Merkel ABŞ-nyň Siriýadan howlukmaç çykmagyny sorag astyna alýar
![Merkel ABŞ-nyň Siriýadan howlukmaç çykmagyny sorag astyna alýar](https://gdb.rferl.org/9E32ECCC-C98D-452F-A610-5159FE3DF02E_cx0_cy1_cw0_w800_h450.jpg)
German kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň Siriýadan howlukmaç çykmagynyň Orsýetiň we Eýranyň Ýakyn gündogardaky rollaryny güýçlendirmek töwekgelligini döredýändigini duýdurýar.
Mekel 16-njy fewralda Mýunhendäki howpsuzlyk maslahatynda çykyş edip, ABŞ-nyň Siriýadan planlaşdyrylan çykyşynyň “gowy pikir” bolup-bolmandygyny sorag astyna aldy.
"Bu Orsýetiň we Eýranyň öz täsirlerini has güýçlendirmegine alyp gelmezmi?” diýip, ol sorady.
Şeýle-de Merkel ABŞ-nyň Owganystandaky güýçlerini wagtyndan öň çykarmak planlaryndan ätiýaçlylyk bildirdi, ýagny NATO-nyň bu ýurtdaky Aýgytly goldaw missiýasynyň ABŞ-nyň harby borçnamalaryna ygrarlylygyna garaşlydygyny aýtdy.
Mundan başga, german lideri Hytaýy hem halkara ýaragsyzlanmak prosesine goşulmaga çagyrdy.