Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýär
Balkanyň häkimiýetleri şu günler ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirmek işlerini batlandyrdylar. Bu waka, ilat arasynda ýurtda zähmet we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligine garşy nägilelikleriň artýan mahalyna gabat geldi. Ýygnaklarda raýatlardan arz-şikaýatlary bes etmek hem talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Hepdäniň başyndan bäri welaýat, etrap we oba derejelerinde ýerli häkimlik, kazyýet, prokuratura, MHM, polisiýa we aýallar guramalary tarapyndan wagyz-nesihat ýygnaklary geçirilýär. Býujet işgärleri bilen geçirilýän ýygnaklar diňe ‘pensionerleriňize aýdyň, şikaýat etmesin’ diýen mazmunda geçýär” diýip, ýygnaga gatnaşan balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Ýygnaklaryň geçirilmegine geçen hepdäniň ahyryndan, ýagny 3-nji ýanwardan başlap balkanlylaryň her gün Balkanabat şäherindäki häkimlik binasyna baryp, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň 10% artdyrylmandygyna nägilelik bildirmegi we olary köpeltmegi talap etmegi sebäp boldy.
“Bu adamlaryň arasynda pensionerler agdyklyk edýär. Soňky dört gün bäri gaznanyň etrap bölümlerine gelýän şikaýatlaryň sany hem sanardan kän. Türkmenistanyň taryhynda garrylaryň bu derejede arz-şikaýat etmegi häzire çenli görülmändi. Bu arz-şikaýatlar häkimiýetleri ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirmäge iterdi” diýip, welaýat pensiýa gaznasyndaky ynamdar çeşmämiz aýtdy.
"Bu gowulyk bilen gutarmaz"Bellesek, Türkmenistanda täze ýylyň başynda pensiýalaryna, maýyplyk we çaga üçin döwlet töleglerine garaşan türkmenistanlylar onuň mukdarynyň üýtgemändigini bilip galdylar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10% ýokarlandyrylýardy.
Bu düzgüniň ýatyrylmagy barada resmi habar berilmeýärkä, dekabryň başynda Balkanyň edara-kärhanalaryna aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmagy bes etmek barada habarnama paýlandy.
Balkanda bu meselä bagyşlanan ýygnaklar esasan Medeniýet öýlerinde we orta mekdeplerde geçirilýär.
Bulara gatnaşan balkanlylaryň, hususan-da, pensionerleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, MHM we kazyýet ofiserleri öz çykyşlarynda “raýatlaryň arz etmeginde daşarky täsirleriň bardygyny” hem öňe sürdüler.
“Şondan soň garrylaryň ençemesi ofiserlere ýüzlenip, ‘biz çydamly bolarys, ýöne bu gowulyk bilen gutarmaz’ diýip köpçülik bolup, tas biragyzdan goldap, ses ediberensoň, ýygnagy geçirenler 30 minutdan halkyň nägile reaksiýasyny görüp, sesini çykarman, ‘özleriňiz düşünýäňiz-ä biziň elimizdäki zat däl, biz ýokary ýetireris, köşeşiň we agzalalygy ulaltmaň, ýygnagy geçirip bolduk’ diýip, çykyp gitdiler” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Az sanly gurply baýlar we köp sanly garyp hojalyklar"Geçen hepdäniň ahyryndan bäri sosial ulgamlarda, Imo messenjerinde prezidente ýüzlenýän garrylar we çaga kömek puluny alýan ýaş eneler hem göz-görtele köpeldi.
Olar öz ýüzlenmelerinde ýurtdaky gymmatçylyga, güzeran eklenjiniň kynlaşmagyna, pensiýa we kömek pullarynyň ujypsyz bolmagyna ünsi çekdiler.
Bu tema şu günler ilat arasynda hem gürrüňi edilýän esasy mowzuklaryň biri bolup, olarda pensionerleriň ençemesi türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy alyp baran ýalňyş syýasaty netijesinde, halkyň ikä – az sanly gurply baýlara we köp sanly garyp hojalyklara – bölünendigini hem belleýärler.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat häkimliginden we pensiýa gaznasyndan resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak tejribesi soňky 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilýärdi. Türkmen hökümeti bu çäräni ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sosial syýasatyň çäginde öňe sürüpdi.
Ýöne Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde edaranyň Ýaşulular geňeşiniň bir agzasy çykyş edip, ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi. Aşgabadyň Maslahat köşgünde çykyş eden “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň eýesi Ýazmyrat Atamyradow bu teklibi etmeginiň sebäbini “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigi” bilen düşündirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.