Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Tramp Ýakyn Gündogara, mümkinçiliklerini açyk saklamak üçin, goşun ibermek ähtimallygyny seljerýär – media

ABŞ-nyň birnäçe habar serişdeleri çeşmelerine salgylanyp, prezident Donald Trampyň Ýakyn Gündogardaky operasiýalary güýçlendirmek üçin goşmaça müňlerçe amerikan guryýer goşunyny ibermegiň mümkinçiligini göz öňünde tutýandygyny habar berdi. Şeýle ädim Trampa Eýrana garşy uruşda goşmaça mümkinçilikleri döreder.

Bu habarlaryň öň ýany, 19-njy martda Trampyň özi sebite goşmaça goşuny ýerleşdirýändigini ret etdi. Şeýle-de bolsa, onuň bu mümkinçiligi göz öňünde saklap galýana çalym etdi.

“Men hiç ýere goşun ýerleşdiremok” diýip, ol žurnalistlere aýtdy. “Eger ýerleşdirjek bolsam-da, men elbetde muny size aýtmazdym. Emma häzir goşuny ýerleşdiremok. Biz zerur bolan ähli zady ederis”.

Ak tamyň bir resmisi atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Reuters agentligine şeýle gürrüň berdi: “Häzirki wagtda guryýer goşuny ibermek barada hiç hili karar kabul edilmedi, emma prezident Tramp ähli mümkin wariantlary paýhasly şekilde öz elinde saklaýar”

“Prezident ünsüni ‘Epic Fury’ operasiýasynyň öňünde goýlan ähli maksatlarynyň amala aşmagyna gönükdirýär: Eýranyň ballistik raketa mümkinçiliklerini ýok etmek, onuň harby-deňiz güýçlerini kül-peýkun etmek, onuň terrorçy toparlarynyň sebitde durnuksyzlyk döretmegine ýol bermezlik we Eýranyň hiç wagt ýadro ýaragyna eýe bolup bilmezligini üpjün etmek”.

Pentagon teswir bermekden ýüz öwürdi.

Tankerleri goramak, Harg adasyny ele geçirmekŞeýle-de bolsa, bu baradaky habarlar gelmegini dowam etdi. Reuters dört çeşmä, şol sanda iki amerikan resmisine salgylanyp, goşmaça goşun Trampa artykmaç mümkinçilikleri, şol sanda Ormuz bogazy arkaly geçýän nebit tankerleriniň hereketini goramak mümkinçiligini berjekdigini ýazdy.

Çeşmeleriň aýtmagyna görä, şeýle operasiýa esasan howa we deňiz güýçleri tarapyndan geçiriler, emma şol bir wagtyň özünde Eýranyň kenar ýakasyna amerikan goşunlaryny ýerleşdirmegi hem öz içine alar.

Reuters ýagdaýdan habarly üç adam we üç amerikan resmisine salgylanyp, ABŞ administrasiýasynyň Eýranyň nebit eksportynyň 90 göteriminiň merkezi bolan Harg adasyna guryýer güýçleri ýerleşdirmegiň mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi.

Resmileriň biri şeýle operasiýanyň örän töwekgelçilikli boljakdygyny, sebäbi Eýranyň bu adany raketalar we dronlar bilen urmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

ABŞ güýçleri 13-nji martda adadaky harby nyşanalara zarba urupdy. Şol wagt Tramp adadaky ähli harby serişdeleriň ýok edilendigini, emma energiýa infrastrukturasynyň aman galdyrylandygyny aýtdy.

Şeýle-de bolsa, ol nebit infrastrukturasyna hem zarba urmak bilen haýbat atdy. Şeýle ädim Eýranyň ykdysadyýetine agyr zarba bolardy, emma şol bir wagtyň özünde eýýäm ýokary galan nebit bahalarynyň hasam artmagyna getirerdi.

Tizleşdirilen ýerleşdirmeBu aralykda, Newsmax neşiri ABŞ harbylarynyň eýýäm Eýrana garşy söweşýän güýçlerini berkitmäge gönükdirilen müňlerçe deňiz pehotasyny we harby-deňiz goşunlaryny tizleşdirilen tertipde ýola çykarandygyny habar berdi.

Adynyň aýdylmazlygy şerti bilen çykyş eden üç resmä salgylanyp, Newsmax Boxer Amphibious Ready Group toparynyň we 11-nji Marine Expeditionary Unit bölüminiň ABŞ-nyň günbatar kenaryndan meýilnamadan öň ugradylandygyny ýazdy.

