Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen güýç edaralary daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylary saklaýar

Türkmenistanyň raýatlary dürli ýurtlarda zähmet çekip ýa-da ýokary bilim alyp öz ýurduna dolananda güýç edaralaryň işgärleri tarapyndan saklanýar. MHM-niň ýurda dolanýan raýatlary soraga çekmek tejribesi öňden bäri dowam edýär. Emma soňky wagtda ýurduna baran badyna aeroportda saklanan adamlaryň, ýitirm edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi.

Türkmenistanyň halkara aeroportlarynda şu günler ýolagçy köp bolýar. Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurtlardan gelýänleri olara sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýakynlaryndan başga-da türkmen raýatlaryna güýç edaralarynyň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri garaşýarlar.

Uçardan düşüp, goşlaryny almaga we tizräk öýlerine barmaga howlugýan ýolgaçylaryň ählisine aeroporty erkin terk etmek başartmaýar. Güýç gulluklaryň işgärleri ýolagçylaryň käbirleri saklap galýar.

"MHM işgärleri her birimiziň el telefonlarymyzy alyp içini dördüler. 'Näme işlediň, nirede ýaşadyň, din wekilleri bilen ylym paýlaşdyňmy? Biziň ýurdumyzyň adyna ysnat getirip, ýamanlaýan guramalar we adamlar bilen gürleşdiňmi we olaryň çykyşlaryny goldaýaňmy? Höwes bildirip, diňleýäňmi we olara goşuldyňmy? Ýene ýurtdan çykmak isleýäňmi? ýaly soraglary berdiler" diýip, türkmenistanly başdan geçiren ýagdaýyny gürrüň berdi.

Aşgabadyň aeroportunda sorag edilen ýene türkmenistanlynyň sözlerine görä, ol hem özüne berlen ähli soraglara 'ýok' diýip, jogap beripdir, onuň telefony barlanyp, içinden hiç zat tapylmasoň, goýberilipdir.

"Meniň daşary ýurtda ulanan el telefonyny zyňyp, täzesini alyp baranym gowy boldy. Menden hiç bir bahana çykmansoň goýberdiler, emma el telefonlaryny täzelemän, diňe içini arassalap gelen adamlaryň, bilmedim nädip, ýöne ähli zatlaryny ýüze çykardylar. Köp adam aeroportdan öýlerine dälde, MHM işgärleri tarapyndan näbelli ýerlere äkidildi" diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, daşary ýurtdan gelýän hossarlaryny garşy almak üçin aeroporta baran adamlary ýakynlarynyň saklanandygy we munuň sebäpleri barada habarly etmeýärler.

"Käbir ene-ata hatda çagalarynyň Türkmenistana baryp, barmandygyny hem bilmeýär. Saklanandygyny bilip galansoň, olary birnäçe günläp içeri işler müdirliklerinden gözleýärler" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.

Daşary ýurtlardan baryp, öýlerine, maşgalalaryna gowuşmadyk türkmenistanlylar barada maglumatlar sosial ulgamlarda hem peýda bolýar.

Tik-Tok platformasynda çap bolan wideolaryň birinde 63 ýaşly ene Olga Agaýewa Germaniýadan baran oglunyň aeroportda saklanandygyny we şondan bäri ýitirim edilendigini gürrüň berýär. Ene ençeme günläp kanun goraýjy edaralaryna barýandygyny, oňa oglunyň diridigi barada aýdylyp, görkezilmeýändigini aglap gürrüň berýär. Ene Türkmenistanyň prezidentine we Halk maslahatynyň başlygyna ýüzlenip, olara ýazmaça hat hem ýollandygyny aýdyp, öz çagasyny tapmaga kömek soraýar.

Daşary ýurtlardan baryp, aeroportda saklanýan türkmenistanlylaryň näme esasda saýlanýandygy belli däl. Bu barada migrasiýa gullugynyň wekilleri, MHM we aeroportuň işgärlerinden resmi teswir bermeýärler.

Emma ýagdaýdan habarly birnäçe çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soraga çekilýänleriň arasynda pasportlarynyň möhleti tiz wagtda dolýandygy sebäpli dokumentini täzelemek we çalyşmak üçin barýanlar, pasportlarynyň möhleti dolup, gaçgak tutulan we deport edililip gelýänler bar.

Şeýle-de, soraga çekilýänleriň arasynda Türkiýeden barýanlaryň, beýleki döwletlere seredilende köpdügini çeşmeler belleýär.

"Türkiýe döwletinde zähmet çekip işläp ýören adamlar, türk raýatyna durmuşa çykan çagaly gelinlerimiz gelýärler. Soňky wagtda Türkiýäniň polisiýasyna çagyrylyp, soň dessine Türkmenistana ugradylýan raýatlarymyzyň sany hem köpeldi" diýip, kanun goraýjy çeşme aýdýar.

Bu ýagdaý daşary ýurtlarda galýan türkmen raýatlarynyň mümkin boldugyndan ýurduna dolanmajak bolmagyna sebäp bolýar.

"Türkiýe, Russiýa we beýleki döwletlerdäki türkmenistanlylar, gizlenmeli, gaçmaly bolsa-da, hatda şol ýurtlaryň türmelerinde galmaly bolsa-da, yzyna Türkmenistana barmazlygy saýlaýarlar. Sebäbi türkmen tarapy gelenleri MHM işgärleri bilen garşylaýar" diýip, ýaňy-ýakynda Türkmenistana baran ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti migrasiýa problemasyny agzamaýar we kanun goraýjy edaralaryň ilatyň hereket erkinligini çäklendirýän eden-etdilikli hereketlerine resmi düşündiriş bermeýär, emma ilatyň ýurduň daşyna gidip-gelmegine degişli dürli çäklendirmelere ýol berýän düzgünlere ýol berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net