Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Eýranyň üzňelikdäki türkmen azlygynda uruş hem umyt, hem howsala döredýär

Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, Hazar deňziniň we Türkmenistan bilen serhediň boýunda ýerleşýän garyp we üzňeleşdirilen sebit bolan Türkmensährada uruş berk howpsuzlyk çärelerini, bahalaryň ýokarlanmagyny we uzak wagtlap çetleşdirilen sünni azlygy üçin gelejege degişli garyşykly duýgulary - umyt we alada döretdi.

Eýranda etniki türkmenleriň köpüsiniň ýaşaýan üzňe demirgazyk-gündogar sebiti bolan we Türkmenistan bilen serhetleşýän Türkmensähra az sanly bomba, raketa ýa-da dron düşdi.

Ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ABŞ-Ysraýyl howa hüjümleri we 28-nji fewralda Aýatolla Ali Hameneýiniň ölümi bilen başlanan urşuň sebite gytaklaýyn görnüşde gelendigini gürrüň berdiler: howpsuzlyk güýçlendirildi, şeýle-de öňden bäri garyp bolan we jemgyýetçilik liderleriniň aýtmagyna görä, merkezi hökümet tarapyndan gyrakladylan ilat üçin bahalary çalt ýokarlandyrdy.

Şeýle hem, onlarça ýyllap dowam eden awtokratiýadan we geljegiň näme getirjekdigi baradaky howatyrlanmadan soň adamlar demokratiýa we deňlige umyt bildirýärler.

Hazar deňziniň kenaryndaky Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusynyň (IRGC) radar stansiýasyna edilen hüjümden başga "biziň ýaşaýan ýerimizde bombalama bolmady" diýip, Gumbet şäherinden döwlet işgäri Nurmuhammet gürrüň berdi.

Emma howpsuzlyk güýçleriniň sebitdäki sany ep-esli artdy diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Geçmişe garanda gözegçilik nokatlary ep-esli artdy. Harbylaşdyrylan we ýarym harby güýçleriň sany esli köpeldi" diýip, Nurmuhammet aýtdy.

Kalaleh şäherinden bolan student Aýhan hem şuňa meňzeş maglumat berdi.

"Şäheriň her bir girelgesinde diýen ýaly gözegçilik nokady bar we ýarym harby güýçler ýaragly durýar" diýip, ol aýtdy. “Ýollar örän berk gözegçilik astynda. Ulaglar yzygiderli barlanýar, hatda mobil telefonlar hem barlanýar.”

Aýhan we Nurmuhammet olaryň lakamy bolup, Eýranyň häkimiýetleriniň basyşlary ýa-da öç almak ähtimallygy bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli olaryň hakyky atlary gizlin saklanýar.

Ikisi hem howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi häkimiýetleriň güýçli basyşlara we demonstrasiýalara taýýarlanýandygyny görkezýär diýip ynanýarlar. Uruş ýurtda soňky ýyllarda bolan iň uly oppozisiýa protestleriniň birinde müňlerçe demonstrantyň ölümine sebäp bolan zorlukdan soň boldy.

Nyrhlaryň ýokarlanmagyOlar urşuň ykdysady täsirleriniň dessine ýüze çykandygyny, bahalaryň ýokarlanmagynyň Türkmensähradaky hojalyklara kynçylyk döredendigini aýtdylar.

“Azyk bahalary ep-esli ýokarlandy we köp türkmenler garyplyk bilen göreşýärler. Köp adamlar esasy harytlaryň köpüsini satyn alyp bilmeýärler” diýip, Aýhan aýtdy. “Öňler hem olaryň satyn alyş ukyby çäklidi; häzirki wagtda bahalar has-da ýokarlandy, bu bolsa ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar.”

Nurmuhammediň sözlerine görä, käbir harytlaryň bahalary 10 esse çenli ýokarlanypdyr.

“Häzirlikçe azyk ýetmezçiligi ýok, ýöne bahalar ep-esli ýokarlandy” diýip, ol Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Esasanam [bişirmek üçin] ýag, un we tüwi örän gymmatlady. Öň adam başyna bir kilogram satyn alyp bolýardy, ýöne häzir iň köp 200 gram satyn alyp bolýar, sebäbi bu zatlar örän gymmatlady”.

Konserwatiw hasaplamalara görä, Türkmesährada takmynan 1 million adam ýaşaýar. Emma hakyky san has köp bolup biler, sebäbi şaýylaryň köplügindäki Eýranda taryhy taýdan çetde galan sünni azlygy bolan türkmenler baradaky resmi maglumatlar örän az. Elektrik togunyň kesilmegi we suw ýetmezçiligi ýaly meseleler ABŞ-Ysraýyl hüjüminden has öň sebitdäki durmuşyň bir bölegidi.

