Türkmenistan Russiýa bilen aradaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrýar
Hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 386 million ABŞ dollaryna barabar bolup, Russiýa Türkmenistanyň umumy söwda dolanyşygynda üçünji ýerde durýar.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň maglumatyna görä, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk sebitleriniň, şeýle-de Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda ýakyn gatnaşyk ýola goýuldy.
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4% ýokarlandy diýip, habarda bellenýär.