Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Mekdeplerde okuw ýyly jemlenýär, gutardyş synaglarynda 'oňat bahalar satuwa çykarylýar'

Ýurduň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde nobatdaky okuw ýyly ahyrlaýan mahaly, 12-nji synpy tamamlaýan okuwçy ýaşlara gutardyş synaglarynyň 4-lik we 5-lik bahalary nagt pula satylyp başlandy diýip, Mary welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.

“Jemleýji synaglarda 4-lik baha üçin 100-200 manat, 5-lik baha üçin 400-500 manat soralýar” diýip, uçurymlar aýdýar.

Türkmenistanda orta mekdeplerden uçurym bolýan okuwçy ýaşlar gutardyş synaglaryny tabşyrýarlar we orta bilim hakynda şahadatnama kabul edýärler.

Şu ýyl ýurduň mekdeplerinde uçurym okuwçylar ilkinji gezek 12-nji synpy tamamlaýar. Ýatlasak, 2013 ýylda ýurtda umumy orta bilimiň möhleti tapgyrlaýyn uzaldylypdy.

Günorta-gündogar welaýatyň Ýolöten etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan uçurym ýaşlaryň birnäçesi gutardyş synaglarynda bahalaryň bikanun töleg esasynda goýulmagy bilen bir hatarda, abatlaýyş işlerine pul çykarmadyk okuwçylaryň çärýeklik bahalarynyň ymykly peseldilip goýulýandygyny aýdýarlar.

“Biziň klasymyzda mekdebiň abatlaýyş işlerine pul tabşyrmadyk üç-dört okuwçynyň jemleýji bahalarynyň örän pes goýulmagyna garaşylýar” diýip, okuwçy ýaşlar aýdýar.

Orta mekdebi tamamlap, orta ýa-da ýokary hünär okuw jaýlarynyň synaglaryna synanyşmagy meýilleşdirmeýän ýaşlar goýulýan bahalara özleriniň biperwaý garaýandyklaryny aýdýarlar.

'Näçelik goýsaňyz, goýuň!'“Men göni harby gulluga gidip, soňra iş gözleginde daşary ýurt döwletlerine çykmakçy bolýaryn. Meniň attestatyma näçelik baha goýjak bolsalar, goýubersinler! Bize tapawudy ýok. Ýöne mende çärýeklige-de, synaglara-da, remonta-da bermäge artykmaç pul ýok. Meniň okamak niýetim-de ýok, höwesim-de ýok” diýip, bir ýolötenli uçurym ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne mekdep uçurymlarynyň arasynda ýokary okuw jaýlarynyň synaglaryna synanyşmakçy bolýan ýaşlar bahalara çynlakaý çemeleşýärler.

4-lik we 5-lik bahalara dalaş edýän ýaşlar, mugallymlar bilen ylalaşyk esasynda, gutardyş synaglarynda soraglar bilen bir hatarda özlerine jogaplaryň hem berilmegine garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Ýöne uçurym ýaşlar jemleýji synaglarda 3-likden pes bahanyň goýulmajakdygy barada käbir maglumatlaryň paýlaşylandygyny aýdýarlar.

“Hemmelere iň azyndan kanagatlanarly bahalaryň goýulmagyna garaşylýar, ýöne 4-lik ýa-da 5-lik baha aljak bolsaň, mugallymlara pul bermeli” diýip, uçurymlar aýdýar.

Olar, hususan-da, ýokary okuw jaýlaryna synanyşmakçy bolýan ýaşlardan pul almak maksady bilen, jemleýji bahalardan gural hökmünde peýdalanylýandygyny aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin-de köplenç para soralýar. Azatlygyň çeşmeleri şu ýyl ýerli uniwersitetlere we institutlara para kabul etmek möwsüminiň möhletiniň, öňki ýyllardan tapawutlylykda, maý aýyna çenli uzaldylandygyny aýtdylar.

Bu aralykda, ýerli synçylar orta mekdeplerde okuwçylara berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

'Ruhy-ahlak çökgünligi'Ýaňy-ýakynda bilim edaralarynda geçirilen uçurym dabaralaryna tomaşa eden tejribeli bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde mekdeplerde fizika, himiýa, matematika ýaly takyk ylymlar beýlede dursun, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň kanagatlanarly derejede öwredilmeýändigini aýdyp dertlenýär.

“Ahlak gymmatlyklary, adam gatnaşyklary öwredilmeýär, bir-birek bilen ýumruklaşyp uruşýan okuwçy gyzlar diýermiň, gyzlara garşy zorluk ulanýan oglanlar diýermiň, garaz, ahlak terbiýesi berilmeýär. Mugallymlar hem görelde görkezip bilmeýär” diýip, tejribeli magaryf işgäri aýdýar.

“Meselem, şu günler mugallymlar mekdeplerde ýylyň dowamynda ýygnalan kagyz materiallary, okuwçylaryň depderlerini, käbir kitaplary, gazet-žurnallary ýygnap, kagyz önümlerini öndürýän kärhanalara satmaga howlugýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Maglumata görä, mugallymlar kitap-depderleriň, umuman kagyz önümleriniň bir kilesini 4 manatdan degişli önümçilik kärhanalaryna geçirýärler.

“Mekdeplerde adamlara we haýwanlara bolan rehim-şepagat, bilelikde barlyşykly ýaşamak duýgulary öwredilmeýär” diýip, bilim işgäri aýdýar.

Kepderilere kagyzdan 'täç dakyldy'“Meselem, uçurym dabaralarynda okuwçylar asmana kepderi uçurdylar. Ol kepderi janawerleriň görmedik güni galmady. Uçurymlar kepderileriň her birisini 50 manatdan satyn alyp, olara dürli şaý-sepleri asyp, zerur bolanda ýelim ýelmäp, asmana uçurdylar. Kepderileriň kellesine kagyzdan täç ýasap, ýelim ýelmäp, şol täji saklajak bolup, ýa-da guşlara başga plastiki jisimleri dakyp, uçuryp goýberdiler” diýip, ol belleýär.

Bilim-terbiýeçilik işgäri asmana uçurylan kepderileriň şol jisimleri göterip bilmän, ganatlary gyrlyp, ejir çekip kösenendigini aýdýar.

Ýöne mugallymlar uçurym ýaşlaryň kepderilere "görkezen görgülerine" ses çykarman gapdaldan seredip durupdyrlar.

“Mekdeplerde ahlak terbiýesi, adamlara we haýwanlara, ýaşaýyş-durmuşa bolan söýgi öwredilmeýär” diýip, magaryf işgäri uludan demini alýar.

“Okuwçylarda mugallymlara bolan hormat ýok, mugallymlar depder-kitaplary kagyz kombinata geçirip, girdeji gazanmagyň derdinde”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net