Добавить новость
World News





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


ÝOJ-lara girýänlerden saglyk resminamasyny Arkadagyň keselhanasyndan getirmek soralýar

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna bilim almak isleýänleri kabul etmek möwsümi dowam edýär. Azatlygyň habarçylary paýtagtda abiturientlerden edilýän talaplara geçen ýyldan tapawutlanýan täzesiniň goşulandygyna ünsi çekýärler. Hususan-da, ýaşlaryň tabşyrmaly dokumentleriniň arasyndaky saglyk resminamasy Arkadag şäherinden alynmaly diýilýär.

"ÝOJ-da 10-njy iýuldan bäri dowam edýän abiturientler üçin synag-kabul edişlik möwsüminde ýaşlardan orta mekdebi ýa-da ýörite orta mekdebi gutarandygy barada sertifikat we saglyk merkezinden tölegli esasda alynýan saglyk ýagdaýy barada kepilnama talap edilýär" diýip, aşgabatly çeşme bu saglyk resminamasynyň ýyllarboýy paýtagtyň studentler üçin niýetlenen ýörite saglyk merkezi tarapyndan berlendigini belledi.

Türkmen mediasynda çap bolan maglumatlara görä, hususan-da geçen ýyl medisina barlaglary üçin 15-nji iýul we 19-njy awgust aralygynda ýörite saglyk edaralaryna ýüz tutmalydygy habar berlip, Aşgabadyň dört sany saglyk öýi we Arkadag şäheriniň bir saglyk öýi görkezilipdi.

Geçen ýyl şeýle saglyk kepilnamalary ÝOJ-lar kabul eden bolsa, şu ýyl ýagdaýyň üýtgändigini çeşmeler aýdýarlar.

"Ýöne bu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmäge höwes bildirýän ýaşlara Aşgabatdaky studentler üçin niýetlenen saglyk merkezinde we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän saglyk öýünde tölegli barlagdan geçip, alnan saglyk kepilnamasynyň kabul edilýändigi aýdylýar, emma şol bir wagtda Arkadagyň saglyk öýünden alnan saglyk kepilnamasynyň okuw jaýy tarapyndan 'has öňlanjakdygy' aýdylyp, duýduryş berilýär" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Saglyk kepilnamasy paýtagtda we beýleki welaýat merkezlerinde ýörite bellenen saglyk edaralary tarapyndan berilýär. Her ýyl okuwa giriş möwsüminde gysga möhletli berilýän bu dokument almak üçin saglyk edaralarynyň öňünde ýaşlaryň uly nobatlary döreýär. Ozalky ýyllarda bu kagyzlary nobatsyz we hatda barlagsyz alyp bolýandygyny we munuň para görnüşinde berilýän pula durýandygy habar berilipdi.

Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatlylar tölegli saglyk kepilnamasyny almak üçin ýene-de goşmaça çykdajy edip, onlarça kilometr uzaklykdaky Arkadag şäherine gatnamakdan nägile bolýandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, saglyk kepilnamasyny üçin töleg ýigitler üçin 100 manada, gyzlar üçin 140 manada durýar. Emma uzakly gün nobatda durýan ýaşlar üçin suw, azyk we ýol çykdajylary goşmaça puly talap edýär.

"Müňlerçe abiturienti tölegli saglyk barlagyndan geçirip, bu töleglerden Arkadag şäheriniň saglyk öýüne girdeji bolar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň ÝOJ-nyň resmilerinden we Arkadag şäheriniň Berdinazar Hudaýnazarow köçesinde ýerleşýän saglyk öýünden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda Arkadag şäherine aýratyn üns berilýär. Milliardlarça dollarlyk çykdajy edilip, gurlan bu şäherde jaý satyn almak, bu ýerde ýerleşýän dürli edara-kärhanalara gatnamak ilatdan talap edilýär.

Soňky ýylyň dowamynda täze şäheriň has gymmat hyzmatlary teklip edýän hassahanalaryny näsaglar bilen üpjün etmek üçin Aşgabadyň we welaýatlaryň keselhanalary bu ýere köpçülikleýin näsaglary ugradyp başladylar.

Şeýle-de, Arkadagyň ýetimler öýi üçin welaýatlaryň ýetimler öýlerinde çagalaryň saýlanmagy bilen bagly ýagdaýlar mälim boldy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna gurlan Arkadag şäheri agyr ykdysady krizisiň dowamynda döredilip, 2023-nji ýylyň tomsunda ulanylyşa berildi.

Aşgabatdan 25 kilometr çeşmesi günbatarda ýerleşýän täze şäher 70 müň ilata niýetlenýär. Gurluşygyň umumy çykdajylary barada resmi maglumat elýeterli däl, ozalky ýyllarda döwlet gaznasyndan azyndan 5 milliard amerikan dollary möçberinde puluň çykarylandygy belli bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net