Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenabatda walýutanyň gara bazaryna garşy reýd geçirilýär

Lebabyň Türkmenabat şäherinde şu günler kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan daşary ýurt walýutasynyň, esasan-da ABŞ dollarynyň resmi däl söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy giň gerimli reýdler geçirilýär. Şäher polisiýa bölümindäki ygtybarly çeşmelerimiz onlarça adamyň tussag edilendigi aýdýarlar.

Şol bir wagtda, olar reýdlerde diňe käbir söwdagärleriň nyşana alynýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.

“Soňky hepdelerde wagtal-wagtal geçirilen reýdler 11-nji ýanwardan bäri has-da güýçli depginde geçirilip başlandy. Hukuk goraýjy edaralar tarapyndan amal edilýän reýdler şäheriň bazarlarynda geçirilýär. Olar köpçülikleýin häsiýetde gelip, walýutanyň bikanun söwdasy bilen meşgullanýanlary alyp gidýärler” diýip, şäheriň bazarlarynyň birinde bu ýagdaýlara şaýat bolan azyk söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şäher polisiýa bölümindäki çeşmelerimiz habarçymyza beren maglumatynda soňky birnäçe günüň dowamynda walýutanyň resmi däl söwdasy bilen baglylykda azyndan 35 adamyň saklanandygyny aýtdylar.

"Garaşsyz dollarçylar" we "esasy eýeler"Şol bir wagtda, olar reýdler söwdagärleriň ählisine garşy gönükdirilýän ýaly bolup görünse-de, bularda diňe käbir walýuta söwdagärleriniň nyşana alynýandygyny bellediler.

“Soňky döwürde şäherde ‘garaşsyz dollarçylar’ ýene köpelip başlady. Olar dollaryň gara bazaryny kontrol edýän ‘esasy eýelere’ degişli däl. Hut şol söwdagärleri tussag etmek üçin soňky wagtlarda reýdler has ýygy-ýygydan geçirilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Çeşmelerimiz şäherde walýutanyň gara bazarynyň ýokary derejeli döwlet emeldarlary bilen baglanyşykly toparlar tarapyndan dolandyrylýandygyny we olaryň walýutanyň resmi däl söwdasynyň “esasy eýeleri” diýlip atlandyrylýandygyny bellediler.

“Bu toparlar döwlet banklary arkaly resmi kurs boýunça uly möçberde daşary ýurt walýutasyny alyp bilýärler. Alnan walýutalar soňra gara bazara çykarylýar we ummasyz pul gazanylýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda saklanan walýuta söwdagärleriniň käbiri gysga wagtyň içinde azatlyga çykaryldy. Olaryň arkasynda döwlet emeldarlary bolup, olaryň işi bir jaň bilen çözüldi we olar dessine polisiýa bölüminden boşadyldylar diýip, çeşmelerimiz belleýär.

"Fiziki we psihologik basyş"“Beýlekiler bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäginde uly möçberde jerimelere sezewar edildi. Olaryň käbiri Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän wagtlaýyn izolýatorda saklanýar. Bu adamlar Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilip, olara fiziki we psihologik basyşyň ulanylýandygy barada gürrüňler bar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda öňden bäri dowam edip gelýän maliýe-ykdysady kynçylyklaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri 2015-nji ýylyň başynda ýurtda walýutanyň resmi söwdasyny berk çäklendirdiler.

Şondan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 3,5 manat bolmagynda galýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manat töwereginde bahalanýar.

Ýurtda walýutanyň gara bazary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri aç-açan hereket edýär. Häkimiýetler gara bazar söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirse-de, aradan birnäçe gün geçensoň, ýurduň bazarlarynda walýutanyň resmi däl söwdasy ýene aç-açan dowam edýär.

Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiz we walýutanyň gara bazar söwdasyndan habarly türkmenistanlylar reýdlerde diňe käbir söwdagärleriň nyşana alnyp, döwlet emeldarlary bilen ilteşiklidigi aýdylýanlaryň saklanandan gysga wagt soň boşadylýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net