Türkmenistan uly Berdimuhamedowyň adyny göterýän gaznanyň web sahypasyny döretdi
Türkmenistanda uly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web sahypasy döredildi.
Türkmen metbugaty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýtynyň “hemayat.gov.tm” ady bilen işe girizilendigini habar berdi.
Bu platforma, habarda aýylmagyna görä, bäş ýyla golaý öň döredilen gaznanyň işini Türkmenistanyň raýatlary hem-de halkara hyzmatdaşlary üçin mümkin boldugyça açyk we elýeterli etmek maksady bilen döredildi.
Saýtda gaznanyň maksady we iş ugurlary barada maglumatlar, täzelikler, foto we wideo materiallar, peýdaly maslahatlar hem-de aragatnaşyk maglumatlary ýerleşdirildi.
2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň esasy wezipeleri, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, ene-atalaryň howandarlygyndan mahrum bolan çagalara giň möçberde goldaw bermek, çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny we bejergini maliýeleşdirmek, saglygy dikeldiş we sagaldyş çärelerini geçirmek, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermek, şeýle hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat.
Resmi metbugatyň berýän bir taraply maglumatlaryndan tapawutlylykda, sosial ulgamlarda pikirini aýdýan ýaşaýjylar we Azatlygyň çeşmeleri soňky onýyllyklarda ýurtda kömege mätäç çagalaryň sanynyň görülmedik derejede köpelendigini, öňki prezidentiň adyny göterýän gaznanyň kömege mätäç çagalara deň gözde garamaýandygyny we bu guramanyň esasan propaganda üçin ulanylýandygyny öňe sürýärler.