Balkanabatda 'zagran pasport bermek' wagtlaýyn togtadyldy - Çeşmeler
Migrasiýa gullugynyň welaýat bölüminiň binasynyň agzynda oturan ofiserler adamlary içerik goýbermän, şol ýerden yzyna gaýtarýar diýip, bu habary birnäçe çeşme tassyk etdi.
Il içinde ‘zagran pasport” diýilýän pasportlary almagyň kynlaşýandygy baradaky maglumat ýurtda aýlyklaryň we pensiýalaryň ýyl başyndan 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilmegi bilen güýçlenen umytsyzlygyň fonunda, daşary ýurtlara gitmek hyýalyny dile getirýänleriň has köpelen wagtynda geldi.
Mümkin boldugyça çalt daşary ýurtlara gidip, maşgalasyna goldaw bermekçi bolan raýatlaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşip, özleriniň gönümel, açyk ýagdaýda hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmändiklerini aýtdylar.
Resmi düşündiriş ýok, umyt bar...Çeşmeleriň käbiri ‘zagran pasportlaryň’ berilmezligini migrasiýa gullugynyň sebitdäki şahamçasynyň işgärleriniň “häzir ýyllyk hasabatlary tabşyrýandygy” bilen baglanyşdyrýar we olaryň “tiz wagta öňki tertipde işläp başlajakdygyny” öňe sürýär.
Azatlyk daşary ýurtlara gitmekçi bolýan adamlaryň anyk sanyny bilmeýär, ýöne çeşmeler soňky günlerde Balkanabatdaky migrasýa edarasyna ýüz tutýan adamlaryň sanynyň ‘gaty’ köpelendigini, olaryň binanyň agzyndan lapykeç bolup gaýdýandygyny aýdýarlar.
“Hazar şäherçesinden, Esenguly, Gumdag ýaly ýerlerden, uzak ýol geçip Balkanabada gelen adamlar örän lapykeç bolýarlar. Olaryň öz sebitlerinde migrasiýa şahamçalary ýok, şu sebäpden hemme adam welaýat merkezine gelmeli” diýip, bir ýaşaýjy Türkmenistanda internet üsti bilen zagran pasport almagyň däl, nobat bellemek üçin žeton almagyň hem mümkin däldigini aýtdy.
Hazar şäherçesinden, öňki Çelekenden gelen raýat özüniň 130 km uzaklykdan, bir tarapyna 80 manat ýol kireýini töläp gelendigini gürrüň berdi.
Migrasiýa gullugy resminamalary kabul etmeýändigi hakda sosial ulgamlarda bildiriş beren bolsa, munça ýol geçip, çykdaja galyp, wagt ýitirip ýörmezdim diýip, söhbetdeşimiz migrasiýa işgärleri barada il içinde ‘gowy pikiriň ýokdugyny’ öňe sürdi.
“...migrasiýa ofiserleriniň gözüne ýag inip, adamlary adam hökmünde görmän, gödek gürleşip, salamyňam almaýarlar. Her tarapyňa 130 km aralyk, 260 km ýol geçmeli, diňe ýol kireýi üçin 160 manat çykdajy edýärsiň. Günortanlyk nahara ýönekeý somsa ýa-da çorba içseň, 60 manat puluň çykýar.”
Bildiriş berilse, adamlar kösenip gelmezdiAzatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň ýene ikisi bu ýagdaýy tassyklady we ilatyň migrasiýa gullugynyň işgärlerinden örän nägiledigini, olaryň adamlara ýagdaýy düşündirmekden geçen, örän gödek gürleşýändiklerini aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň köpüsi döwlet edaralarynda ilata edilýän hyzmatyň hiliniň pes bolmagyny giň ýaýrandygy aýdylýan ‘parahorluk keseli’ bilen baglanyşdyrýar.
Emma Azatlyk bu aýdylýanlary ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bilýär.
“Döwletimiz, daşary ýurtlardaky ýaly, zagran pasportlary onlaýn arkaly alyp bolar ýaly şert döretse, uly parahorlugyň öňüni alyp bilerdi. Giden halk kösenip, daş obalardan, şäherçelerden çykdajy baryny edip gelmezdi. Geleniň bilen, bir saparda işiň hem bitenok” diýip, başga bir raýat aýtdy.
Gyzylgaýadan Balkanabada pasport almak üçin gelen we lapykeç bolan 35 ýaşlaryndaky gelin, ady redaksiýada bar, adamlaryň meselesini çözmek isleseler, onuň ugur-ýolunyň kändigini aýtdy.
“Etraplarda hepdede bir gün ‘göçme kabul ediş’ bölümini döredip, migrasiýa gullugynyň bir işgärini iberseler, ol resminamalary kabul edip, adamlaryň pasport meselesini derrew çözüp bilerdi. Daşary ýurda gitmeseler, çetki obalarda durmuş durdy, eklenç üçin şert ýok” diýip, söhbetdeşimiz adamlaryň ‘zagran pasporta’ mümkin bolan çykalga hökmünde garaýandyklaryny belledi.
Migrasiýa hünärmenleri 'işe girip bilmeýär'Şu aralykda, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen birnäçe raýatyň tassyklamagyna görä, migrasiýa hünäri boýunça bilim alan raýatlar öz hünäri boýunça işe ýerleşmekde ‘uly kynçylyk çekýär’.
Balkanabatly we türkmenbaşyly raýatlaryň birnäçesi, olaryň azyndan ikisiniň atlary redaksiýada bar, migrasiýa hünäri boýunça bilim alandyklaryna garamazdan, işe ýerleşip bilmeýändiklerini, özleri ýaly işe alynmaýan hünärmenleriň sanynyň onlarçadygyny, olara ‘boş ýer ýok’ diýip jogap berilýändigini aýtdylar.
Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, migrasiýa gullugyna işe girjeklerden soralýan paranyň möçberi 30-40 müň dollar aralygynda bolup, bu puly köp adam tapmaýar.
Azatlyk parahorluk barada aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsiligiň derejesini, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna giden raýatlaryň sanyny, olaryň ýurda iberýän pullarynyň möçberlerini, şeýle-de, işlemäge, okamaga gidip, başga ýurtlarda hemişelik galýan adamlaryň sanyny çap etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.