Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Býujetçilerden prezidentiň sowgadynyň ýany bilen berlen "sowgadyň" puluny işleýän edarasyna tabşyrmak talap edilýär

Aşgabadyň döwlet edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärlere prezidentiň adyndan berlen 8-nji mart pul sowgady bilen bir hatarda, edara ýolbaşçysynyň adyndan hem "sowgat" gowşuryldy.
Ýöne işgärleriň şatlygy uzaga çekmedi we olardan edara ýolbaşçysynyň adyndan gowşurylan "sowgadyň" puluny nagt görnüşinde işleýän edarasyna tabşyrmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy martda paýtagtdan maglumat berdi.
“Geçen hepdäniň ahyrynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli prezidentiň pul sowgady we onuň ýany bilen edara ýolbaşçylarynyň adyndan sowgat gowşuryldy. Aýal-gyzlara gül dessesiniň ýany bilen ýaglyk ýa-da mata sowgat berildi. Zenanlar 8-nji martyň öň ýanynda gowşurylan sowgada şat bolup, begendiler. Ýöne olaryň şatlygy uzaga çekmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Ýurduň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky teatrlarda we oba hojalygy toplumyna degişli edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň ençemesi iki gün dynç alyşdan soň, ýagny ýekşenbe we duşenbe günlerinden soň, sişenbe güni işe çykanlarynda "ajy hakykaty" bilip galandyklaryny aýtdy.
"Sowgadyň puly soralmaýar... Öte binamys"Işgärler bölüminiň başlyklary olar bilen ýygnak geçirip, edara ýolbaşçysynyň adyndan gowşurylan sowgadyň puluny bermegi talap etdiler.
“Olar aýal-gyzlary otagyna toplap, aýlyk zähmet haklary bank kartlaryna geçirilen badyna sowgadyň pulunyň gaýtarylmalydygyny aýdyp, her kimiň 100 manat nagt tabşyrmalydygyny bellediler” diýip, paýtagtly ýene bir býujet işgäri aýtdy.
Sowgadyň puluny aýlykda gaýtarmaly boljagyny eşiden zenanlaryň köpüsi örän nägile bolup, “onuň puluny aljak bolsanyň, sowgadyňyz gerek däl” diýip, ony yzyna tabşyrjakdygyny aýtdy.
“Ýöne işgärler bölüminiň menejeri “ýok, beýle bolmaz. Başlygyň gaharyny getirjek bolýarsyňyzmy? Berlen sowgady yzyna gaýtarmaklyk, başlygy äsgermezlik bolýar” diýip, işgärleri utandyrjak boldy. Zenanlar bolsa, öz gezeginde, “başda sowgat gowşuranyňyzda pul hakynda gürrüň bolmady. Biz hiç kime sowgat beriň diýmedik. Üstesine-de, sowgat berlen zadyň puly soralmaýar. Ar-namys galmandyr. Öte binamys” diýip, alan sowgatlaryna puşman boldular” diýip, býujet işgärleri aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetleri, şol sanda agzalýan ministrlik we oba hojalyk toplumy bilen telefon arkaly habarlaşyp, resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
"Waka, göräýmäge, ilkinji gezek bolýar"Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleriniň haýsydyr bir önümi ýa-da harydy satyn almaga mejbur edilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýylyň dowamynda birnäçe gezek gaýtalanýar. Ýöne edara ýolbaşçylary tarapyndan “sowgat” diýlip berlen önümleriň pulunyň talap edilmegi bilen bagly waka, göräýmäge, ilkinji gezek bolýar.
Bellesek bu waka, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýal-gyzlara 60 manat möçberindäki 8-nji mart sowgadynyň gowşurylmagy bilen utgaşdy. Prezident gara bazaryň nyrhy bilen 3 amerikan dollaryna deň bolýan pul sowgadynyň 2-6-njy mart aralygynda paýlanjakdygy baradaky buýruga 20-nji fewralda gol goýdy.
Şu ýyl prezidentiň pul sowgadynyň töweregindäki ýagdaýlar okuwçy gyzlara hem täsir etdi. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzlaryna prezidentiň adyndan berlen 8-nji mart pul sowgadyny sowmak gadagan edildi diýip, Azatlygyň habarçylary 4-nji martda habar berdiler.
Şonda okuwçylardan ujypsyz pul sowgadynyň üstüne ýene pul goşup, mekdebe tabşyrmak talap edildi. Mekdep ýolbaşçylary onuň gyzlar üçin täze ýaşyl köýnek tikdirmek üçin, ýaşyl reňkde mata satyn almak üçin ulanyljakdygy aýtdylar.
Türkmenistanda prezidentiň Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara niýetlän sowgadynyň okuwçy gyzlaryň eline düşmezligi bilen bagly tejribe geçen ýyl hem bolupdy. 2025-nji ýylda hem mekdepler prezidentiň pul sowgadyny köýneklik mata üçin saklap galdylar.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurduň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlaryň uly hyzmatlary bitirýändigini tekrarlaýarlar, ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net