Çeçenistanda AZAL uçarynyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärlik açyldy
Groznyda “Azerbaýjan Howaýollary” (AZAL) kompaniýasynyň Orsýetiň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlan uçarynda wepat bolan adamlaryň hatyrasyna gurlan ýadygärlik açyldy.
Ýadygärlik Haýdar Aliýew meýdançasynda açyldy diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Nowosti habar gullugy habar berdi. Açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Russiýadaky ilçisi Rahman Mustafaýew gatnaşdy.
"Bu betbagtçylyk biziň hemmämiz üçin aýylganç habar boldy. Şu gün biz Baku-Grozny reýsinde wepat bolan ýolagçylaryň hatyrasyna gurlan hakyda ýazgysyny açýarys" diýip, Çeçenistanyň hökümet administrasiýasynyň başlygy Galas Taýmaşanow açylyş dabarasynda aýtdy.
“Azerbaýjan Howaýollary” kompaniýasynyň (AZAL) “Embraer 190” uçary 2024-nji ýylyň dekabrynda Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrady. Uçardaky 67 adamyň 38-si wepat boldy.
Uçar Bakuwdan Grozny şäherine barýardy, ýöne Orsýetiň howa giňişliginde ýetirilen zyýan sebäpli ugruny üýtgetmeli boldy.
Bu wakanyň bolan gününiň ertesi “Roýters” we “Euronews” agentlikleri Bakuwdaky çeşmelere salgylanyp, uçaryň Orsýetiň howa hüjüminden goranyş ulgamy tarapyndan urlandygyny we pilotlara rus howa menzilinde gonmaga rugsat berilmändigini, olara Gazagystana uçmagyň buýrulandygyny habar berdiler.