Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistanda ‘köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň gündogar-günorta sebitlerinde öýsüz adamlar göz-görtele köpelýär. Olaryň ençemesi, howanyň temperaturasy gijelerine –1 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, özleriniň sowukdan goranmak we aman galmak mümkinçilikleriniň has-da agyrlaşýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji ýanwarda maglumat berdi.

“Sowuk howada öýsüz galan adamlaryň, şol sanda çagaly eneleriň köpüsi köçelerdäki sowukdan goranmak üçin metjitleriň, gonamçylyklaryň sadaka berilýän myhman jaýlarynda ýatyp turýarlar. Olar bu ýerde ýaşaýar diýsek-de ýalňyşmarys” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Öýsüz adamlara otly wokzallarynda we awto-menzillerde hem köp duş gelse bolýar. Olaryň köpüsi gijelerine otly we awto menzillerdäki binalaryň içinde ýatyp, gündizlerine köçelerde dilegçilik edýär.

“Howanyň sowamagy bilen, gijelerine köçelerde aman galmak gaty kynlaşdy. Şol sebäpli metjitleriň, gonamçylyklaryň sadaka berilýän jaýlarynda ýaşamak rahat bolýar. Kimdir biri sadaka berse alýarys. Gündizlerine özümiz bilen çagalarymyz hem dilegçilik edip, gün görýäris” diýip, gonamçylyklaryň birindäki sadaka jaýynda galýan öýsüz ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Jaý kireýini töläp bilmän...Azatlykda bu metjitleriň, gonamçylyklaryň we wokzallaryň anyk nirede ýerleşýändigi we atlary barada doly maglumat bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan öýsüz ýaşaýjylaryň, şol sanda iki-üç çagaly eneleriň ençemesi ýurtda azyk önümleriniň we beýleki hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda jaý kireýini töläp bilmändikleri sebäpli, ýaşaýan jaýlaryndan çykarylandygyny aýdýar.

“Ekin meýdanlarynda günlükçi bolup işleýärdim. Ýöne ondan alýan girdejim gündelik azygymyza zordan ýetýärdi” diýip, iki çaganyň enesi öýsüz zenan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda güzeran eklenji ýaramazlaşyp, jaý kireýini töläp bilmeýän ýa-da jaýsyz galan adamlar barada aç-açan gürrüň gozgap, olaryň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine ýetirmeýärler. Bu barada resmi metbugatda hem gürrüň gozgalmaýar.

Ýurduň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde “doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlar” agzalyp geçilip, olaryň gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýandygy, döwlet tarapyndan mugt iýmit, egin-eşik, aýakgap, ýazuw we okuw esbaplary bilen üpjün edilýändigi, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mugt peýdalanýandygy aýdylýar. Ýöne kodeksde öýsüz, jaýsyz galan raýatlaryň durmuş goraglylygy barada maglumat göze ilmeýär.

Habarçymyz sebitde döwlet tarapyndan öýsüzleri wagtlaýyn saklamak üçin ýörite binalaryň göz öňünde tutulmandygyny, jaýlaryň ýokdugyny aýdýar. Şeýle-de, öýsüz ýaşaýjylaryň ençemesi ýerli häkimliklerden kömek sorap edýän ýüzlenmelerine hem hiç hili oňyn jogap berilmeýändigini belleýär.

Polisiýanyň reýdleri...“Döwlet tarapyndan öýsüz adamlaryň durmuş goraglylygyna maliýe taýdan ýardam berilmeýär. Umuman ýerli häkimiýetler olary kabul edip, arzlaryny hem diňlemeýärler” diýip, öýsüz galan ýaşaýjylaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, ýerli polisiýa işgärleri wokzallaryň binalarynda, metjitleriň we gonamçylyklaryň sadaka jaýlarynda ýatyp-turýan öýsüz adamlara garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

“Polisiýa bölümlerine getirilen öýsüz adamlar sorag edilýär. Olardan näme üçin wokzallarda, awto-menzillerde, gonamçylyklarda, metjitlerde ýatyp-turýandygy soralýar. Polisiýa işgärleri bu adamlaryň başga gidere ýerleriniň ýokdugyny bilseler-de, olardan otly we awto menziller ýaly köpçülik ýerlerinde görünmezligi talap edýärler. Olaryň çagalara hem nebsi agyrmaýar, kömek-goldaw bermezden ýene daşary, köçä çykaryp goýberýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli sebitleriň häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda öýsüz adamlaryň köpelýändigi baradaky maglumatlar mundan ozal koronawirus pandemiýasy döwründe we şondan soňky ýyllarda has ýygjamlaşypdy.

Şonda ýerli synçylaryň ençemesi muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda, ilat arasynda işsizligiň has-da artmagynyň we adamlaryň güzeran eklenjiniň öňküsinden hem ýaramazlaşmagynyň itergi berendigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net