Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Halkyň Sesi: 2025-nji ýyl türkmen halkynyň raýat işjeňligi ýoluna düşendigini görkezdi

2025-nji ýyl, bir ýaşaýjynyň sözleri bilen aýtsak, öňki ýyllardaky ýaly, türkmenistanlylar üçin agyr we kyn ýyllaryň biri boldy, emma şol bir wagtda, beýleki bir pikire görä, taryha gidýän ýyl türkmen halkynyň raýat jemgyýetine, raýat işjeňligine tarap uzap gidýän uzyn ýoluna düşendigini, "şaýlanandygyny" yşarat eden ýyl boldy.
Azatlygyň ýerli habarçylary dekabr aýynyň başynda anonimlik şertinde pikirini aýtmaga razy bolan ýaşaýjylara birnäçe sorag berdiler.
Azatlyk Radiosy: 2025-de, siziňçe, türkmenistanlylar üçin iň pozitiw/oňyn, begenmeli zatlar haýsylar? Näme üçin? Bu ýylda halk üçin iň negatiw/tersin, gynanmaly zatlar haýsylar? Näme üçin?
Bu soraglara gysga, "2025-nji ýylda begenere zat ýok. Halk bähbitli hiç zat ýok. Sebäbi şu ýyl halka bähbitli hiç bir gowulyk edilmedi. Diňe ýokarda oturan emeldarlaryň bähbidine, parahorluk öňküsinden hem beter ösdi'' diýip, gaharly jogap berenler hem boldy, ýöne bu ýylda uzagyndan ösüşe getirjek 'alamatlary' görenler hem bar.


Mysal üçin, ýylyň iň oňyn, pozitiw zatlary hökmünde, söhbetdeşlerimiz ilat arasynda adamlaryň öz jogapkärçiliklerine has çynlakaý garamak ýa-da çemeleşmek meýilleriniň biraz güýçlendigini öňe sürdüler.
Anyk gürrüňe geçmezden öň, bu pikir soramanyň hakyky, sözüň doly manysynda däl-de, ýapyk ýurtda, başgaça pikiriň berk basylyp ýatyrylýan jemgyýetinde, örän seresaplylyk bilen geçirilendigini we pikirini aýtmakdan saklanýan adamlaryň garaýyşlaryna gabat gelmän hem biljekdigini, pikirini aýtjak adamlar üçin Azatlygyň mikrofonlarynyň açykdygyny ýatladýarys.
Ýaşlar öz haklaryny talap edip başlaýar18-29 ýaş aralygyndaky studentler, ýaş hünärmenler we dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlar Z nesliň Nepalda, Türkiýede, Serbiýada, Marokkoda, Gruziýada bolan syýasy protestleriniň özboluşly bir yşarat bolandygyny aýtdylar; şeýle-de, türkmen ýaşlarynyň arasynda häkimiýetleriň bikanun telefon ýygnamak, vpn-e, syýasy pikir alyşmalara garşy göreşmek çärelerine gaýtawul bermek meýilleriniň öňki ýyllara garanda has duýarlykly bolandygyny, olaryň öz hak-hukuklaryny talap edip başlandygyny, hut ýaşlaryň aýgytlyrak hereketi bilen türkmen blogçylarynyň, azda bolsa, ýurtda bar bolan sosial temalar boýunça çeper wideoşekilleri çykaryp başlandygyny bellediler.


Şu hili sosial meseleleriň çeper wideooşekillere gozgalyp başlanmagynyň fonunda, sentýabr aýynda geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde aýlyklary, beýleki kömek pullaryny 10% köpeltmezlik barada orta atylan teklip barada hem açyk çekişmeleriň alnyp barylmagy orta ýaşly söhbetdeşlerimiziň arasynda, ýylyň pozitiw, oňyn netije beren zatlarynyň biri hökmünde agzaldy.
30-59 ýaş aralygyndaky raýatlaryň, şol sanda býujet işgärleriniň, hususy telekeçileriň, daşary ýurtlardaky we ýurt içindäki içerki zähmet migrantlarynyň, daýhanlaryň, günlükçi işçileriň, hususy taksi sürüjileriň habarçylar bilen ikiçäk gürrüňçilikde bellemegine görä, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradowyň aýlyklary, pensiýalary we beýleki kömek pullaryny her ýyl 10 göterim köpeltmek tejribesini ýatyrmak barada eden "teklibi" ählumumy garşylyk kommentleriniň, närazy pikir alyşmalaryň, aç-açan protest pikirleriniň köpelmegine getirip, ilatyň indi tebigy gaz, elektrik togy, suw ýeňillikleriniň ýatyrylan wagtyndakydan başgaça pikirlenýändigini, bu hili teklipleriň indi sessiz 'ýuwdulmajakdygyny' görkezdi.
Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden Türkmenistana biometriki pasportlaryny çalyşmaga gelen, türk raýatlary bilen durmuş guran türkmen aýallarynyň yzyna gitmegine döreden emeli päsgelçiliklerine garşy aýdylan açyk pikirler hem ýylyň oňyn 'alamatlarynyň' biri boldy, ýogsa mundan öňki ýyllarda hem Aşgabat maşgalalaryň birleşmegine garşy çykyp, öz kanunlaryny sylamaýandygyny açyk görkezip bilýärdi we beýle ''berk dile düşmeýärdi''.
Türkmen raýatlarynyň internetde we sosial ulgamlarda eden çykyşlary netijesinde, Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri ahyrsoňunda biri-birinden bikanun aýrylan maşgala agzalarynyň möhümini bitirmeli boldy.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiziň birnäçesi öňki syýasy tussagyň, ýurtdan çykmak hukugy bozulýan Nurgeldi Halykowyň alyp barýan hukuk göreşiniň 'netijesini' bellediler.
''Nurgeldi Halykowyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen bikanun çäklendirmä garşy kazyýetde alyp barýan aýgytly göreşi, eger-de raýat öz kanuny hukuklarynyň goragynda berk dursa, hatda Türkmenistanyň şertlerinde hem üýtgeşiklik döredip biljekdigini görkezdi. Türkmen kazyýetiniň Migrasiýa gullugyny Halykowyň ýolunyň ýapylmagynyň sebäbini düşündirýän namany görkezmäge borçly etmegi, köp adamyň pikirine görä, kazyýet ulgamynyň ahyry ilatyň sosial-ykdysady talaplaryny diňläp başlamaga mejbur bolýar“ diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Ýaşulular öňki ýyllarda görülmedik 'aç-açanlyga' begendiAzatlygyň soraglaryna jogap beren 60 ýaşly we has ýaşuly nesliň wekilleri bu ýylyň oňyn, pozitiw zatlary hökmünde, häkimiýet-halk arasynda 'güýçlenen' ýa-da öňki ýyllarda kän görünmedik 'aç-açanlyga' begenendiklerini, munuň özlerine umyt berendigini aýtdylar.
''Häkimiýetleriň aşaky zynjyrynda, meselem, ýönekeý prokuror, bölüm başlyklary, arçynlar ýaly emeldarlaryň arasynda ilat bilen "aç-açanlygyň" döräp ýa-da has güýçlenip başlandygyny bellemeli'' diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe pensioneriň aýtmagyna görä, "ýerli we aşaky zynjyrdaky häkimiýetler hiç bolmanda bar problemalary boýun alyp başladylar".
"Arçynlar, etrap prokurorlary, suw hojalyk başlyklary, telekomyň ýolbaşçylary, awtoulag edarasynyň müdirleri hiç bolmasa indi aç-açan "dogry düşüniň, bize Aşgabatdan buýruk gelenok, ol ýa beýleki meselede özbaşdak hereket edip bilemizok'', ýa-da ''ýokardan talap bar: serişdeleri tygşytly ulanyň, artykmaç harajat etmäň diýýärler, netijede awtobus gatnawynyň işini talaba laýyk ýola goýup bilmeýäris" diýen terzde jogap berýärler'' diýip, maryly ýaşuly aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu jogaplar, nähilem bolsa, türkmen häkimiýetleriniň aşaky gatlagyndaky wekilleriň durmuş reallygyny boýun alyp başlandygy görkezýär.
Ýylyň iň negatiw zatlary barada aýdylanda...Taryha gidýän ýylyň iň negatiw zatlary barada aýdylanda, tas ähli ýaş toparlarynyň arasyndaky söhbetdeşlerimiz prezident Berdimuhamedowyň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň 'kaşaň uçary' diýilýän barada gürrüň gozgady.
Bu diňe bir uçaryň gürrüňi bolman, ýaşaýjylar, umuman, onuň syýasy sahna çykarylmagy baradaky habary iň ýaramaz habar hökmünde 'kabul edendiklerini' aýtdylar.


