Russiýanyň nebit-gaz girdejileri 2020-nji ýyldan bäri iň pes derejä düşýär
Russiýanyň nebitden we gazdan alýan býujet girdejileri ýanwar aýynda 420 milliard rubla deň bolar, bu girdejileriň geçen ýylyň ýanwary bilen deňeşdirilende 46% pes boljakdygyny aňladýar diýip, “Roýters” ýazýar.
Bu 2020-nji ýylyň awgust aýyndan bäri iň pes görkeziji bolup, şonda, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýangyç talaplary pese gaçypdy diýip, habarda bellenýär.
Şol bir wagtda, nebit we gaz girdejileri häzir Orsýetiň ähli býujet girdejileriniň dörtden bir bölegini düzýär.
Hasaplamalar Russiýadaky nebit we gaz önümçiligi, şeýle-de, olaryň içerki we daşarky bazarlarda gaýtadan işlenilişi, üpjünçilik bilen bagly maglumatlara esaslanýar.
Girdejileriň azalmagynyň sebäpleriniň biri rus nebitiniň bahalarynyň pese gaçmagy boldy: dekabr aýynda nebit bahasy 2024-nji ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 53% pese gaçdy we bir barrel ýangyjyň bahasy 3073 rubla düşdi.
Rus häkimiýetleri nebit girdejileriniň hem azalandygyny boýun aldylar. Maliýe ministrliginiň maglumatlaryna görä, dekabr aýynda olar 447,8 milliard rubla çenli kemeldi. 2024-nji ýyldaky nebit girdejileri 790,2 milliard rubla barabar bolupdy.