Pentagonyň başlygy "Eýrana iň güýçli zarba" duýduryşyny berdi
ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset 10-njy martda Pentagonda geçirilen brifingde Eýrana, fewral aýynyň aýagynda Yslam Respublikasyna garşy başlanan harby operasiýadan bäri, "iň güýçli" amerikan zarbalarynyň uruljakdygyny, bu hüjümiň 10-njy martda boljakdygyny aýtdy.
"Iň köp söweş uçarlary, iň köp bombalaýjy uçarlar, iň köp zarbalar bolar" diýip, Hegset aýtdy. Şeýle-de, ol Eýran tarapynyň uruş başlanaly, bäri soňky 24 sagadyň dowamynda iň az raketasyny atandygyny belledi.
Ştab baştutanlarynyň birleşen komitetiniň başlygy, general Den Keýn öz gezeginde, Pit Hegset bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda çykyş edip, Eýrandan atylýan raketalaryň sanynyň 90 göterim, dron hüjümleriniň bolsa 83 göterim azalandygyny aýtdy. Keýniň sözlerine görä, Birleşen Ştatlar kampaniýanyň ilkinji 10 gününde 5000-den gowrak nyşana, şol sanda 50-den gowrak gämä zarba urdy.
Ikinji gün, Ysraýylyň we Amerikanyň Eýranyň dürli nyşanalaryna uran howa zarbalaryndan soň, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy sosial mediada 10-njy martda hususan-da Eýranyň Kerman şäheriniň aeroportunyň golaýyna urlan zarbalary görkezýän wideolaryň hakykydygyny tassyklady.
Wideoda bombalanan zolakdan asmana galýan gara tüsse görünýär. Gara tüsse suratlarynyň Şiraz aeroporty sebitinde we Bandar Abbasda düşürilen şekilleri hem ýaýradyldy. ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi we Ysraýylyň harbylary Eýrana edilen soňky hüjümler barada heniz hiç hili beýanat etmediler.