Russiýada, Türkiýede işleýän türkmen migrantlary 'görýän görgülerini' gürrüň berýärler
Ilatynyň ykdysady problemalaryny resmi derejede boýun almaýan Türkmenistanda raýatlaryň ençemesi zähmet migrasiýasyna çykalga hökmünde seredýär. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýurdunyň daşynda, şol sanda Russiýa, Türkiýä, goňşy Merkezi Aziýa döwletlerine gidip, gazanmaga mümkinçilik gözleýärler. Olaryň ýat ýurtlaryndaky ýaşaýyş we iş şertleri, gazanç ugrundaky kynçylyklardan we Türkmenistandaky durmuşyň derejesinden habar berýär.
Daşary ýurtlarda işläp, Türkmenistandaky maşgalalaryny eklemäge synanyşýan türkmenistanlylar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olaryň ençemesi agyr iş şertlerde işleýärler we gazanan pulunyň uly bölegini öýlerine ugradýarlar.
"Daşary ýurda işlemek üçin ýurtdan çykmanka migrantlaryň bir topary bergä batyp gidýärler, köpüsi puly prosentli karz alýarlar, soň üzlüşmeli bolýarlar" diýip, Russiýada işleýän türkmenistanly işçi gürrüň berdi.
Türkmen migrantlary islendik işe razy bolýarlar we adatça agyr işlerde işleýärler, şol sanda gurluşyk, jaýlary bejermek, köçe süpürmek ýaly işlerde.
"Daşary ýurtda işleýänlerin gazanjy iş ýerlerine görä üýtgeýär. Işleýänler azyndan 250-300$, gowy iş tapyp bilenler 800$ öýlerine ugradyp bilýärler", diýip, Russiada işleýän ýene bir türkmenistanly gürrüň berdi.
Emma onuň sözlerine görä, düybünden pul ugradyp bilmeýän migrantlar hem bar. Iş tapman köçede ýatýan migrantlara hem duş gelse bolýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe türkmenistanlynyň gürrüň bermegine görä, Russiýada ýaşamak örän çykdajyly bolup, iň esasy zerurlyklar üçin gazanjyň esli bölegi gidýär.
"Kwartplata, iýmitiňe 150$ aýrmaly bolýar. Ildeşlerimiz bir kwartirada 30 adam bolup ýaşaýarlar, her otagda 10 adam bolýar. Olar kwartira diňe ýatmaga barýarlar" diýip, türkmen migrantly gürrüň berdi.
Ol gurluşyk, jaý bejermek bilen meşgullanýanlaryň iş ýerlerinde ýatyp turýandygyny aýtdy: "Kwartiralary remont işleri bilen meşgullanýan migrantlaryň şol ýerde ýaşaýanlary hem bar. Kraska, kleýiň ysy, çiglilik, tozan gurluşykçylaryn saglygyna gaty zyýan yetirýär".
Şeýle-de, migrantlaryň kadaly iýmitlenmeýändigi saglyga zyýan ýetirýän sebäpleriň ýene biri.
"Olaryň iýmiti esasan "Anakom" ýaly gurak aş. Işe gidip uzak gün 12-14 sagat işleýän adamlaryň gelenlerinde nahar bişirmäge ýagdaýlary bolmaýar" diýip, ýene bir migrant belledi.
Orsýetde işleýän ýene bir türkmenistanlynyň sözlerine görä, gurluşykda işläp, eline, aýagyna zyýan ýetip, maýyp bolýan käbir işçiler dokumentleri düzüw bolmanlygy sebäpli lukmana ýüz tutup bilmeýär.
Puly studentler hem ugradýarDaşary ýurtlarda okaýan türkmen stundetleri hem öz maşgalalaryny goldamaga çalyşýar.
Russiýada bilim alýan türkmenistanly student okuwy üçin özüne öýünden iberilýän puly yzyna öýüne ugradýandygyny we özi ýaly başga-da tanyşlarynyň bardygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
"Aýda iberilýän 250$ puly öýe yzyna ugradýarys, okuwa hepdede 2-3 gatnap galan wagtymyzy işde geçirýäris. Okuw puluny öýüne yzyna iberýänler bar".
Tükmenistan daşary ýurtlaryň käbir ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan raýatlary üçin okuw puluny resmi kurs boýunça çalyşmak, şeýle-de her aýda resmi kurs boýunça 250 dollar möçberinde puly bank üsti ýurduň daşyna ugratmaga rugsat berilýär. Merkezi Bankyň kursy boýunça 3,5 türkmen manady 1 amerikan dollaryna barabar, gara bazarda bir dollar 20 manat töwereginde bahalanýar.
Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan studentler öz maşgallalarynyň resmi kurs boýunça çalyşyp, ýurduň daşyna ugradýan şol puly ýene-de yzyna dollarda ýollasalar, Türkmenistandaky ýakynlaryna maddy kömek bolýandygyny gürrüň berdiler. Şeýle edýän ýaşlaryň sözlerine görä, olaryň özleri soň durmuş zerurlyklary üçin işlemeli bolýarlar we iňňän tygşytly ýaşaýarlar.
"Türkmen studentleri okuwlaryndan daşary boş günlerini işläp, bir hepdelik iýjek zatlaryny satyn alýarlar. Studentlerin esasy nahary kartoşka we tiz taýýarlanýan gurak aş ýaly arzan naharlar. Şeýdip, günde naharlanýarlar" diýip, Russiýada okaýan student gürrüň berdi.
Ýene bir student kafede gap-çanak ýuwup 10 dollara golaý pul gazanýandygyny aýtdy.
"Supermarkete baramda ilki alýan zadym kartoşka, ol arzan we 1 buhanka çörek. Russiýada çörekler ýokumsyz türkmen çoregi ýaly däl. Et gymmat, towuk etini alýan. Nahary günde bişirip bilmeýän, kämahallar aç ýatýan" diýip student gürrüň berýär.
Russiýada zähmet çekýän türkmen migrantlary we okaýan studentler dürli kemsitmelere hem sezewar bolýarlar.
Türkiýede işläp yören türkmen migrantlary hem iş we durmuş şertleriniň agyrdygyny gürrüň berýärler.
"Gazanan pulumyzy öye ugratjak bolup, iň arzan harytlary satyn alyp iýýäris, naharlansak bolýar. Günüň dowamynda bir sapar gyzgyn nahar iýip bilsek begenyäris. Öýe pul ugratmak üçin iýmiti gysmaly bolýar" diýip, Türkiýede işleýän türkmen migrantly gürrüň berdi.
Başga çykalga görmeýärlerŞeýle kynçylyklara garamazdan, türkmenistanlylar ýat ýurtlarda galmagyny dowam etidirýärler we muny öz ýurdundaky ykdysady problemalar we çykgynsyzlyk bilen düşündirýärler.
"Adamlar öýlerine baranda işiň yoklugyny bilip işleýärler. Özleriniň ýarawsyzlygyny spirtli içgiler bilen bejerjek bolýarlar. Türkiýede hem watandaşlarymyz agyr ýerlerde işleýärler. Daşary ýurtlarda ölýänleriň sany hem gaty kän. Biriniň jesedini Türkmenistana ugradyp bolsa, beýlekisini ýat ýurtda jaýlamaly bolýarlar" diýip, türkmen migranty gürrüň berdi.
Onuň bellemegine görä, Türkiýede hem iş tapmadyklar wokzallarda, metrolarda, köçelerde ýatyp turýarlar. Käbirleriň öýüne gaýtmaga puly bolman, öz janyna kast edýänler hem bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.