Aýry-aýrylykda aýdylan pikirlerden çen tutulsa, munuň sebäbi halk arasynda ýurtda emele gelen syýasy doňakçylyk, durgunlylyk we ýapyklyk ýagdaýyny Berdimuhamedowlaryň 'şahs çalşylmasy' bilen däl-de, alnyp barylýan üzňelik syýasatynyň üýtgedilmegi bilen 'çözüp boljakdygy' barada edilýän pikirleriň barha kän ýörgünli bolmagy bilen bagly.
Şeýle-de, 18-29 ýaş aralygyndaky ýaşlar internetiň petiklenmegi, bilim ulgamynda emele gelen ýykgynçylygyň we degradasiýanyň boýun alynmazlygyny, Türkiýedäki syýasy aktiwistleriň Türkmenistana zor bilen getirilmegini we ýitirim edilmegini, ýurtdaky demikdiriji syýasy atmosfera çydaman, ýurtdan göçüp gitmek isleýän adamlaryň köpelmegini 'iň negatiw' zatlar hökmünde bellediler.
30-59 ýaşly raýatlar bilen aýary-aýrylykda edilen gürrüňlerde Halk Maslahatynda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýyl 10 göterim köpeltmek tejribesiniň ýatyrylmagy barada edilen "teklip", ýiti suw ýetmezçiligi we häkimiýetleriň bu meselede sessiz galmagy, agyr ykdysady kirsiz we bahalaryň, hususan-da et nyrhlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagy iň negatiw zatlar hökmünde bellendi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň biometriki pasportlarynyň türkmen konsulhanalarynda berilmek mümkinçiliginiň döredilmeginiň dowamly yza çekilmegi, häkimiýetleriň aktiwistlere edýän basyşyny gowşatmazlygy, giň ýaýran işsizligiň saklanyp galmagy hem iň negatiw ýagdaýlar hökmünde bellenildi.
60 we ondan uly ýaşly nesliň wekilleri ýurtdaky ykdysady, sosial ýagdaýyň barha agyrlaşmagyny, goňşy ýurtlaryň resmileri bilen geçirilýän 'derejeli duşuşyklara' garamazdan, iş ýüzünde ýollaryň ýapyk galmagyny, özara ýolagçy gatnawlarynyň dikeldilmezligini we wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmezligini 'iň negatiw' ýagdaýlar hökmünde bellediler.
Ýylyň ýatda galan negatiw ýagdaýlary barada soralanda, ýangyç beketlerinde birnäçe günläp awtoulagyna ýangyç gyýmak üçin nobata duranyny, nobaty bozulmalary netijesinde sürüjileriň bir-biri bilen ýakalaşmagyna şaýat bolandygyny gürrüň berenler hem boldy.
Etiň görülmedik derejede gymmatlamagy bilen, adamlaryň daşary ýurtdan getirilýän süňksüz, näbelli malyň etini iýmäge mejbur bolanyny ýatlanlar hem boldy.


''Ýerli, arassa mallaryň etiniň kilogramy 100 manatdan aňyrda bahalanýar. Sada halkyň bu mallaryň etini almaga maddy mümkinçiligi ýok. Üstesine, aýlyklar däl, jerimeler ýokarlandyrylýar. Ekinler suwsuz gurady. Iş gözleginde ýurdy terk edýän köpelýär. Russiýa gidip, pul üçin urşa gatnaşýan, wepat bolýanlar barada hem habar köpelýär. Ene-ataly halyna ýetim galýan çaga köpelýär. Aýraçylyk kän. Ene-atalar çagalaryny görmäge zar, çagalar ene-atasyna zar. Tussagda oturan kän, amnistiýa düşýän az. Hojalyklar dagaýar. Bir-biregiň hakyny iýmek köpeldi. Parahorluk ösýär. Geçen ýyllara garanyňda, ýurtda adamlaryň gaty azalandygy bildirýär...'' diýip, bir ýaşaýjy 2025-nji ýylyň köp adamy gaty ýadadandygyny öňe sürdi.
Azatlyk Radiosy: '2025-nji ýylda, siziňçe, adamlaryň pikirlenişinde, durmuş-ýaşaýyş meselelerine çemleşişlerinde, öňki ýyllardaka garanda, nähilidir bir üýtgeşiklik göründimi? Bu üýtgeşiklik esasan nähili ýagdaýlarda göze ilýär?'
Tamamlanyp barýan ýyl, ýerli synçylaryň, ykdysatçylaryň we ýönekeý raýatlaryň bellemegine görä, türkmen jemgyýetçiligi üçin möhüm içgin transformasiýa, ýagny içerki tarapdan özgeriş ýyly boldy.
