Owganystan 4 aýda Türkmenistanyň 80 sisterna suwuk ýangyjyny yzyna gaýtardy
Iýul aýynda Owganystanyň getirilen önümiň hilinden nägile bolup, Türkmenistanyň suwuklandyrylan gaz ýüklerini iki gezek yzyna gaýtarandygy habar berildi. 10-njy iýulda 17 sany ýük maşynynyň, 16-njy iýulda bolsa ýene on töweregi sisternanyň yzyna gaýtarylandygy belli boldy.
Owganystanyň “Bakhtar” habar gullugynyň ýazmagyna görä, ýurduň milli standartlar edarasy, hili sebäpli, Eýrandan gelen sisternalaryň hem onlarçasyny yzyna gaýtardy.
Türkmen metbugaty, saklanyp galýan berk döwlet senzurasy sebäpli, daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan barada berilýän negatiw habarlary çap etmeýär.