Polisiýanyň işjeňligi saklanýar, paýtagtlylar bilen bir hatarda, welaýatly arassaçylyk işgärleri nyşana alynýar
Olar şu günler diňe paýtagtlylaryň däl, eýsem welaýatlardan Aşgabada gelip, abadanlaşdyrmak işlerinde işleýän ýurt raýatlarynyň hem polisiýa tarapyndan nyşana alynýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň iki habarçysy 9-njy fewralda paýtagtdan maglumat berdi.
“Ýurtda köçe-ýol hereketiniň jerimeleri ýokarlanany bäri paýtagtyň köçelerinde Içeri işler ministrliginiň şahsy düzüminiň işgärleriniň sany örän köpeldi. Olary her ýerde görse bolýar. Olar indi diňe paýtagtlylary däl, köçe süpüriji zenanlara hem azar berip, olardan para almaga synanyşýarlar” diýip, paýtagtyň etrap häkimlikleriniň biriniň işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligindäki arassaçylyk işgärleriniň aglabasyny welaýat ýaşaýjylary emele getirýär.
Bu müdirlik döwlet edarasy bolsa-da, onda zähmet çekýän işgärleriň aglabasynyň işi doly resmileşdirilmeýär we olara Aşgabatda wagtlaýyn ýazgyda durmak üçin resmi şert döredilmeýär.
“Polisiýa işgärleri bu ýagdaýdan peýdalanyp, ‘ýazgyda durmazdan sizi kim işe kabul edýär’ diýip, olary gyssaýarlar. Arassaçylyk işgärleriniň köpüsi işini ýitirmejek bolup, polisiýa işgärlerine para berip, olardan dynjak bolýar” diýip, häkimlik işgäri belledi.
"Jynsy gatnaşyga mejbur etmek"Häkimlik işgäri we paýtagtlylaryň ençemesi polisiýanyň para berip bilmedik käbir arassaçylyk işgärlerini özleri bilen jynsy gatnaşykda bolmaga mejbur etmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem bardygyny aýdýar.
“Şeýle wakalaryň ençemesiniň bolandygy barada maglumat bar. Ýöne munuň raýatlary goramaly döwlet işgärleri tarapyndan amal edilmegi, ilaty çykgynsyz ýagdaýa salýar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şu günler Aşgabadyň köçelerinde PÝGG-niň işgärleriniň paýtagtyň ýaşaýjylaryna hem gözegçiligi ýokary bolmagynda galýar.
“Polisiýa işgärleriniň müňlerçesi paýtagtyň ilatynyň her bir ädimini berk gözegçilikde saklaýar. Islendik ýerde çilim çekip duran ýa-da elinde çilimini otlaman saklap duran raýatlary saklaýarlar we polisiýa bölümine äkidip, uly mukdarda jerime tölemeli edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýene bir ýaşaýjy aýtdy.
Mundan başga-da, nas atýan ýa-da ýanynda nas gaby bolan, içgilidigi güman edilen, egin-eşikleri hapa ýa-da hor-homsy halda bolan, sakgaly bolan ýaş ýa-da orta ýaşly erkek raýatlar hem dessine saklanyp, polisiýa bölümine alnyp gidilýär.
“Saçy ösgün bolan, gaty gürlän ýa-da gaty gülen raýatlar hem polisiýa äkidilip, jerime tölemäge mejbur edilýär. Şeýle-de, polisiýa işgärleri raýatlary özlerine gödek jogap berendigi ýa-da hiç hili jogap bermändigi’ bilen hem aýyplap bilýärler. Bu raýatlar polisiýa bölümlerine äkidilip, soraga çekilýär. Şeýle-de, olar jerime tölemeli edilip, üç güne çenli demir gözenegiň arkasynda saklanyp bilinýär. Häzir polisiýa işgärleri halka dürli sütemleri görkezmegini dowam etdirýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
"Olaryň aýlyklary 15-27 göterim aralygynda ýokarlandyryldy"Polisiýa işgärleriniň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda bu çäreleriň sebäbini özlerine tölenýän zähmet hakynyň azlygy bilen düşündirdi.
Şol bir wagtda, ýurduň Içeri işler ministrligine degişli edaralaryň birindäki çeşmämiz şu ýyl kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda MHM işgärleriniň aýlyklarynyň, degişli bölümlere laýyklykda, 15-27 göterim aralygynda ýokarlandyrylandygyny aýtdy.
“Bu gulluklardan başga ýekeje pudakda hem aýlyk ýokarlanmasy bolmady. Kanun goraýjy edaralar, güýç gulluklary, MHM awtokratiýanyň iň berk sütüni bolup hyzmat edýär. Hökümet adamlary gorkuda saklaýan bu güýç edaralaryna hemişe hemaýat edip gelýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa we Jemagat hojalygy müdirliklerinden telefon arkaly resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bellesek, Türkmenistanda aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak boýunça 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilen tejribe şu ýyldan başlap bes edildi. Häkimiýetler bu barada häzire çenli resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýär.
Bu aralykda, häkimiýetler dekabr aýyndan başlap köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdaryny 300%-e çenli ýokarlandyrdy.
Şeýle-de, ýurtda azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, dermanlaryň, çaga iýmitleriniň bahalary hem onlarça göterim gymmatlady. Şu aýyň başynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik awtobuslarynyň kireý nyrhlarynyň 200%-e çenli gymmatlandygyny habar berdi.
Aşgabatda PÝGG-niň işjeňliginiň artyp başlandygy barada habarçylarymyz ýanwar aýynda maglumat berdiler. Olar şonda köçe-ýol hereketindäki düzgün bozmalar üçin salynýan jerimeleriň ýokarlanmagy bilen, polisiýanyň ilata jerime ýazmagy bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigini aýtdylar. Paýtagtyň we onuň golaýynda ýerleşýän Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary jerimelerden halys ýadandyklaryny, munuň köp raýatyň özüni goragsyz duýmagyna we ulag sürmekden saklanmagyna getirýändigini gürrüň berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.