Hili pes diýip, Owganystan Türkmenistanyň suwuklandyrylan gazyny yzyna iberdi
Owganystanyň standartlar baradaky milli müdiriýetiniň karary esasynda, 17 maşyn ýüki suwuklandyrlan gaz Turgundy gury portundan yzyna ugradyldy.
2022-nji ýylyň iýulynda, gaz nyrhlarynyň ýokarlanmagy sebäpli, Owganystan Türkmenistandan suwuklandyrylan gazyň “müň tonnasyny” import etmek barada şertnama baglaşdy diýip, habarda bellenýär.
Biraz öň metbugatda Türkmenistandan iberilen suwuklandyrylan gaz ýükleriniň ilkinji tapgyrynyň Pakistana gelip ýetendigi habar berildi.
Yslamabadyň Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz almak planlary 2022-nji ýylyň dekabrynda belli boldy.