Newsmax bu ýerleşdirmede 2 müň 500 deňiz pehotasynyň bardygyny, şeýlelikde üç amfibiýa gämisindäki gullukçylaryň umumy sanynyň takmynan 4 müňe ýetýändigini habar berdi. Bu gämilerde F-35 söweş uçarlary, raketalar we gämiden çykyp ýer hüjümini amala aşyryp bilýän amfibiýa tehnikalary ýerleşdirilendir.

Reuters agentligine meselä belet adamlaryň biriniň aýtmagyna görä, administrasiýa Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uran gorlaryny gözegçilikde saklamak üçin amerikan güýçlerini ýerleşdirmegiň mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdy.

Politico neşiri hem Pentagonyň Ýakyn Gündogara goşmaça goşun ibermegi göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Gepleşiklerden habarly iki adama salgylanyp, neşir goşmaça ýerleşdiriljek güýçleriň sany we geriminiň henizem takyklaşdyrylýandygyny ýazdy.

Uly töwekgelçilikler barGuryýer goşun ibermek syýasy taýdan-da, söweş meýdanynda-da uly töwekgelçiligi öz içine alar.

19-njy martda tamamlanan Reuters/Ipsos pikir soralyşygynyň netijelerine görä, amerikaly raýatlaryň 65 göterimi Trampyň Eýranda iri göwrümli guryýer urşy üçin goşun iberjekdigine ynanýar. Bu pikiri diňe 7 göterim goldaýar.

ABŞ harbylarynyň maglumatyna görä, guryýer güýçleri söweşe doly goşulmasa-da, şu wagta çenli uruşda 13 amerikan esgeri heläk boldy, takmynan 200 adam ýaralandy. Şikesleriň köpüsiniň ýeňil häsiýetlidigi nygtalýar.

Kongresdäki demokratlaryň goşmaça guryýer güýçlerini uruş zolagyna ibermek pikirine garşy çykjakdygy ikuçsuz. Hatda Trampyň Respublikan partiýasynyň içindäki köp sanly wekiller hem “ýerdäki goşunlaryň” artdyrylmagyna garşy çykyş edip gelýärler.

Netanýahu: ABŞ bilen Ysraýyl “ýeňýär”Şol bir wagtyň özünde, Eýran Ysraýyla garşy raketalaryň täze tolkunyny atdy. Bu hüjümden öň premýer-ministr Binýamin Netanýahu tas üç hepde töweregi dowam edýän howa zarbalarynyň fonunda Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana garşy uruşda “ýeňýändigini” aýtdy.

“Biz raketa gurmaga mümkinçilik berýän önümçilik ulgamlaryny ýok etmek boýunça hereket edýäris. Eýranyň indi urany baýlaşdyrmaga we ballistik raketalary öndürmäge mümkinçiligi ýok” diýip, Netanýahu aýtdy.

“Biz ýeňýäris, Eýran bolsa kül-peýkun edilýär”.

Netanýahu käbir amerikan tankytçylarynyň öňe sürşi ýaly, Trampy bu konflikte çekendigi baradaky pikiri hem ret etdi.

“Kimdir biri hakykatdanam prezident Trampa näme etmelidigini aýdyp biler öýdýärmi?” diýip, Netanýahu žurnalistlere aýtdy.

“Ony ynandyrmaga zerurlyk ýokdy” diýip, ol sözüne goşdy.

AFP agentliginiň žurnalistleri 20-nji mart irden Iýerusalimiň üstünde birnäçe güýçli partlamanyň eşidilendigini habar berdiler.

Ysraýylyň goşuny ýary-gijäniň öň ýäny üç tapgyr raketa odunyň hasaba alnandygyny aýtdy. Adam pidalary ýa-da zeper barada dessine maglumat berilmedi.

Küweýt, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn hem 20-nji mart irden Eýranyň öz ugurlaryna tarap hüjüm serişdelerini atandygyny habar berdiler.

Küweýtiň döwlet nebit kompaniýasy KPC Mina al-Ahmadi nebiti gaýtadan işleýiş zawodyna birnäçe dron hüjüminiň degendigini we ýangynyň dörändigini aýtdy. Deslapky maglumatlara görä, adam pidasy ýok.

Başga bir ugurda, Ýakyn Gündogardaky amerikan güýçlerini dolandyrýan ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi Eýranyň üstünde söweş tabşyrygyny ýerine ýetiren F-35 uçarynyň “sebitdäki amerikan howa bazalarynyň birine adatdan daşary gonuş edendigini” aýtdy.

“Uçar aman gonuşy amala aşyrdy, pilotyň ýagdaýy durnukly. Bu waka boýunça derňew alnyp barylýar” diýip, metbugat wekili kapitan Tim Hawkins aýtdy.

Ol CNN we ABC telekanallarynyň bu gizlin söweş uçarynyň Eýranyň okuna sezewar bolandygy baradaky maglumatlaryny tassyklamady.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net