ABŞ-nyň tehnologiýa dolandyryjylary Senatda tarapgöýlik şikaýatlary boýunça şaýatlyk edýärler
Prezidentlik saýlawlaryna bir hepdeden hem az wagt galan döwri, prezident Donald Tramp we beýleki Respublikançylar platformalaryň tarapgöýli çemeleşmek bilen birlikde, konserwatiw garaýyşlary basýandygyny aýdyp şikaýat etdiler.
Geçen hepde Facebook we Twitter New York Post neşirinde prezidentlige dalaşgär Demokrat Joe Baýden baradaky çap bolan barlanmadyk syýasy makalanyň ýaýradylmagyny çäklendirmeginden soňra, olaryň nägilelikleri hasam güýçlendi. Beýleki habar neşirleri tarapyndan tassyklanmadyk maglumatda, Jo Baýdeniň ogly Hanteriň ukrain energiýa kärhanasy Burismada işleýän döwri alyşandygy aýdylýan barlanmadyk emeýllere salgylar bar.
Tramp sosial ulgamlary bu makalany basmak synanyşygynda aýyplady.
Kompaniýalar tarapgöýlik aýyplamalaryny ret etdiler, şol bir wagtda mazmuny petiklemek ýa-da başga bir görnüşde çäklendirmek üçin nä derejede gatyşyp bilýändikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.