Ermenistan, Azerbaýjan Dagly-Garabag dawasynda Minsk topary bilen gepleşiklere isleg bildirýär
Alyýew 3-nji oktýabrda "Al Jazeera" TW-ne beren interwýusynda "Meniň pikirimçe, bu üç ýurt Dagly-Garabag konfliktini çözmek üçin bilelikde işlemeli, ýöne bitarap bolmak şerti bilen" diýdi.
Bu sözler Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň bir gün ozal eden beýanatynyň yz ýanyndan aýdyldy.
Ermenistanyň DIM-i 2-nji oktýabrda Minsk toparynyň Dagly-Garabag üstünde söweşýän güýçleriň arasyndaky duşmançylygy derrew bes etmek barada eden bilelikdäki çagyryşyny goldaýandygyny we ÝHHG üsti bilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Halkara liderleri bölünen sebit bolan Dagly-Garabag sebitinde turan söweşiň derrew bes edilmegini talap edýär.