Türkmen häkimiýetleri Internet çäklendirmeleriniň arasynda, paýtagtlylara WiFi hyzmatyny hödürläp başlady
Aşgabadyň käbir söwda merkezlerinde türkmenistanlylara elýeterli bahadan WiFi Internet hyzmatlary birdenkä hödürlenip başlandy. Ozal diňe daşary ýurtly myhmanlar üçin elýeterli bolan bu hyzmatyň türkmen raýatlaryna hem hödürlenip başlanmagy köpleri geň galdyrýar.
Bu waka, goňşy Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň fonunda, ýurduň käbir sebitlerinde ilatyň Internet elýeterliliginiň çäklendirilen mahalyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“Paýtagtyň soňky onýyllygyň dowamynda gurlan söwda merkezlerinde, şol sanda ‘Berkararda’ raýatlar üçin WiFi Internet hyzmatynyň arzan bahadan hödürlenip başlanmagy köpleriň ‘hökümete nä döw çaldy, pälinden gaýdyp, dogry ýola düşdügi bolsun hernä’ diýen ýaly gürrüňleri ýygy-ýygydan aýtmagyna getirdi. Sebäbi ozal bu hyzmat diňe daşary ýurtdan gelen myhmanlar üçin elýeterlidi we onuň bahasy aşa gymmatdy” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Häzirki wagtda söwda merkezlerindäki bu WiFi Internet hyzmatyndan peýdalanmak isleýän raýatlar 1 sagat üçin 5 manat, 3 sagat üçin 10 manat, 1 gün üçin 15 manat, 7 gün üçin 50 manat we 1 aý üçin 150 manat tölemeli bolýarlar.
"Adamlar köşeşensoň, gadagançylyk ýene güýçlener"“Bu hyzmatdan peýdalanmak isleýänlerden pasportyny görkezmek talap edilýär. Ýöne paýtagtyň ýaşaýjylary täze hödürlenip başlanan WiFi hyzmaty barada bu ýere baranlarynda bilip galýarlar we olaryň köpüsiniň ýanynda pasporty bolmaýar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçymyz onuň tizliginiň aşa ýokary däldigini, öýlere çekilen WiFi Internetiň hiline meňzeşdigini aýdyp, paýtagtlylaryň we syýasy synçylaryň ençemesiniň bu hyzmatyň uzaga çekmejekdigini çaklaýandygyny hem belleýär.
“Türkmenistanda ilatyň Internet elýeterliliginiň soňky günlerde has-da çäklendirilýändigi, bahasynyň hem gymmatdygy baradaky habarlaryň artmagy hökümeti aladalandyrýana meňzeýär. Hökümet bu habarlary ýalana çykarmak üçin ýene mekir, hilegär syýasaty oýnap, ilata az wagtlaýyn hem bolsa WiFi Interneti hödürleýär. Adamlar birneme köşeşensoň, gadagançylyk ýene güýçlener” diýip, aşgabatly synçy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda degişli häkimiýetlerden, şol sanda söwda merkezleriniň administrasiýalaryndan teswir alyp bolmady.
Ýöne bu waka, goňşy Eýranda müňlerçe adamyň ölmegine we başga-da on müňlerçesiniň tussag edilmegine getiren uly göwrümli protestleriň arasynda, Türkmenistanyň bu ýurt bilen serhedine golaý ilatly nokatlarynda, galyberse-de, Lebap welaýatynda ilatyň Internet elýeterliliginiň çäklendirilip, onuň tizliginiň ep-esli peselen mahalyna gabat geldi.
"Halk kommunizm, özleri bolsa kapitalizm şertlerinde ýaşaýarlar"Mundan başga-da, häkimiýetler ýurduň Eýran bilen serhetýaka sebitlerindäki ilatdan “Starlink” aragatnaşyk ulgamyny ulanmazlygy hem talap edip başladylar. Balkan welaýatynda howpsuzlyk güýçleriniň ýaşaýjylaryň öýlerine reýd geçirip, onlarça “Starlink” sputnik Internet enjamlaryny hususy taraplaryň ellerinden alandygy barada habarçylarymyz 16-njy ýanwarda sebitden maglumat berdiler.
Bu aralykda, paýtagtyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerimiziň birnäçesi türkmen hökümetine ýakyn gurply hojalyklaryň tas ählisiniň “Starlink” enjamyny ulanýandygyny, ýöne adaty raýatlaryň ondan peýdalanmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar.
“Ýönekeý adamlarda ‘Starlink’ enjamynyň bardygy anyklansa, onda güýç gulluklary gelip, ony ellerinden alýarlar we yzyna gaýdyp bermeýärler. Hökümet ýolbaşçylary we olara ýakyn gurply hojalyklar ulanýar, ýöne halka gadagan edilýär. Halk kommunizm, özleri bolsa kapitalizm şertlerinde ýaşaýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistanda "Starlink" ulanýanlaryň peýda bolandygyny habarçylarymyz geçen güýz aýlarynda habar beripdiler. Hususan-da, Lebapda we Daşoguzda ilat arasynda “Starlink” enjamyny ulanyp, Internetden bökdençsiz peýdalanýanlaryň bardygyny, emma sany az bolansoň, resmileriň olara häzirlikçe üns bermeýändigini habarçylarymyz belläpdi.
Halkara barlaglarda dünýäde iň haýal we gymmat Internetli ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde, Internet azatlygyny gysmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. Ýurtda Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmeleri, şol sanda garaşsyz habar serişdeleri we iri sosial torlar hem berk petik astynda saklanýar.
Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler ýurtda sanly ulgamlaryň ösdürilýändigini, tas ähli pudaklara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.