Aşgabatda gyşky dynç alşynda sadaka soraýan çagalar göz-görtele köpeldi
“Sekiz, dokuz we 10 ýaşlaryndaky çagalar ýekelikde ýa-da iki-üç bolup, öňünden çykýan pyýadalardan we ulagyny ýoluň gyrasynda saklap duran ulag sürüjilerinden pul soraýarlar. Olar özlerine iýmit satyn aljakdyklaryny aýdyp, dilegçilik edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Köçelerden geçip barýan ötegçileriň käbirleri sadaka sorap, dilegçilik edýän çagalaryň ýagdaýyna alada bildirip, olara “ejeň, kakaň ýokmy?! Näme üçin dilegçilik edýärsiňiz?” diýen soraglary berýärler.
“Çagalaryň käbiri eje-kakasynyň bardygyny, ýöne olaryň biriniň işleýändigini we alýan aýlygynyň iýjek iýmitlerine hem ýetmeýändigini aýdýarlar. Ötegçileriň köpüsi ýurduň gidişini, çagalaryň, ähli halkyň geljegini gaýgy-alada edip, geljege garaňky garaýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Mekdepde iýjek çöregimiz üçin..."Sadaka soraýan çagalaryň ençemesi gyşky dynç alyş günlerinde dilegçilik edip, mekdepde iýjek azyk önümlerini satyn almak üçin pul ýygnaýandyklaryny hem aýdýar.
“Eger adamlardan pul sorap, pul ýygnamasak, okuw başlandan soň, mekdepde aç oturmaly bolýarys. Geçip barýan adamlaryň biri bermese beýlekisi 3-4 manat berýär. Şeýlelik-de, käte günüň dowamynda 10-15 manat, käte-de 20 manat bolýar. Şeýdip, mekdepde iýjek çöregimiz üçin pul toplaýarys” diýip, sadaka soraýan çagalaryň biri gürrüň berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň ikinji çärýegi tamamlanyp, gyşky dynç alyş günleri dowam edýär. Iki hepdä golaý wagt dowam edýän gyşky dynç alyş günleri adatça dekabryň 30-dan ýanwaryň 12-i aralygyny öz içine alýar.
Maliýe-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Köp türkmenistanly aýlyklaryň azlygyny, olaryň azyga zordan ýetýändigini aýdyp gelýär.
Bularyň arasynda, güzeran eklenji barha agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şol sanda öýsüz adamlaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelendigini synlasa bolýar.
"Şatlykly geçýän" dynç alyş...Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň gyşky ýa-da tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlardan sadaka sorap, dilegçilik etmegi bilen bagly ýagdaýlar soňky birnäçe ýyl bäri gaýtalanýar.
Geçen ýylyň ýanwarynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz takmynan 4-5-nji synplarda okaýan çagalaryň Türkmenabat şäheriniň bazarlaryndaky alyjylardan pul bermegi, azyk satyn alyp bermegi ýa-da satyn alan harydyndan bölüp bermegi haýyş edýändigini habar beripdi.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, hususan-da, çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.
Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem raýatlaryň, şol sanda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny” her gün diýen ýaly öňe sürüp, bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýär.
Muňa derek, resmi neşirler şu günler mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşynyň “şatlykly geçýändigi, olaryň taryhy ýadygärliklere, muzeýlere, kitaphanalara gezelenç edýändigi” barada makalalary çap edýär.
Şol bir wagtda, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň ençemesi çagalaryň bu gezelençlere gatnaşmaga mejbur edilýändigini we munuň üçin olardan pul ýygnalýandygyny aýdyp, bu çäräni “häkimiýetleriň býujeti doldurmak tagallalary” atlandyryp gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.