Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Raýatlar "Mekdepdäki döwlet dilegçiliginden kime arz etmeli?" diýip soraýarlar

Lebap welaýatyndaky habarçymyz okuwçylardan Nowruz baýramyna bagyşlanan çäreler üçin mejbury ýagdaýda pul serişdeleriniň ýygnalýandygyny habar berýär. Synçylar Türkmenistanda ilatdan syýasy-ykdysady, medeni çäreler üçin serişde ýygnamagyň, maşgala býujetlerine goşmaça agram salmagyň täzelik däldigini, ýöne soňky bir ýylda, durmuşyň has kynlaşmagy bilen, bu çykdajylaryň adamlara barha kän ‘dil açdyrýandygyny’ belleýärler.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly pedagog ‘polisiýa dilegçilik edýän çagalary, mätäç adamlary bazardan, köçeden kowýar, emma döwlet bize mekdepde çagagalardan pul diledýär, biz kime arz etmeli?’ diýip dorady.
Türkmenabat şäheriniň 15-nji, 20-nji, 27-nji, 28-nji, 31-nji we 41-nji orta mekdeplerinde her okuwçy 100-150 manat aralygynda pul getirmeli edildi, bu puluň baýramçylyk dabaralary, sahnalaşdyrylan çykyşlar we mekdepleriň çägini bezemek üçin ulanyljakdygy aýdylýar diýip, habarçymyz magaryf işgärleri, ene-atalar bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp ýazdy.
“Maşgalanyň agzyndan kesilýän pula gynanmaýan ýok"Türkmenabatdaky orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň ene-atalarynyň, okuwçylaryň tassyklamagyna görä, bikanun, ýöne Türkmenistanda meýletin-mejbury häsiýete eýe bolan pul salgydy aç-açan salynýar, köp adam ony bolmaly, kadaly bir zat ýaly kabul edýär, şol bir wagtda “maşgalanyň agzyndan kesilýän pula gynanmaýan ýok diýilse-de bolar”.


Şäheriň 28-nji mekdebinde okaýan okuwçynyň ejesi, ady habarçymyzda bar, pedagoglaryň pul getirmedik çagalaryň atlaryny aýratyn ýazyp, beýleki okuwçylaryň arasynda utandyrmak, maşgala ýagdaýyndan kemsiner ýaly etmek usullaryny hem açyk ulanýandygyny, çagalaryň hiç biriniň, oglanlaryňam, gyzlaryňam beýle ýagdaýa düşesiniň gelmeýändigini gürrüň berdi.
"Mugallym ýygnakda her okuwçynyň pul getirmelidigini aýtdy. Getirmedikleriň ady aýratyn ýazylýar. Çagalar hem utanja galýar" diýip, söhbetdeşimiz ene-atalaryň hem çagalarynyň utanja galmagyny islemeýändigini sözüne goşdy.
Şäheriň 31-nji mekdebinde okaýan okuwçy bolsa (ady habarçymyzda bar), synp ýolbaşçysynyň puly tizräk getirmegi tabşyrandygyny, “kim gijä galsa, ýylyň ahyrynda gowulyga garaşmasyn” diýendigini gürrüň berdi.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar mekdep ýolbaşçylarynyň bu hili çäreleri ýokardan, etrap, welaýat bilim bölümlerinden berlen görkezme esasynda gurnaýandygyny we geçirýändigini, şol bir wagtda olar üçin hiç bir döwlet serişdesiniň bölünip berilmeýändigini, ikarada synp ýolbaşçylarynyň okuwçylaryň, ene-atalaryň öňünde ‘ýigrenji bolmaly bolýandygyny’ aýtdylar.
Ene-atalara çagalarynyň üsti bilen 'gytaklaýyn we göni basyş edilýär'"Bu hili çäreler üçin pul ýygnamak indi adaty bir zada öwrüldi. Baýramçylyga bezeg, egin-eşik, sahna serişdeleri gerek diýilýär, ýöne edilmeli çykdajynyň esasy agramy ene-atalaryň üstüne düşýär. Mugallymlar olara çagalarynyň üsti bilen sessiz, gytaklaýyn we göni basyş edýär" diýip, 41-nji mekdepde işleýän mugallym aýtdy.
Bu aýdylýany Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň ýene bir mugallymy tassyk etdi.
"Bize ýokardan tabşyryk gelýär. Çärä taýynlyk görmeli, hemmesi 'gowy geçmeli'. Emma döwlet tarapyndan pul bölünmänsoň, mekdep ýolbaşçylary çykdajy meselesini ene-atalaryň hasabyna çözmäge synanyşýar" diýip, ýaşuly pedagog okuwçylardan zol-zol pul soramagyň mugallymlara hem ýeňil düşmeýändigini, ýöne ýolbaşçylaryň her synpdan ýygnalmaly puluň hasabyny ‘gaty berk çykarýandyklaryny”, işlejek bolsaň, bu meselede berlen tabşyrygy hökman ýerine ýetirmeli bolýandygyny hem sözüne goşdy.


Okuwçylardan baýramçylyk çäreleri üçin pul ýygnamak ‘derdi’ diňe Türkmenabatdäky mekdeplerde däl, çeşmeleriň sözlerine görä, Çärjew, Saýat etraplaryndaky mekdeplerde hem ‘dermansyz dümew’ bolup görünýär.
Farapdaky 2-nji mekdebiň mugallymy bolsa, okuwçylardan diňe baýramçylyk dabarasy üçin däl, mekdep howlusyny we onuň daş-töweregini arassalamak üçin hem pul ýygnalýandygyny aýtdy:
"Bizden diňe bir baýramçylyk dabarasy üçin däl, eýsem, mekdebiň daş-töweregini arassalamak, baýramçylyk plakatlaryny çap etmek üçin hem pul toplamagy talap edýärler. Kime, nirä arz etjek?” diýip, elini asmana serdi.
Ýurtda adamlaryň arzyny diňläp, mesele çözýän resmi 'galmady'Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän raýatlar ýurtda adamlaryň arzyny diňläp, mesele çözýän resmileriň tas galmandygyny, ýokardaky edaralara, häkimliklere, ministrliklere, prezidente ýazylan hatlaryň hem netije bermeýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý, synçylaryň bellemegine görä, ruhdan düşen adamlaryň sosial mediada barha kän ‘haýyş wideolaryny’ çap etmegine sebäp bolýar.
Azatlyk radiosy bilen gürrüňdeş bolan türkmenabatly ene-atalaryň aglabasynyň ynanjyna görä, okuwçylardan toplanýan pullardan mekdep ýolbaşçylary hem goşmaça gazanç edýär.
Bu pikir bilen adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly synçy hem ylalaşýar. Onuň ynanjyna görä, diňe baýramçylyk çäreleri üçin däl, magaryf edaralaryna degişli binalaryň abatlanmagy, oba hojalyk işleri üçin hem býujet edaralarynyň işgärlerinden, telekeçilerden ‘bikanun’ pul ýygnalýar we ilatdan soralýan serişdeler ýuwaş-ýuwaşdan köpeldilýär.
Şeýle-de synçy, il içinde bilinýän, has anygy, adamlaryň maşgala býujetine ýaramaz täsir edýän ýagdaýlar barada döwlet eýeçiligindäki metbugatda hiç bir zat aýdyp bolmaýandygyny, pul ýygnaýan ýolbaşçylaryň bu ýagdaýdan gowy peýdalanýandygyny we ahyr netijede halk köpçüliginde ýurt ýolbaşçylarynyň öz kanuny wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply däldigi baradaky pikirleriň güýçlenýändigini öňe sürdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net