Ýewro – 2020 oýunlarynda paraşutly protestçiniň oýny başa barmady, tomaşaçylar ýaralandy
Paraşutçy stadionyň depesindäki simlere çolaşanda meýdança bölek-büçek zatlar gaçdy. Soňra ol ýere gondy. Howpsuzlyk işgärleri ony dessine meýdançadan çykardy.
UEFA bu hadysada ýaralanan “birnäçe adamyň” hassahanada bejergi alýandygyny aýtdy.
“Biperwaý we howply” hereket üçin “kanun goraýjy edaralar zerur çäreleri görýärler” diýip, UEFA belledi.
Greenpeace özüniň Twitter hasabynda guramanyň “asla kimdir birini ynjytmak ýa-da oýny bozmak niýetiniň bolmandygyny” aýtdy we “agyr ýaralanan ýokdur, hemmeler ýagşydyr” diýip, umyt etdi.
Greenpeace bu protest bilen nemes awtomobil öndürijisi Volkswagenden (VW) daşky gurşawa we howanyň üýtgemegine ýetirýän täsiri sebäpli dizel we ýangyç bilen işleýän ulaglary öndürmegi bes etmek barada edýän talaplaryna üns çekmek isledi.
VW bu hadysa boýunça beýanat çap etmedi ýöne 2025-nji ýyla çenli özüniň elektrik energiýasy bilen işleýän ulag öndürmekde dünýä lideri bolmagy maksat edinýändigini aýtdy.