Добавить новость
World News





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmen häkimiýetleri pagta möwsüminiň fonunda ‘körek ogrularyny’ yzlaýar

Türkmenistanda mejbury ynsan zähmetinden peýdalanylyp girişilen pagta möwsüminiň fonunda, ýurduň günbatar sebitlerinde häkimiýetler gowaça meýdanlaryndan 'ýitirim bolýan' körekleriň, açylmadyk gowaça gozalarynyň yzyny çalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.


Balkan welaýatynda häkimiýetleriň köreklere esewan işleriniň güýçlenmegi, sebit ýolbaşçylarynyň ýaňy-ýakynda gowaça meýdanlaryna sapar edip, ekin meýdanlarynyň golaýynda ganar gaplaryň içinde uly möçberlerde açylmadyk gowaça gozalaryny tapmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.


Geçen hepdäniň anna güni, 8-nji sentýabrda welaýat häkiminiň orunbasary we Gyzylarbat etrabynyň häkimi Azady geňeşliginde, Goç daýhan birleşiginde hem-de Zaw obasynda ýerleşýän gowaça meýdanlaryna duýdansyz sapar edipdirler. Saparyň dowamynda häkimlik resmileri bir telekeçiniň gowaça meýdanynyň golaýynda, ganar gaplarda saklanýan ýarym tonna töweregi açylmadyk gowaça gozalarynyň üstünden barypdyrlar.


Welaýat häkiminiň haýsy orunbasarynyň ýaňy-ýakynda Gyzylarbadyň gowaça meýdanlaryna sapar edendigi aýdyň däl, ýöne etraba şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Şöhrat Annamyradow ýolbaşçylyk edýär.




Gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlar we beýleki 'ýer eýeleri', şol sanda daýhan hojalyklary we telekeçiler açylmadyk köreklerden mal iými hökmünde peýdalanýan ekeni. Ýöne türkmen hökümeti her ýylyň ýygym möwsüminde 580 müň gektar meýdana ekilen “pagtanyň ýeke hanasyny hem isrip etmezlik” syýasatyny alyp barýar we tomsuň ahyrky günlerinden başlap, tä gyş aýlaryna çenli kärendeçi daýhanlary, meýletin ýygymçylary, galyberse-de döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerini ýygym işlerine çekýärler.


Sebit ýolbaşçylarynyň ganar gaplarda tapylan gowaça gozalarynyň üstüni açmagynyň yz ýany, ýerli polisiýa bölümleriniň işgärleri hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň ofiserleri gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçi daýhanlary we telekeçileri gözegçilik astyna alypdyrlar.


Habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, uly möçberlerde körek ogurlamakda güman edilýän ýerli telekeçiniň onlarça gektarlyk pagta we bugdaý meýdanlary elinden alnypdyr. Galyberse-de, ýerli kanun goraýjy edaralaryň geçiren barlaglary netijesinde telekeçiniň garažyndan ýene-de üç tonna töweregi açylmadyk gowaça gozalarynyň ele salnandygy habar berilýär. 40 gektara golaý gowaça we bugdaý meýdanlaryna eýeçilik ynanylan telekeçi 100 müň manat möçberinde jerime bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.


Azatlyk Radiosynda telekeçiniň at familiýasy bar, ýöne redaksiýa onuň şahsy maglumatlaryny agzamakdan saklanýar. Redaksiýa ýöňkelýän aýyplamalar boýunça telekeçiniň özünden teswir alyp bilmedi.


Galyberse-de, Azatlyk Radiosy Gyzylarbat etrabynda uly möçberlerde açylmadyk gowaça gozalarynyň ele salynmagy boýunça etrap häkimliginden, hem-de ýerli kanun goraýjy edaralardan hem kommentariýa alyp bilmedi.


Bu wakanyň yz ýany, ýerli häkimiýetler gowaça ösdürip ýetişdirýän başga hojalyklaryň hem mal ýataklarynda we garažlarynda barlag işlerini geçiripdirler. Polisiýa we MHM ofiserleri barlaglarda wideo kameralar bilen hojalyklaryň mal ýataklaryny we garažlaryny ýazgy edipdirler.




Efirde ady howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Rejep Taýmaz diýlip tutulýan balkanly bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde häkimiýetleriň güýçlendirýän barlaglaryny esasan “pagta hasylynyň pes bolmagy” bilen baglanyşdyrdy.


“Şu ýyl gowaçanyň hasylynyň pes bolmagy zerarly, häkimlik näme etjegini bilenok. Welaýat häkimi we orunbasarlary yzly-yzyna obalara sapar edýär, etrap häkimi tas her gün diýen ýaly obalara aýlanýar. Daýhanlar ekerançylyk suwlaryna, mineral dökünlere we oba hojalyk tehnikalaryna mätäç galanda, gowaça ideg işleri dowam edýän pursatlarynda, häkimlik resmilerini görmäge zar bolduk. Hasyl taýýar bolanda depämizden aýrylanok” diýip, oba hojalyk hünärmeni aýtdy.


Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygym möwsümine resmi taýdan 9-njy sentýabrda girişildi. Ýöne ýurduň dürli sebitlerinde häkimiýetler eýýäm awgustyň soňky hepdelerinde pagta ýygymyna badalga berdiler.


Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edýärler. Türkmen metbugaty pagtanyň ýygym işlerinde esasan kombaýnlardan peýdalanylýandygyny öňe sürýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net