''Halkyň pikirlenişinde, ýaşaýyş-durmuş meselelerine çemeleşmelerinde nähilem bolsa üýtgeşikler göze ilip başlady. Adamlar ykdysady çökgünlik, maşgala kynçylyklary, ...çagalaryň gelejegi, saglyk we ekologiýa barada, ulag ýetmezçiligi, ýurtdaky kriminal, jenaýatçylyk ýagdaýyň ýitileşmegi barada birneme ýygjamrak pikir alşyp başladylar' diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.


Onuň sözlerine görä, dükanlarda ýarawlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň satuwyny ýazgarýan wideo çykyşlar we ýüzlenmeler, köp aýallylyk ýagdaýlaryna garşy çeper wideoşekiller we teswirler jemgyýetdäki pikir, garaýyş 'janlanmasyndan' habar berýär.
Garyp maşgalalaryň çagalaryna, ýetimlere, maýyplara berilýän haýyr-sahawat kömekleriniň güýçlendirilmegi baradaky pikirler we anyk işler, oba ýerlerinde, şäherlerde ýol infrastrukturasynyň ýaramazlaşmagyndan bildirilýän aladalar, awtobus, taksi, otly we uçar gatnawlarynyň ýetmezçiligi meselelerini gozgaýan wideo ýüzlenmeler we arz-şikaýatlar hem ýaşaýjylaryň öz durmuşlary babatdaky jogapkärçiliklerine indi has sagdyn seredip başlandyklaryny şarat edýär.
Ýiti suw ýetmezçiligi barada kollektiwleýin şekilde, bilelikde edilýän arz-şikaýatlar, ekologiýany goramak we zir-zibilleriň aýrylmazlygyna garşy göreşmek boýunça adaty raýatlaryň edýän ýüzlenmeleri gowy mysal...
''Görşümiz ýaly, ýylyň dowamynda türkmenistanlylar nähilem bolsa özleriniň durmuş meselelerini aç-açan dile getirmegi adaty, bolaýmaly zada öwrüp başladylar. Jemgyýetçilik pikir alyşmalarynyň gerimini giňeldip başladylar. Rezonans bolýan habarlara, meselem, Halk Maslahatyndaky "jedelli talap", etiň bahasynyň görlüp-eşidilmedik derejede artmagy, Maral Durdyýewanyň sungat işgärleri baradaky gepi, uçar we otly biletleriniň, gatnawlarynyň ýetmezçiligi, Türkmen demir ýollarynyň ýolbaşçysynyň Moskwada neşe serişdeleri bilen tutulmagy, Berdimuhamedowlaryň garyndaşlarynyň çölde adaty raýatlary kemsitmegi, [prezidentiň aýal dogany] Oguljahan Atabaýewanyň syýasy sahna çykarylmagy ýaly habarlara halk arasynda ahyrsoňy aç-açan, aýdyň görnüşde, ýiti negatiw reaksiýa bildirilip başlandy'' diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ilatyň häkimiýetleriň çärýek asyrdan gowrak alyp barýan ýapyklyk, üzňelik syýasatyny eýýäm häzirden, hiç bolmanda özara gatnaşyklarda we jemgyýetçilik pikir alyşmalarynda 'ýazgarman durup bilmeýändigini' görkezdi.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe synçynyň sözlerine görä, türkmen raýatlary, nähilem bolsa, içki mental, ruhy, gözýetim ölçeglerinde we derejesinde transformasiýa we özgeriş ýagdaýyna girýär.


''Bu özgerişlik ýoly birnäçe ýyl mundan ozal türkmen jemgyýeti üçin tas mümkin däl ýaly bolup görünýärdi, biraz soňra bu ýol tükeniksiz bolup görünýärdi, emma 2025-nji ýylyň aýagyna gelip, pikir alyşýan synçylarymyzyň, dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň sözlerinden çen tutsak, bu ýol ummasyz uzyn we kynçylykly bolar, ýöne türkmen jemgyýetçiliginiň ahyry bu ýola "şaýlanmagy" gutulgysyz bolup görünýär. Sebäbi, iru-giç, ol ýa-da halk öz taryhynyň öwrümli bir nokadyna gelende, "mundan beýläk öňküsi ýaly ýaşamagyň mümkin däldigine" göz ýetirýär. Hut şu sebäpli hem, onýyllyklaryň dowamynda atomlaşdyrylan, repressiýa gorkusynda ýaşan türkmen jemgyýetini durmuşyň özi içki taýdan, pikir we ruhy taýdan özgermäge iterýär. Hut halkyň özüniň öz durmuşy we geljegi baradaky pikirlenişiniň özgermegi, giňelmegi we berkemegi ahyrsoňy türkmen režiminiň syýasy sredasyny hem üýtgedip biler'' diýip, ýerli synçy aýtdy.
