Kamçybek Taşiýew Baýram namazyna gatnaşyp, derňewleriň fonunda halkdan ötünç sorady
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň öňki başlygy Kamçybek Taşiýew Baýram namazyndan soň, özi barada "myş-myşlaryň we ýalan gürrüňleriň" ýaýradylandygyny aýdyp, halkdan ötünç sorady.
"Allanyň razylygy üçin we şu günki Baýram namazynyň hormatyna, göwnüne degen ýa-da nädogry çemeleşen her bir musulmanymdan ötünç soraýaryn. Şeýle-de, Allanyň razylygy we Baýramyň hormaty üçin, kim gep-gybat edip, ýalan gürrüňleri ýaýradan bolsa, olaryň hemmesini bagyşladym. Goý, olar indi erbet gürrüň etmesinler, erbet maglumat ýaýratmasynlar; ýüreklerinde iman bolsun" diýip, Taşiýew aýtdy.
Ol töhmet barada gürrüň edende kimi nazarda tutýandygyny anyklaşdyrmady.
Media habarlaryna görä, Taşiýew metjitleriň birinde namaza gatnaşdy.
Sosial mediada ýaýran wideolarda Oş şäheriniň öňki häkimi Ženişbek Toktorbaýewiň onuň ýanynda durandygy görünýär.
Taşiýewiň il arasynda peýda bolmagy dowam edýän jenaýat derňewleriniň fonuna gabat geldi.
Ol daşary ýurtda syýahatda bolanyndan soň, 19-njy martda Bişkege gaýdyp geldi. Taşiýew daşary ýurda gitmezinden öň Içeri işler ministrliginde sorag edilipdi.
Çeşmelere görä, edilen sorag esasan iki iş bilen - "Gyrgyzneftegazdaky” korrupsiýa we "75 adamyň şikaýaty" diýilýän bilen baglanyşykly bolupdyr.
Onuň edilen gürrüňleri hiç kime aýtmajagy baradaky ylalaşyga gol çekendigi aýdylýar.