Добавить новость
World News





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Mal keselçiliginiň arasynda lebaply bazar söwdagärleri sanitariýa işgärleriniň talaplaryndan zeýrenýärler

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Gök” bazarynda söwda edýän telekeçiler sanitariýa-gigiýena gullugynyň işgärleriniň basyşynyň dowam edýändigini aýdýarlar. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, mart aýynyň soňundan bäri gözegçilik has-da güýçlenipdir.

Türkmenabadyň “Gök” bazarynda azyk önümlerini satýan telekeçiler sanitariýa işgärleriniň yzygiderli paç talap edýändigini, emma olaryň bu hereketleri üçin kanuny esas görkezmeýändigini belleýärler. Satyjylaryň sözlerine görä, barlagçylar dürli bahana bilen olaryň harytlaryny alyp gidýärler ýa-da pul talap edýär.

“Mart aýynyň ahyrynda bazara gelen barlagçy ‘iri şahly mallaryň arasynda ýokanç kesel ýaýraýar’ diýip, hiç hili resminama görkezmän 5 kilogram etimi alyp gitdi. Munuň üçin pul tölenmedi. Şeýle ýagdaýlar aprel aýynyň ilkinji günlerinde-de dowam etdi” diýip, adyny agzamazlygy soran et satyjysy gürrüň berdi.

Soňky hepdelerde Lebap welaýatynda iri şahly mallaryň arasynda keseliň ýaýrandygy we mallaryň haram ölmegine sebäp bolýandygyny ýerli çeşmeler habar beripdi.

Emma telekeçiler degişli döwlet edaralaryň käbir işgärleri keseli bahanalap, bu ýagdaýdan öz bähbidi üçin peýdalanmaga synanyşýarlar diýip, pikir edýärler.

“Bu, keseliň öňüni almak boýunça çäre bilen bagly däl. Olar diňe bazara gelip, adamlary gorkuzýarlar. Pul ýa-da haryt bermeseň, ertesi gün gelip, ‘sanitariýa talaplaryna laýyk däl’ diýip söwdaňy ýapdyrýarlar” diýip, süýt önümlerini satýan başga bir telekeçi aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri mart aýynyň soňky çarşenbesinde bazarda geçirilen nobatdaky “sanitariýa güni” diýip atlandyrylýan çäreleriň dowamynda hem söwdagärleriň köpüsine basyş edilendigini aýdýarlar. Resmi taýdan bu günler bazaryň arassalanmagy we barlaglaryň geçirilmegi üçin niýetlenen bolsa-da, satyjylar onuň diňe gorkuzmak we paç ýygnamak maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar.

“Et, ýag, süýt önümleri, ýumurtga ýa-da un ýaly önümleri satýanlaryň hemmesi diýen ýaly her aý [gözegçilere] azyndan 1 kilogram haryt ýa-da pul bermäge mejbur bolýar. Aprel aýynyň başynda bu talap has-da güýçlendi. Tölemeseň, söwda stoluňy ýapýarlar ýa-da harydyňy zaýalaýarlar” diýip, başga bir satyjy gürrüň berdi.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda “Gök” bazarynda iki dürli sanitariýa gurluşy hereket edýär — bazaryň öz içindäki gözegçilik bölümi we şäheriň resmi sanitariýa-gigiýena gullugy. Telekeçiler bu iki gurluşyň işgärleriniň biri-birinden garaşsyz ýagdaýda paç talap edýändigini aýdýarlar.

“Öň diňe bazaryň içindäki işgärlere biraz haryt berýärdik. Indi bolsa şäherden gelýänler hem aýratyn paç talap edýär. Mart aýynyň ahyryndan başlap, iki tarapa hem aýratynlykda bermeli bolduk. Bu ýagdaý biziň üçin has uly kynçylyk döredýär” diýip, et satýan telekeçi gürrüň berdi.

Maglumata görä pajyn möçberi her satyjy üçin dürli bolýar.

Satyjylar özleriniň ýokary instansiýalara ýüz tutmakdan gorkýandygyny gizlemeýärler. Olar şeýle ýagdaýlary aç-açan aýdýan adamlaryň soňundan dürli bahanalar bilen jogapkärçilige çekilýändigini belleýärler.

“Eger arz etseň, soňra gelip başga bahana tapýarlar — ýa ‘düzgüni bozduň’ diýýärler, ýa-da ‘döwlete garşy çykyş edýärsiň’ diýip basyş edýärler” diýip, ýerli howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Telekeçiler özlerinden yzly-yzyna mugtuna haryt alynmagynyň we resmi bolmadyk görnüşde paç talap edilmeginiň girdejileriniň azalmagyna sebäp bolmagyna we harytlaryň gymmatlamagyna alyp barýandygyny belleýärler.

"Bu azyk önümleriniň söwdasyny edýän kiçi telekeçileriň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bahalaryň ýokarlanmagy, ilatyň satyn alyş ukybynyň peselmegi we goşmaça bikanun tölegleriň artmagy olaryň işini has-da kynlaşdyrýar" diýip, lebaply telekeçiler aýdýar.

Azatlyk Radiosy "Gök bazaryň" administrasiýasyndan we Türkmenabadyň sanitariýa-gigiýena gullugyndan resmi teswir alyp bilmedi.

Sanitariýa-gigiýena kadalarynyň we gigiýena düzgünleriniň berjaý edilmegini barlamak wezipesini ýerine ýetirýän sebit edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine girýär. Saglyk ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon nomerlere jaň edilende jogap bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net