Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Ýylyň jemleri: Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ýene bir agzasy syýasy sahna goşuldy -Oguljahan Atabaýewa

2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalanyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir wekili Oguljahan Atabaýewa işjeň orun alyp başlady.

Öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy, şeýle-de häzirki ýurt baştutanynyň aýal dogany Atabaýewa, resmi ýokary döwlet wezipesiniň ýokdugyna garamazdan, Türkmenistanyň adyndan daşary ýurt resmilerini garşylaýar, daşary döwletere saparlary amala aşyrýar, dürli ýygnakdyr-konferensiýalary geçirýär.

Galyberse-de, ýaşy we ozalky karýerasy barada maglumat berilmeýän Oguljahan, Türkmenistanyň dürli sebitlerine aýlanyp, prezident-dogany Serdar we kakasy Gurbanguly ýaly, öňünden geçirilýän giň gerimli mejbury taýýarlyklar bilen garşy alynýar. Munuň bilen bir wagtda, erkin metbugaty berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanyň döwet mediasy, şeýle-de hökümete ýakyn bloggerler Atabaýewanyň propogandasyny ýaňbaňladýarlar. Onuň döwletiň pullaryna öz maksatlary üçin kaşaň bir uçary düzdürendigi baradaky žurnalistiki derňew hem türkmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi.

Oguljahan hakda soňky wagta çenli kän zat bilinmeýärdi.

Esasy üns Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda häkimiýeti geçiren ýeke ogly Serdara gönükdirilip, onuň iki gyzy – Oguljahan we Güljahan köpçülige çykmandy. Mundan öň, Oguljahan hakda bilinýän maglumat onuň öz adamsy Britaniýadaky türkmen ilçihanasynyň geňeşçisi Döwlet Atabaýew bilen bile Londonda ýaşandygy bilen çäklenipdi.

Oguljahan 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, kakasynyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory, wise-prezidenti wezipesine bellenýänçä, kölegede galypdy. Şondan birnäçe gün soň prezident dogany oňa ‘Arkadag’ medalyny gowşurdy.

Atabaýewanyň propogandasyDöwletiň berk gözegçilik astyndaky resmi metbugat Oguljahanyň syýasy ýoly, eýelän wezipeleri, nirede bilim alandygy ýa-da ýaşy barada soňky bir ýylyň içinde kelam agyz maglumat berse-de, onuň şahsy propogandasyny göz-görtele ýaýbaňlatdy.

Oguljahan diňe bir resmi metbugatda däl, eýsem sosial ulgamlarda hem peýda bolup başlady. Ol barada TikTok we Instagram ulgamlarynda, hususan-da, häkimiýete ýakyn blogerler ýazýar we Atabaýewanyň geçiren duşuşyklary, maslahatlary barada wideolary paýlaşýar.

"Adamlar häzir bu wideolara gorky sebäpli teswir ýazýarlar. Hökümdaryň maşgalasy barada wideonyň aşagyna erbet teswir ýazmak ýaramaz netijeleri berip biler" diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Marynyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň beripdi.

Oguljahan köpçülikde görünip başlan birinji aýlarynda “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna hem interwýu beripdi.

“Dowamat imažy”Türkmenistany 15 ýyllap dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine ogly Serdar geçen soň hem, häkimiýeti öz elinde saklamagy dowam etdirýär. Onuň birden gyzyny hem syýasy sahna çykarmagy Oguljahanyň möhüm hökümet wezipesine bellenmäge taýýarlanýandygy baradaky çaklamalary döretdi.

Glasgow uniwersitetiniň professory, Ýewraziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski Atabaýewanyň syýasy arendaky işjeňliňiginiň göz-görtele artyp başlan döwrürleri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bu wakanyň Berdimuhamedowlar maşgalasynyň häkimiýetiniň “dowamat keşbiniň” berkidilmegine goşant goşandygyny aýtdy. Ol bu göçüme hem “dowamat imažy” hem-de “özgeriş imažy” hökmünde çemeleşip boljakdygyny aýtdy.

“Indi, Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz gyzyny [syýasat] sahnasyna çykarmagy onuň dowamat imažyna, dowamat keşbine goşant goşýar, olaryň öňden bäri meşgullanyp gelýän dolandyryş tilsimlerini dowam etdirýändiklerini aňladýar. Munuň bilen döredilýän ikinji imaž, ikinji keşp bolsa, özgeriş imažydyr, özgeriş keşbidir” diýip, Ançeski aprelde Azatlyga gürrüň beripdi.

