Добавить новость
World News





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putine 'gaýtargy' bermegi türkmenistanlylar arasynda disskussiýa döretdi

1-nji aprelde Orsýetiň Prezidenti Wladimir Putin Kremlde Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen gepleşik geçirdi. Olar öz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary, Ýerewanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagyny we Ermenistanda geçiriljek parlament saýlawlary barada gürrüň etdiler. Gepleşikleriň metbugata gönükdirilen böleginde Ermenistanyň hökümet baştutanynyň Putiniň birnäçe mesele boýunça aýdan nägilelikli sözlerine "ýiti" jogap bermegi köpçüligiň ünsüni çekdi, türkmenistanlylaryň arasynda hem seslenme döretdi.

Nikol Paşinýanyň Wladimir Putin bilen gepleşiklerinde resmi wideo ýazgy mahalynda Putin Paşinýana dünýäde energiýa bahalarynyň ýokarlanýandygyny we Ermenistanyň olary Orsýetden ýeňillikli bahadan alýandygyny ýatlatdy. Şeýle-de, Putin Paşinýana Ermenistanyň ÝB-ne goşulmagynyň netijeleri barada duýdurdy we Moskwanyň Orsýete tarapdar syýasy güýçleriň saýlawlara gatnaşmagyny isleýändigini belledi.

Paşinýan bu sözlere jogap berip, Putine Ýerewanyň Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) babatyndaky nägileliklerini ýatlatdy we Russiýanyň prezidentine Ermenistanda demokratiýa we erkin internet barada gürrüň berdi.

"Içerki syýasy proseslerimize gelende, bilýärsiňizmi, Ermenistan demokratik ýurt. Bizde syýasy prosesler hemişe bolýar we bu biz üçin adaty bir zada öwrüldi" diýip, Paşinýan " bu biz üçin prinsip meselesi" diýdi.

"Mysal üçin, biziň sosial mediamyz 100% erkin. Hiç hili çäklendirme ýok... Umuman, açyk aýdylanda, bizde syýasy proseslere gatnaşanlaryň arasynda 'aşa uzak bolmadyk ýerlerde' (tussaglykda) saklanýanlar ýok... " diýip, Paşinýan parlament saýlawlarynyň golaýlap gelýändigini we Ermenistan Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, rus pasportly adamlaryň parlamente ýa-da premýer-ministrlige dalaşgär bolup bilmejegini belledi.

"Men siziň ünsüňizi diňe Ermenistan pasporty bolan raýatlaryň bu saýlawlara gatnaşyp biljekdigine çekmek isledim" diýip, Paşinýan Putine ýüzlendi.

Orsýetde soňky ýyllarda sosial ulgamlaryň birnäçesi petiklendi, ilatyň WhatsApp ýaly messenjerleri ulanmak mümkinçiligi çäklendirildi.

Gepleşikleriň dowamynda, Putiniň Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýurtlarynyň Daglyk Garabag konfliktine gatyşyp bilmändigini, sebäbi Ermenistanyň özüniň ony Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edýändigini aýtmagyna Paşinýan Ýerewanyň kömege bil baglamagyna garamazdan, "KHŞG mehanizmleriniň başa barmandygyny" aýtdy we Ermenistanyň tiz wagtda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy guramasyndan çykjakdygyny aýdyňlaşdyrdy.

"Ermenistan guramanyň işine ýönekeý bir sebäp bilen gatnaşmaýar: biz henizem halkymyza KHG-nyň näme üçin guramanyň borçlaryna görä, raaksiýa bildirmändigini düşündirip bilmeýäris" diýip, Paşinýan belledi.

Ermenistanyň guramadaky agzalygy häzirki wagtda doňduryldy.

Türkmenistanlylar pikir paýlaşýarHabar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda çap edilen bu maglumatlar barada türkmenistanlylaryň arasynda giňden pikir alşylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar ermeni premýer-ministriniň çykyşyny oňlaýandygyny mälim etdiler.

"Nikol Paşinýanyň Kreml hojaýynyna mert gaýtargyly we ýaňsylaýjy sözleri aýdyp, Putini oňaýsyz ýagdaýa goýan pursatlary giň goldawlara eýe boldy we Paşinýanyň bu çykyşy postsowet liderleriniň arasynda seýrek gabat gelýän mertlik boldy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Ýene bir söhbetdeşimiz harby ofiser Paşinýanyň çykyşyny "postsowet liderleriniň öwrülişik başlangyjy" atlandyrdy we bu "Merkezi aziýa döwletleriniň ýolbaşçylaryna uly sapak bolmaly" diýip sözüne goşdy.

"Paşinýan Putiniň pikirine garşylyk bildirmegi, Garabag meselesindäki açyk pozisiýasyny yglan edip, ilkinji hut rus emeldarlary tarapyndan Garabagy Azerbaýjana degişli diýip aýdan sözlerini ýatlatmagy Putiniň ýüzünde gara bulutlar döremegine sebäp boldy. Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň açyk netijesiz bolandygyny ýa-da Ermenistan üçin peýdasy bolmandygyny gönümel Putine ýatlatmagy bu Paşinýanyň liderdiginden habar berýär" diýip, harby ofiser aýtdy.

Aşgabatly mugallym Ermenistanyň Ýewraziýa guramasy babatynda beýan eden pozisiýasy bilen hem Putiniň pikirine garşy çykandygyny belledi we Paşinýanyň munuň bilen çäklenmän, Ermenistandaky saýlawlar barada aýdanlaryny özüniň makullaýandygyny aýtdy.

"Putine gowy söz bilen ýeriňi bil diýen manyda ýaňzytdy we Orsýetdäki häzirki internet petiklemeleriň fonunda Ermenistandaky söz we internet erkinligi hakda aýdyp, real ýagdaýda Putini we Orsýeti ýaňsylady" diýip, aşgabatly mugallym öz pikirini paýlaşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Kremlde geçiren duşuşygynyň ertesi 2-nji aprelde Orsýetiň wise-premýeri Alekseý Owerçuk TASS agentligine beren interwýusynda Russiýa bilen Ermenistanyň geçen ýyl özara söwdada "Ýerewanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagy baradaky gürrüňler sebäpli" 5,1 milliard dollar ýitirendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net