ABŞ-nyň Kapitolynda hökmany maska düzgüni girizildi
Spiker Nensi Pelosi (Nancy Pelosi) agzalaryň ABŞ-nyň Wekiller öýüniň gatynda bolanda hökmany maska geýmelidigi barada buýruk çykardy.
Aradan birnäçe sagat geçensoň, Wekiller öýüniň seržanty we Kapitolyň baş lukmany maskalaryň, az sanly kadadan çykmalar bilen, Wekiller öýüniň ofis binalarynyň içinde hökmany geýilmelidigini aýtdylar. Bu mandat 30-njy iýulda irden sagat 8-de güýje girýär.
Pelosi maska geýmezligiň "çynlakaý düzgün bozmadygyny" aýdyp, agzalar maska geýmeseler, onda olaryň otagdan çykarylyp bilinjekdigini belledi. Ýöne olar gürlänlerinde maskalaryny wagtlaýyn aýyryp bilerler.
“Başlyk ähli agzalaryň we işgärleriň palatadaky hem-de töwerekdäki beýleki adamlaryň saglygyna, howpsuzlygyna we abadançylygyna hormat nyşany hökmünde bu talaby ýerine ýetirilmegine garaşýar" diýip, Pelosi aýtdy.
Pelosi bu barada, Kongresiň agzasy Louie Gohmert koronowirus barlagyndan geçendigini we onuň netijesiniň pozitiw bolandygyny aýdandan soň, 29-njy iýulda yglan etdi.