Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Ýaşaýjylar "Awazanyň" şu ýyl 'halk üçin ýapylmak' ähtimallygyndan alada galýar

“Türkmen halky şu ýyl "Awazada" dynç alyp bilmejege meňzeýär, adamlar eýýämden alada edýärler” diýip, aşgabatly çeşme Azatlygyň habarçysyna aýtdy. Ýöne ol häzirlikçe anyk bir zat aýdyp bilmejekdigini hem sözüne goşdy. Bu aladany adynyň aýdylmazlygyny soran ikinji çeşme hem tassyk etdi, ‘Ýekeje dynç alyş ýerimiz bardy, emma bu tomus olam bize ýetdirjek däl” diýip, aşgabatly pensioner aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz "Awazanyň" tomusda ýapyljakdygy baradaky gürrüňleriň prezidentiň maý aýynyň başynda Balkan sebitine eden saparyndan bir hepde soň köp edilip başlandygyny aýtdylar.

Azatlygyň habarçysy resmi taýdan barlap, tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumaty anyklamak üçin il arasynda bolup, birnäçe aşgabatly bilen gürrüňdeş boldy.

“Hawa, şu ýyl türkmen halkynyň Awazada dynç alyp biljegi gümana bolup görünýär. Halk içinde tomusky möwsümiň ýapyljakdygy barada gürrüň edýän köpelýär. Bu gürrüň hususan-da şu günler Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, ýönekeý adamlaryň, saglygyny dikeltmek üçin deňiz kenaryna gitmeli bolýan näsaglaryň pikirini edýän ýok.

"Halkyň pikirini edýän ýok"“Hemişeki bolşy ýaly, halkyň pikirini edýän ýok. Awazanyň iýun aýynda ýapylmagy hem ahmal diýýärler. Ýurt içinde bolýan ýa boljak zatlary diňe halk içine çykaňda ýa-da daşary ýurt mediasyndan bilip bolýar.”

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň näme sebäpden ýapyljakdygy barada ýaşaýjylar häzirlikçe diňe çen, çak edip bilýärler.

Aşgabatlylaryň käbiri arkalaşyk ýurtlarynyň, GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň gelmegine garaşylýar diýse, beýlekileri Awazanyň ýönekeý adamlar üçin ýapylmak ähtimallygyny şu ýyl daşary ýurtlardan geljek syýahatçylaryň has köpelmek ähtimallygy bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek, turizmden alynýan girdejini köpeltmek mümkinçilikleri barada köp ýyl bäri gürrüň edilýär, ýöne ýurtda saklanyp galýan berk wiza düzgüni, türkmen wizasyny almagyň aşa çylşyrymly bolmagy bu arzuwlary puja çykarýar diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistanyň elektron wiza ulgamyny girizjek täze kanuny kabul etmegi, elektron wizalaryň derejeleri we görnüşleri, olary resmileşdirmegiň, bermegiň we möhletini uzaltmagyň tertibi ýaly meseleleriň gönüden-göni prezident tarapyndan kesgitlenmegi hem daşary ýurt syýahatçylarynyň ýurda gelmegini ýeňilleşdirmek bilen bagly bolup, käbir maglumatlara görä, bu eýýäm turistleriň köpelmegine täsir edýär.

Ýaponiýadan gelen turistler bilen 'gürleşdik'Golaýda Balkan sebitine syýahat eden aşgabatly zenan ol ýerde Ýaponiýadan gelen aýallary görendigini, olar bilen beden dilinde, üm bilen gürleşendigini aýtdy.

“Olar bize elleri bilen ýüz-gözi şekillendirip, ‘siz owadan halk’ diýdiler. Bizem ‘sizem owadan’ diýen yşaraty etdik. Emma olar gülüp, baş ýaýkadylar. Onsoň biz elimizi çep döşümize goýup, ‘siziň ýüregiňiz gaty owadan’ diýdik. Olar begendiler” diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz ýurduň keramatly ýerleriniň birinde Ýaponiýadan gelen myhmanlary görmegiň özünde ýatdan çykmajak duýgulary döredendigini gürrüň berdi.

Ýöne "Awazanyň" ýönekeý adamlar üçin ýapylmagynyň esasy sebäbi, anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäriniň pikirine görä, hökümetiň tomusda geçirjek resmi çäreleri, şeýle-de ýolbaşçylaryň we olaryň çagalarynyň, ýokary gatlak wekilleriniň dynç alyşlary bilen bagly bolup görünýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji maýda Balkan welaýatyna iki günlük iş saparynda bolup, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi, Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Uly dabaralar halkyň hereket azatlygyny çäklendirmek bilen utgaşdyrylýarPrezident şonda "Awazada" hökümet agzalary bilen geçiren göçme mejlisinde, beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitde geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlygyň hem gürrüňini etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan şu ýylyň ikinji ýarymynda Deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp barýan döwletleriň halkara maslahatyny Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirmegi meýilleşdirýär.

Tejribeden belli bolşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlary ýa beýleki çäreler ýerli ilatyň hereket azatlyklarynyň berk çäklendirilmegi bilen utgaşdyrylýar.

Emma bu çäklendirmeleriň "Awazanyň" tomusda halk üçin doly ýapylmagyna getirip-getirmejekdigi entek belli däl we, adatça bolşy ýaly, ilata olaryň tomusky dynç alyşlaryna täsir edip biljek ýagdaýlar barada hiç bir zat duýdurylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net