky döwürde, ýurtda çuňlaşýan ykdysady krizisiň arasynda, türkmen raýatlary hökümet ýolbaşçylaryna gönükdirilen wideolary çap edip, sosial media arkaly hukuk göreşini ýaýbaňlandyrmaga çalyşýarlar.
Ýerli synçylaryň we aktiwistleriň käbiriniň pikirine görä, Türkmenistan azatlyklar we hukuklar meselesinde dünýäde iň erbet ýagdaýdaky ýurtlaryň biri bolup, Demirgazyk Koreýadan hem erbet ýagdaýda diýen pikirler öňe sürülýär.
Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlary umumylykda ret edip, anyk düşündiriş bermekden saklanýar we hökümetiň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýändigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.