“Özgeriş imažy” bolanda, bilermene görä, bu gönüden-göni dolandyryjy maşgalanyň öz içinde işleriň ýöredilişi babatynda şertleriň we ýagdaýlaryň üýtgeýändigini, özgerýändigini aňladyp biler. Maşgalanyň zenan agzasynyň syýasy sahna çykarylmagy olaryň öz ýakyn töweregine ‘özgeriş imažyny, özgeriş keşbini’ duýdurýandyklaryny alamatlandyrýan bolup biler.

Kakaly-gyzyň daşary ýurt saparlaryAtabaýewanyň birden artan işjeňligi diňe Türkmenistanyň içerki syýasaty bilen çäklenmeýär. Ol ýylyň dowamynda ýurduň adyndan Marokko, Katar ýaly döwletlere sapar edip, ýurduň de-facto, ýagny iş ýüzündäki baştutany hasaplanýan Gurbangulynyň hem daşary ýurt saparlaryna goşulyp gitdi. Kakaly-gyz bile Özbegistanda we Azerbaýjanda ýurt baştutanlary bilen duşuşdylar, şeýle-de Bakuwda kameralaryň öňünde el tutuşyp gezdiler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier Atabaýewanyň ýakyn wagtda syýasatdaky ornunyň pugtalanyp biljegini çak edýär.

“Birnäçe mümkinçilik bar. Meselem, Atabaýewa bir gün parlamentiň başlygy bolup biler. Bu logiki ädim bolup, görünýär. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri parlamentiň başlyklary zenanlar boldy. Şonuň üçin [Atabaýewanyň] şol rola niýetlenmegi meniň üçin tebigy görünýär" diýip, Panniýer belledi.

Kaşaň VIP uçarÝylyň dowamynda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň, döwletiň pullarynyň hasabyna millionlarça çykdajy edip, Atabaýewanyň öz maksatlary üçin kaşaň bir uçary gizlin düzdürendigi baradaky maglumat hem türmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi. Oktýabrda “turkmen.news", "Gundogar.media" neşirleriniň, şeýle-de Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikde çap eden maglumatynda, ilatyň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýan Türkmenistanyň prezidentiniň VIP flotunda bäşinji uçaryň peýda bolmagynyň, Oguljahanyň ýurduň syýasy sahnasyna çykan wagtyna gabat gelendigi bellendi.

Garaşsyz derňewi çap eden žurnalistler "Türkmenistan" howa ýollarynyň "EZ-A006" belgili "Boeing 737-700" kysymly ýolagçy uçarynyň 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatdan ABŞ-a baryp gaýdansoň, kaşaň özgerdilip, Berdimuhamedow maşgalasy tarapyndan ulanylýan VIP flotuna bäşinji edilip goşulandygyny anykladylar.

Garaşsyz mediada prezidentiň aýal dogany üçin ýörite taýýarlanan VIP uçar baradaky maglumat türkmen jemgyýetinde nägilelikli we tankydy pikir alyşmalara getirdi.

Ýerli ýaşaýjylar, şol sanda ýurduň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar, şeýle hem zähmet migrantlary we olaryň ýakynlary birinji maşgalany ýurtdaky hakyky durmuşdan aýrybaşgalykda bolmakda aýyplap, ýurtda emele gelen syýasy-ykdysady doňaklygyň gelejegini uly sorag astyna aldylar.

"Her gün ýüzlerçe raýat nobata durýar, ýöne tanyş-biliş ýa araçy tapmadyklara hiç hili ne ýurt içine, ne-de sanlyja halkara reýslere bilet tapdyranok. Oguljahan Atabaýewa şa gyzy ýaly kaşaň şahsy uçarda gezip ýörkä, adaty raýatlar orta ýolda sergezdan" diýip, aeroport işgäri aýtdy we ýurtda emele gelen ýiti bilet gytçylygynda gönüden-göni ýurt ýolbaşçylarynyň syýasy emelsizliginiň we biparhlygynyň ýatandygyny belledi.

Metbugat azatlygyny we söz erkinligini berk çäklendirýän Tükmenistanda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň şahsyýet kulty yzygiderli ösdürilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net