“Türkmesähranyň gurluş taýdan ünssüzliginiň çuňňur kökleri bar we häzirki çaknyşyk ony has-da güýçlendirdi” diýip, sebitli türkmen we Türkiýäniň Trakya uniwersitetiniň professory Abdurrahman Deweji aýtdy.

“Türkmensähra uzak wagtlap ykdysady taýdan çetde galdy” diýip, Deweji Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Uruş deňsizligi has-da güýçlendirdi, sebäbi döwlet maýa goýumlary we subsidiýalar bu sebite seýrek ýetýär. Bu ýerde bahalar Eýranyň beýleki böleklerine garanyňda has çalt ýokarlanýar, sebäbi türkmenleriň syýasy täsiri we serişdeleri ýetmeýär”.

Çuňňur ynamsyzlykHökümet bilen gatnaşyklardaky çuňňur dartgynlylyk döwlet metbugatyna bolan uly ynamsyzlygyň bir sebäbidir we Türkmensähranyň köp ýaşaýjylary urşuň hakyky möçberini ölçmek üçin resmi däl ulgamlara bil baglaýarlar.

“Maglumatlaryň köpüsi adamlaryň arasyndaky gürrüňdeşlikler arkaly paýlaşylýar. Jemgyýetçilik ýerli ýa-da milli metbugata ynanmaýar we haýsy maglumatyň dogrudygy barada düşünişmezlik bar” diýip, Aýhan aýtdy. “Şeýle-de bolsa, käwagt satellit ýa-da halkara internet serişdelerine elýeterliligi bolan adamlar takyk maglumat berýärler, bu bolsa jemgyýetçiligi habarly etmek üçin bir görnüşli raýdaşlyk döredýär”.

Aýhan we Nurmuhammet ikisi hem Ýokary Lider Aýatolla Ali Hameneýiniň we teokratik režimiň beýleki ýokary derejeli şahsyýetleriniň ölümi sebitde köp adama rahatlyk we şatlyk getirdi diýdiler.

“Hameneýiniň we Rewolýusiýa Gwardiýasynyň (IRGC) käbir ýokary derejeli serkerdeleriniň öldürilendigini irden eşidenimizde biziň hemmämiz örän şat bolduk” diýip, Nurmuhammet ýangyç guýujy beketde bir topar adamyň baýram edýändigini görendigini sözüne goşdy.

“Ali Hameneýini meniň sebitimdäki adamlaryň köpüsi zalym hasaplaýardy” diýip, Aýhan aýtdy. “Onuň we onuň ýakyn töweregindäkileriň ölümi jemgyýetçiligiň arasyna şatlyk getirdi we bu sebitdäki adamlaryň çekýän ejirini belli bir derejede ýeňilleşdirdi”.

“Umyt we alada”Emma köp adamda islendik syýasy üýtgeşmäniň geljekde nähili netije getirip biljekdigi barada alada döreýär.

“Adamlar Eýran Yslam Respublikasyna zarba urlandygyna begenýärler; ýöne olar rewolýusiýadan soňky geljek barada has köp alada edýärler” diýip, Aýhan aýtdy. “Şahsy taýdan men hökümetiň ýykyljakdygyna ynanýaryn; ýöne täze hökümetiň Eýrandaky türkmenlere nähili garajakdygy barada alada edýärin”.

“Türkmenler hemişe demokratik sistema bolan umyt bilen režimiň üýtgemegine garaşdylar; ýöne, öz esaslaryny berkidenden soň, her bir režim türkmenlere garşy diskriminasiýa amallaryny dowam etdirdi” diýip, Deweji aýtdy.

“Şonuň üçin türkmenler uruşdan soňky geljege hem umyt, hem alada bilen garaýarlar: Taryh gaýtalanarmy ýa-da ahyrsoňy has gowy günleri görerismi?” diýip, ol aýtdy.

Deweji şeýle hem hökümetiň göçüriş syýasatynyň sebitde dartgynlyk döredendigini aýtdy: Ýyllaryň dowamynda käbir türkmen bolmadyk halklar Türkmensähra göçürilip, käte ýaşaýjylaryň taryhy taýdan türkmen hasaplaýan ýerlerini aldylar. Gatnaşyklar esasan asuda bolsa-da, syýasy durnuksyzlyk dartgynlylygy has-da güýçlendirip biler diýip alym aýtdy.

Nurmuhammet hem Aýhanyň umyt we näbellilik duýgularyny gaýtalady.

“Halk daşarky gatyşma arkaly mollalaryň režiminiň agdarylmagyna we soňra öz elleri bilen doly demokratik hökümet gurup biljekdigine umyt edýär” diýip, ol aýtdy.

“Iň uly alada, urşa garamazdan, režimiň üýtgemeýändigi we umyt edýän azatlygymyzyň başa barmaýandygy” diýip, Nurmuhammet Azatlyk Radiosyna aýtdy.


Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net