Aşgabat Deli, Almaty uçar gatnawlaryny dikelder
Hindistanyň paýtagtyna guraljak uçuşyň hepdede bir gezek, bazar günlerinde amala aşyryljakdygy aýdylýar.
Mundan başga, “Türkmenportalyň” maglumatyna görä, 28-nji martdan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy hem gaýtadan ýola goýlar.
Aşgabat -Almaty-Aşgabat ugry boýunça guraljak yzygiderli gatnawlar hepdäniň ikinji we üçünji günleri amala aşyrylar.