Azatlyk Radiosy: Adamlar 2026-njy ýylda ýurtda esasy nähili üýtgeşiklik bolmagyny isleýär?''Adamlar, birinjiden, adalatyň bolmagyny, ikinjiden, parahorlugyň ýok bolmagyny isleýär. Kimi gürletseň gürlet, adamlar Ýokary okuw jaýlaryna hakyky okajak oglan-gyzlaryň parasyz girip bilmegini, mugt okadylmagyny isleýär. Ene-atalaryň hemmesi mekdeplerde berilýän bilimiň derejesiniň gowulandyrylmagyny isleýär. Bäbekhanalardan başlap, türmelere çenli, agyr alym-berim 'derdini' aýyrmaly, dermanlar, azyk harytlary elýeter bahadan satylmaly we tapylmaly, aýlyklar ýokarlandyrylmaly, agyr jeza berlen tussaglaryň işine täzeden, açyk ýagdaýda seretmeli, bigünä adamlary boşatmaly, goşundaky meseleleri çözmeli'' diýip, bir söhbetdeşimiz adamlaryň isleýän zadynyň, ýolbaşçylar islese, syýasy erk bolsa, bolmajak zatlar däldigini belledi.
Onuň sözlerine görä, ýurtda 'jaýsyz adamlar gaty kän, gurlan jaylaryñ sany bolsa ondan hem kän'.
''Boş duran jaýlaryň hakyky eýelerine, jaýsyz kösenýän adamlara berilmegini arzuw edýärin; işsizlik gaty kän, edara-kärhanalarda berilýän aýlyklar hojalyk [maşgala] eklemäge ýetmeýär, iş orunlarynyň köp döredilmegini, aýlyklaryň ýokarlandyrylmagyny arzuw edýärin'' diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Adamlar ilkinji nobatda açyklygyň bolmagyny isleýärAşgabatda ýaşaýan synçy dekabryň başynda iberilen soraglara dürli ýaşdaky adamlar bilen aýry-aýrylykda gürleşip jogap berdi. Onuň tassyklamagyna görä, 2026-njy ýylda köp adam Türkmenistanda ilkinji nobatda açyklygyň bolmagyny, häkimiýetler bilen halkyň arasynda açyk dialogyň ýola goýulmagyny isleýär.
''Adamlar häkimiýetleriň bar bolan meseleleri we kynçylyklary boýun alyp bilmegi üçin syýasy erkiniň bolmagyny isleýär, Türkmenistany dünýä jemgyýetçiligi bilen "boş forumlar, gepleşik üçin gepleşikler, duşuşyk üçin duşuşyklar" arkaly däl-de, iş ýüzünde, anyk meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyk etmegini isleýär'' diýip, synçy aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, adamlar ýurtdaky korrupsiýa, mejbury zähmet, internet petiklenmesi, walýuta çalşygynyň bolmazlygy ýaly agyr meseleleriň çözülmegine garaşýar.
Dünýä habarlaryny yzarlaýan raýatlaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri ahyry "ählumumy bagtyýarlyk, bolelinlik, hiç hili mesele ýok" syýasatyndan pragmatik, durmuş reallygyny boýun alýan we halkyň pikirlerini göz öňünde tutýan syýasata geçmeli, başga ýol ýok diýip, ýerli syýasy synçy aýtdy.
Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşlar Täze ýylda Türkmenistana we raýatlara bagt, bereket, maksada tarap okgunly hereket etmek, gaýduwsyzlyk arzuw etdiler
30-59 ýaş aralygyndaky raýatlar birek-birege saglyk, abadançylyk, il-ýurt bähbitli işlerde rowaçlyk dileýärler; 60-dan ýokary ýaşuly nesliň wekilleri saglyk, goňşy we dünýä ýurtlary bilen açyklygy, düşünişmekligi we bütin dünýäde parahatçylygy arzuw edýärler diýip, habarçylarymyz ýazdylar.
Azatlyk "Halkyň sesi" tapgyryndan taýýarlanan pikir söhbetdeşligine gatnaşan türkmenistanlylaryň atlaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar we, pikirini aýtjak raýatlaryň ýerli habarçylarymyz bilen-de, redaksiýa bilen hem habarlaşyp biljekdigini ýatladýar. Pikirini aýdýan raýatlar sorasa, biz olaryň şahsy maglumatlaryny hiç kime açmaýarys.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net