Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Çagalar dynç alyş merkezleri üçin pul ýygnalýar; Köp çaga 'kagyzda dynç alýar'

Balkanabatdaky mekdepleriň mugallymlaryndan tomusky dynç alyş we sagaldyş merkezleri üçin pul toplanýar, her mugallym okadýan sagatlaryna laýyklykda, “stawkasyna görä, 0,5 stawka işleýän bolsa 100 manatdan, 1 stawka işleýän bolsa, 200 manatdan pul bermeli” diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berdi.

Anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar, her ýylda bolşy ýaly, mekdep müdirleriniň jemlenen pullary ýurduň “Gökdere”, “Awaza” ýaly çagalar dynç alyş merkezleriniň bank hasaplaryna geçirýändigini aýdýarlar. “Bellenen möçberdäki puly wagtynda geçirmek hökmany talap bolup durýar” diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen mugallymlar aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleri mekdep müdirleriniň mugallymlaryň hasabyna toplanan pullary öz mekdeplerindäki mätäç, goly ýuka maşgalalardan bolan çagalary dynç alşa ugratmak üçin ulanmaga hakynyň ýokdugyny aýdýarlar.

"Pul ýygnamak talaby Bilim ministrliginden gelýär"Biri-birinden habarsyz pedagoglaryň tassyklamagyna görä, pul ýygnamak we ol pullary degişli bank hasaplaryna geçirmek talaby ýurduň Bilim ministrliginden gelýär we onuň ýerine ýetirilmegi berk gözegçilik astynda saklanylýar.

Bu aýdylýanlary Aşgabatdaky mekdepleriň birinde işleýän tejribeli pedagog hem tassyk etdi. Onuň sözlerine görä, çagalar dynç alyş merkezleri her ýyl ýurtda dörän uly deňsizlige, goly ýuka maşgalalar bilen gurply adamlaryň çagalarynyň arasynda dörän uly tapawuda ‘ünsi çekýär’, emma bu meseläni gozgap, metbugatda çykyş etmek, çagalaryň ruhy saglygy barada maslahat etmek mümkinçiligi ýok.

“Adamlar bu barada diňe öz ynanýan adamlarynyň ýanynda gürrüň edýärler” diýip, ol ‘gorkmaly zamana bolandygyny’ hem sözüne goşdy.

“Gökderedäki (Çülidäki) dynç alyş merkezlerine Türkmenistandaky wezipeli we tanymal şahslaryň çagalaryndan başga adamlaryň çagalary goýberilmeýär. Üçarka barlagy sebäpli, maşgalasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilen maşgala agzalary bolan çagalar Gökdere beýlede dursun, Lebapdaky ýa-da Bereket etrabyndaky dynç alyş, sagaldyş merkezlerinde hem dynç alyp bilmeýär” diýip, Balkanabatdaky 1-nji mekdebiň mugallymy aýtdy.

Elbetde, redaksiýada onyň ady, familiýasy bar, ýöne Azatlyk pikirini aýdan hünärmenleriň howpsuzlyk aladalary zerarly, olary aýtmaýar.

Kagyz ýüzünde döredilen 'bagtly çagalyk'Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen magaryf işgärleri “kagyz ýüzünde okuwçylaryň tas ähli mekdepden Gökderä ýa-da Awazadaky çagalar dynç alyş merkezlerine iberilýändigini, galp sanaw düzülýändigini aýtdylar.

“Galp sanawda ady, familiýasy görkezilen çagalaryň köpüsi hakykatda tomus kanikulyny bazarlarda araba sürüp, ýa-da obalarda çopançylyk edip, gök, bakja ekinlerini ýetişdirmäge kömekleşip, gowaça meýdanlarynda otag otap geçirýär. Olar gazanç edip, maşgalalaryna pul getirmeli” diýip, özüni Jeren diýip tanadan pedagog aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, bu “tejribe” diňe çagalar babatynda ulanylmaýar.

“Bu hili tejribe, Awaza dynç almak üçin diýlip, býujet işgärlerinden her ýyl pul tutulanda hem ulanylýar. Hakykatda, hatda ýollanma berlen ýagdaýynda hem, ýönekeý býujet işgäri Awazada dynç alyp bilmeýär, bu oňa başartmaýar. Häzirki wagtda bahalar aşa gymmat, olar ýönekeý adamlaryň dynç almagyna ýol bermeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen býujet işgäri aýtdy.

Türkmen metbugaty çagalar dynç alyş merkezleri we dynç alýan çagalar barada her ýyl şol bir “owadan suratlary” güjeňleýär, ýöne adamlar hakykatda ýagdaýyň nähilidigini ‘gaty gowy bilýärler” diýip, ýerli synçy aýtdy.

Ýönekeý türkmeniň çagasy 'dynç alyp bilmeýär'Hasaplamalara görä, çagany dynç alyş merkezine ugratmak üçin berilýän ýollanmanyň bahasy 3 müň manada golaýlaýar. Ýöne bu diňe başlangyç bolup, dynç alyş merkezleri dynç aljak her çaganyň dürli reňkleri bolan 15 sany geýim-eşik satyn almagyny talap edýär. Olaryň bahasy 3,5 ,4 müň manada golaý bolýar.

Ýol kireýleri we dynç alyş merkezlerinde guralýan teatr oýunlary, konsertler, çäreler, ekskursiýalar üçin hem goşmaça, 500 manat çemesinde harajat çykarmaly; bir söz bilen aýdylanda, “ýönekeý türkmen çagasy bu ýerlerde dynç alyp bilmeýär” diýip, ýagdaýy gowy bilýän çeşme aýtdy.

Şol bir wagtda, emeldarlaryň çagalary dynç alyş merkezlerinde berýän naharlary iýmeýärler, olar nahar sargap, restoranlardan nahar getirdip iýýärler, sebäbi dynç alyş merkezlerinde bişirilýän naharlaryň “hili örän pes” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk ýerli habarçynyň iberen maglumatlaryna düşündiriş almak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine hat ýazdy, ýöne jogap alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net