Almatynyň hostelinde bolan ýangynda 13 adam öldi
Almatynyň häkimi Erbolat Dosaýew ölenleriň arasynda ençeme daşary ýurtlynyň hem bardygyny mälim etdi. Almatynyň polisiýasynyň soňra takyklaşdyrmagyna görä, heläk bolanlaryň dokuzsy gazak raýaty, galan dördüsi-de daşary ýurduň, ýagny Russiýanyň iki we Özbegistanyň iki raýaty bolupdyrlar.
Halas ediş gulluklary ýangyn dörän wagty hosteliň içinde 72 adamyň, aglaba daşary ýurduň raýatlarynyň bolandygyny aýtdy we olaryň 59-ny ewakuasiýa etmek başardandygyny belledi.
Adam ölümleri kömürturşy gazlar bilen zäherlenmegiň netijesinde ýüze çykypdyr. Bu barada resmiler habar berdi we ýangynyň häzir doly aýdyň bolmadyk sebäplerini derňemek üçin ýörite komissiýanyň düzülendigini aýtdylar.
Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, mundan 1.5 aý töweregi ozal açylan hosteliň iş alyp barmak üçin degişli rugsatnamasy bolmandyr.
Hostelde ýangyna garşy duýduryş ulgamy bolsa-da, ol öçüp galypdyr.