Türkmenistan, ABŞ hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-i 27-nji martda anyklaşdyrman habar berdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berlendigi bellenýär.