Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Balkanlylaryň onlarçasy täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi

Şu hepdäniň başynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi. Bu waka, häkimiýetleriň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze golf-klubyň guruljak ýerinde düýbüni tutmak çäresi üçin taýýarlyklara başlan mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji fewralda sebitden maglumat berdi.
“2-nji fewralda şäheriň onlarça ýaşaýjysy üýşüp, şäher häkimliginiň binasyna bardy. Olar golf meýdançasyna onlarça million dollary harçlamagyň ýalňyşdygyny aýdyp, onuň gurluşygyna nägilelik bildirdiler” diýip, waka şaýat bolan türkmenbaşyly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şeýle-de, ýaşaýjylar şäher ilatynyň iň ýönekeý agyz suwy bilen kadaly üpjün edilmeýändigini, köp gatly jaýlaryň onlarçasynyň üçeginiň bejerilmeýändigini we olardan gar-ýagyş suwlarynyň geçip durandygyny hem aýtdylar.
“Şäher halky köçelerdäki tratuarlaryň, pyýadalar üçin ýanýodalaryň bejerilmeýändigini, köp köçede bularyň asla ýokdugyny hem aýtdylar. Olar etrapçalaryň aglabasynda çagalar meýdanlarynyň ýokdugyna hem ünsi çekip, ýerli häkimlik wekillerine açyk şikaýat etdiler” diýip, waka şaýat bolan ýene bir şäher ýaşaýjysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar häkimlik wekillerine golf meýdançasyna harçlanjak pul serişdesiniň bu meseleleriň çözülmegine gönükdirilmelidigini hem aýtdylar.
"Halkyň rysgalyny ýele sowurmaň"“Döwletimizde golf meýdançanyň gurluşygy üçin pul bar bolsa, onda şol pula durmuş maksatly zerurluklarymyzy düzedip bersin. Golf meýdança gerek däl, kadaly suw bilen, kadaly elektrik togy we gaz bilen üpjün ediň. Aşgabatdaky golf meýdançasynda hem, dört sany türkmen oligarhyndan we olaryň dogan-garyndaşlaryndan başga hiç kim golf oýnamaýar. Halkyň rysgalyny ýele sowurmaň” diýip, ýaşaýjylaryň biri häkimlik wekillerine öz nägileligini bildirdi.
Bellesek, ýurduň günbatar welaýatynda, hususan-da, Türkmenbaşyda ilatyň suw, elektrik we gaz üpjünçiliginiň yzygiderli kesilýändigi, günde sanlyja sagat dikeldilýändigi barada ýerli ýaşaýjylar ýygy-ýygydan maglumat berýärler. Şeýle-de, olar sebitde Awazanyň we esasy şäher köçelerinden başgasynyň hatardan çykandygy, çukanak-sakanak ýollarda ulag sürmegiň howplydygy barada hem aýdyp gelýärler.
Wakanyň şaýady häkimlik wekilleriniň şäher ýaşaýjylarynyň arz-şikaýatlaryny diňläp, “bolýar, meseläňizi çözeris” diýip, olara öýlerine gitmegi maslahat berendigini aýtdy.
“Bolmasa, häzir MHM (Milli howpsuzlyk ministrligi) ofiserleri geler we siziň özüňiz üçin kyn bolar” diýip, waka şaýat bolan ýaşaýjy häkimlik wekiliniň sözlerini sitirledi we şondan soňra şäher ilatynyň dargap, öýlerine gidendigini belledi.
Azatlyk bu waka barada resmi teswir almak üçin Türkmenbaşy şäher häkimligine jaň etdi. Ýöne redaksiaýamyzyň 5-nji fewralda häkimligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Bu waka, türkmen häkimiýetleriniň Awazada täze golf-klubyň guruljak ýerinde düýbüni tutmak çäresi üçin taýýarlyklara başlan mahalyna gabat geldi.
“Bu golf-klubyň Rowaç kottežler toplumuna golaý ýerde, onuň günbatar-demirgazyk künjeginde onlarça gekdar meýdanda gurulmagyna garaşylýar. Häzir bu meýdanda ýerleri taýýarlamak işlerine girişildi” diýip, bu ýere baryp gören habarçymyz aýtdy.
"Bir aýlyk pensiýa hakyna diňe 2,5 kilogram et düşýär"Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Aşgabatda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň baş direktory Jon Riz bilen duşuşyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy.
Şonda döwlet eýeçiligindäki metbugatda öňki prezidentiň sözlerine salgylanyp, bu taslamanyň Awazanyň dynç alyş we sport merkezi hökmünde ösüşine täze itergi berjekdigini habar berdi.
Türkmen metbugaty ozal Aşgabatda “Nikolaus dizaýn” kompaniýasy tarapyndan gurulýan golf meýdançasynda halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin dünýä standartlaryna laýyk şertleriň dörediljekdigini, şeýle-de, tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygyny habar beripdi.
Türkmenistanlylar agzalýan kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan golf-klubynyň, beýleki gymmatbaha desgalar ýaly, köplenç boş durandygyny aýdyp gelýärler.
Balkanly ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi Awazadaky myhmanhanalaryň hem ýylyň 10 aýynda boş durýandygyny, şeýle tejribäniň täze guruljak golf meýdançasy bilen bagly hem gaýtalanjakdygyny aýdyp, “halkyň pulunyň halkyň bähbidine harçlanmalydygyny” belleýär.
“Çylka etiň 1 kilogramy 150-175 manat, süňkli et 130 manat bahalanýar. Bir aýlyk pensiýa haky bolsa 450 manat. Bir pensioner oňa diňe 2,5 kilogram et satyn alyp bilýär. Soňra ol dermana we beýleki zatlara nireden pul tapmaly? Adamlar, hususan-da, garrylar nädip ýaşamaly? Golfa meýdançasyna derek adamlaryň aladasy edilmeli” diýip, balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net