Türkmenistanda Serhet goşunlarynyň başlygy täzelendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýewi wezipesinden boşatdy. Ol bu wezipä 2021-nji ýylyň ýanwarynda bellenipdi we şondan öň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesinde işläpdi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine öň bu gullugyň başlygynyň orunbasary — baş karargähiň serkerdesi wezipesinde işlän polkownik Ilaman Ilamanow bellenildi.
Serhet gullugynyň öňki başlygy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde hasabat bereninden soň, wezipesinden "başga işe geçýändigi sebäpli" boşadyldy. Ýöne onuň haýsy işe geçýändigi anyklaşdyrylmady.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, prezident ýurt serhetleriniň goragyny üpjün etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri, döwrebap tehnikalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle-de, Berdimuhamedowyň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrandygy bellenýär.
Azatlygyň habarçylary, beýleki garaşsyz neşirler türkmen harbylarynyň iş şertleriniň, aýlyk, jaý üpjünçiligi ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny, işden çykmak isleýän harbylaryň örän kändigini habar berýärler.